Çilim has köp zyýanlymy ýa-da arak?
Türkmenistan çilimkeşlige, neşekeşlige garşy uly işler alyp barýar
Halk bolsa umuman alanymyzda bu ýagdaýy goldaýar.
Ýöne näme üçin alkagol babatda beýle ädimler ädilenok? Ýa-da arak çilim ýaly zyýanly dälmi? Bu soraglary özüne, daş töweregine soraýan adamlara köp duş gelýän.
Geliň, aragyň berýän zyýanlaryny hem sanap geçeliň. Soňyndan bolsa gadagançlyk bilen däl-de başga nähili ýol bilen bu zyýanlaryň öňüni alyp boljakdygy hakda pikir alyşalyň.
Saglyk taýdan berýän zyýanlary
Bütin Dünýä Saglyk Guramasynyň berýän hasabatyna görä her ýyl 2,5 milýon adam spirtli içgiler sebäpli aradan çykýar. Spirtli içgiler sebäpli ölümler esasan Russiýa we öňki SSSR-e degişli bolan döwletleriň (GDA döwletleri) çäginde has köp bolýar. Muňa garamazdan bu döwletleriň çäginde spirtli içgilere garşy çäreler geçirilmeýär diýip Bütin Dünýä Saglyk Guramasy öz hasabatynda belläp geçýär.
Hasabata görä spirtli içgileriň ulanylmagy 60-dan gowrak dürli keselleriň we heläkçilikleriň bolmagyna sebäp bolýar. Olaryň iň köp duş gelýänleri bagyr keselleri, zäherlenme, epilepsiýa, rak keseliniň dürli görnüşleri we serhoş sürüjiler sebäpli bolýan ulag heläkçilikleridir.
Alkagol adam bedeniniň wagtyndan tiz garramagyna, beýniniň işleýşine, ýatkeşlige zeper berýär. Böwregiň we bagryň zaýalanmagyna sebäp bolýar, beýin öýjüklerini öldürýär.
Adam saglygyna iň köp zyýan berýän spirtli içgiler bikanun ýol bilen ýasalan spirtli içgiler bolup durýar. Bu spirtli içgiler köp mukdarda dürli zäherli himiki maddalary, ýaglary, aseton, gliserin ýaly maddalary saklaýarlar.
Mundan başga hem öýünde bikanun arak ýasap satýan söwdägerler hem az däl. . Hatda adamlar ol söwdagäriň aragy öýünde öndürip satýanyny bilseler hem arzan görüp satyn alýarlar. Şeýtmek bilen öz saglygyny nä dereje howp astynda goýýanyndan habarsyz ýada saglygyna biperwaý bolup bilýärler.
Spirtli içgileri ulanýan adamlaryň daş-töwrege berýän zyýanlary
Çilimden tapawutlylykda spirtli içgiler adamyň käwagt özüni bilmejek derejede serhoş bolmagyna sebäp bolýar. Organizm aragy zäher hökmünde kabul edip, ony bedenden daşary zyňmaga, özüni goramaga çalyşýar we netijede adam gusýar, gaýtarýar. Käbir adamlar özleriniň arak içende gaýtarmaýandygy, güýçlidigi bilen öwünýär. Ýöne bu tersine doktorlaryň aýtmagyna görä has howply bolup, bu ýagdaýdan soňra aragy taşlamak has kyn bolýar.
Toýlarda, dabaralarda ýaşşikläp arak alyp goýmak hem Türkmenistanyň köp ýerlerinde bir däp ýaly bolup gelýär. Bu käwagt toýyň soňunda uruşlaryň bolmagyna getirýär. Serhoş adamlar bir birini urup, bir ýerini döwüp , käte bir birlerini pyçaklap bilýär.
Spirtli içgiler köp maşgalalaryň bozulmagyna, dargamagyna sebäp bolýar. Şol maşgalalardaky çagalaryň psihologiýasyna uly zyýan berýär.
Serhoş adamlar diňe ýol ulag heläkçiliklerine sebäp bolmak bilen, öz organizmine zyýan bermek bilen çäklenenok. Köp serhoş erkekler aýalyny urup, onuň hem içki organlarynyň urgydan zaýalanmagyna, kesellemegine sebäp bolýarlar.
Bu zatlaryň çözgüdi üçin ilki nämeler edip bolar?
Ilki bilen bikanun satylýan, zäherli hili pes spirtli içgileriň öňüni almaly. Arak öndürýän kärhanalaryň işine doly we adalatly gözgeçilik ýola goýulmaly.
Spirtli içgileriň doly gadagan edilmegi alkagola endik eden adamlaryň başga ýollary gözläp, samagon ýaly we beýleki saglyga has hem zyýanly içgiler içmegine sebäp bolar diýip BBC habar gullugy belläp geçýär.
Belki mediýa, TV we saglyk guramalary tarapyndan aragyň berýän zyýanlary hakda halka giňişleýin düşündirilse, ýaşlaryň alkagola baş goşmagynyň öňüni almak üçin dürli çäreler geçirilse has peýdaly bolup biler.

23комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.