Mark Terenti Warron

Mark Terenti Warro (Marcus Terentius Varro/m.ö.116-m.ö.27 ý.ý.) Rim akademigi we ýazyjysy.
Özünden has ýaş döwürdeşi Warro Atakin (Varro Atacinus) bilen çalşylmaz ýaly Warro Reatinus diýlibem atlandyrylypdyr.
Raeteniň (häzirki Rieti) golaý-göltumyndaky ýerde doguldy. Syýasy preator bolmakçy bolýan Pompeý Magnusyň tarapynda bolupdyr. M.ö.49-45-nji ýyllar aralygynda içki söweşlerde Ýuliý Sezara garşy Ilerda söweşinde Pompeýiň goşunyna serkerdelik edipdi.
Içki söweşleriň ýeňijisi Sezar bolanynda ol gaçyp gidýär. Ýöne ol bagyşlanypdyr. Sezar öleninden soň Mark Antoniýa tarapyndan döwlet duşmany yglan edilýär we mülküniň köp bölegini elinden alýarlar.
Soňra ol Awgustusyň hemaýatyna girmek üçin işläp başlaýar.
Rimiň gurluş taryhyny m.ö.754-m.ö.753-nji ýyllar diýip hasaplapdyr.
Eserleri:
De Linga Latina (Latyn dili ugrunda)
Warronyň Latyn diliniň üstünde işlän bu eseri, jemi 25 kitapdan ybarat eken. Ýöne onuň 5-nji we 10-njy kitaplary galypdyr.
Eser soňky derejelerdäki pelsepe kitaby bolsa-da sintaksis bilen baglanyşykly bölümler biziň döwrümize gelip ýetmändigi üçin diňe etimologiýa we morfologiýa hakyndaky bölümlerini bilýäris.
Ýazyjy 5-nji, 7-nji kitaplarda etimologiýa stiline aralaşýar. Bu kitaplarda latyn dilindäki etimologiýalaryndan we taryhy ýazgylardan gürrüň edýär. 8-nji, 10-njy kitaplarda bolsa Antik eýýamyň meşhur dil çekeleşigi bolan analogiýa (meňzeşme) - anomalia (aýyrt) çekeleşigini açyklap görkezýär.
8-nji we 9-njy kitaplarynda aýyrtgyçyň we meňzeşmäniň ýerbe-ýerini, 10-njy kitapda bolsa öz pikir garaýyşlaryny beýan edýär.
Res Rusticae (сельское хозяйство) atly Warronyň 80 ýaşyndaky ýazmaga başlan üç kitapdan ybarat eseri bolup, yzygiderlilikde ekerançylyk, ekinçilik we oba hojalyk, haýwançylyk ýaly ykdysadyýet ulgamyna degişli düşündirmeleri öz içine alýar.
Biziň döwrümize gelip bilmedik käbir eserleri bolsa şu aşakdakylardan ybaratdyr.

1) 150 kitapdan ybarat ''Menippean satiralary''
2) ''Adam we ylahyýetiň gadymy zatlary'' 41-nji kitap.
3) ''Logistorikon kitaby''
4) ''Hepdeler ýa-da suratlar''
5) ''Düzgün-nyzam 9-njy kitap''

Bular ýiten ýa-da zaýalanan kitaplar bolup iň azyndan biziň bilýänjelerimizdir. Ýiten kitaplarynyň içinde biziň bilmeýän kitaplarymyz hem bar diýlip çak edilýär.


Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy:
@Jeksparro
0 лайков 28 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.