Dürli ýurtlarda Täze ýylyň garşylanylyşy
Daniýada hojalykçy aýal gijäniň ýarynda baýramçylyk saçagyna şeker garylyp gaýnadylan, düýbünde maňyz gizlenen bir jam tüwini äberýär.
Maňyz kimiň bagtyndan çyksa, arçadaky bezegleriň iň gymmat bahalysy şoňa berilýär.
* * *
Belgiýanyň köp obalarynda Täze ýyl baýramy bilen gutlamaklygyň biziň günlerimize ýetip gelen üýtgeşik däbi bar:öý haýwanlary oňat öser, köpeler ýaly yrym edilýär. Ýagny olary ýüpek matalar bilen bezäp, eý görýän iýmitlerini hödürleýärler.
* * *
Ispaniýada Täze ýyl gijesi köçelerde haýatlar gurap, edil awda edilişi ýaly, gapanlar gurýarlar, güpbasdylar edýärler. Bu mahallar köçelerde her hili ýaramaz adamlar gezip ýörýärmişler, şonuň üçin olary Täze ýyla geçirmeli däl hasaplaýarlar.
* * *
Hytaýda köne ýylyň soňky güni, dükanlardan alynjak zatlar alnyp baýramçylyk iýmitleri taýýar bolansoň, öýden bagt çykyp gitmez ýaly, gapyny pugta ýapýarlar-da,gyzyl zolak kagyzlar ýelmeýärler. Öýe hiç kimi göýbermän, diňe öz maşgala agzasy bilen galýarlar. Kagyzlary ertir irden aýyrýarlar.
* * *
Gresiýada gije sagat 12-niň zaňyny uranda hojalykçy aýal daşary çykyp, nary diwara urup ýarýar. Gresiýalylar "Eger-de nar däneleri howla syçrap ýaýradan,onda täze ýylda maşgala bagtly bolýar, meýdanlar oňat ösüş berýär "diýip yrym edýärler.
* * *
Germaniýada bir enaýy däp bar.Täze ýylyň gelmegine birnäçe minut galanda, öý eýesi hem myhmanlar stullaryň üstüne çykýarlar. Sagat 12-niň zaňy urlan dessine köne şowsuzlyklary Täze ýyla geçirmezlik maksady bilen, böküp düşýärler.
* * *
Kanadada Täze ýyl gijesi öýke-kineli adamlar hökman ýaraşaýmaly. Edil şol mahal hem köçelerde, öýlerde ala-gykylyk etmeli, olar:"Gykylyklar geçen ýylky erbetlikleriň baryny aýyrýar "diýip hasaplaýarlar.
* * *
Wengriýada Täze ýyl agşamy şamlyk nahary, däbe görä, bal garylan sarymsak iýmekden başlanýar. Stoluň üstüne bal garylyp ýugrulyp, üstüne künji sepilip bişirilen çörek goýulýar.
* * *
Mongoliýada gadymy çarwa däbine görä, öý eýesi işige girilýän ýerde, ak keçäniň üstünde myhman garşylaýar. Myhmanlar öz gezeginde öý eýesine, köneden gelýän bagty alamatlandyrýan ak ýa-da mawy ýüpek hadak-ýaglyk berýärler. Öý eýesi jogap edip, içi demir pully, kemputly hadak berýär.
Demir pullary mongol halky bezeg üçin hem ulanýarlar.
* * *
Koreýada Täze ýyl garşylananda hiç kim ýatmaýar. "Eger-de Täze ýyl gijesi ýatsaň, gaşlaryň agarýar "diýen yrym bar.
Ýaşlar daň atýança gezýärler.
Taýýarlan
Güljan Bekiýewa.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.