UMUMAN…
Salam OKYJYLARYM!
Agşamyňyz haýyrly bolsun!
“Ýene senmi?”, “Bula ýene başlady” diýeniňizi duýýan. Gynansaňyzam ýene men.
Özüm-ä gijeleri halamok. Haçandan bäri diýseňiz, şu ýat ýurtda ýaşap başlan günümden bäri. Edil şu wagt maşgalaň bilen çaýlapjyk, telewizorda görkezilýän kinolara tomaşa edäýseň…
Arman, ol bagtam mende ýok bu wagt.
Garaz, men bir zada haýran galýan. Men sizden üýtgeşikdigime göz ýetirdim. Siziň aglaýan zadyňyza men aglap bilemok. Şol sanda siziň gülýän zadyňyza-da men gülüp bilemok. Içimden “Şu ýazgyň niresinde güler ýaly zat barka? Ýa gülmek şeýle aňsatda men gülüp bilemokmykam? Ony diýsem aglamaly meselede-de şeýle” diýýän.
Emma ulaldygyňça höwes edýän zatlaryň, gyzyklanýan zatlaryň azalýandygyna düşündim. Öňkiler ýaly sähel zatlar meni tolgundyranok. Okaýan goşgularymdan öňkiler ýaly lezzet alyp bilemok. Iýýän naharlarym barada aýtmaýyn. Soňky wagtlar naharam iýemok. Aç gezýänmi? Ýok, meňki şol köke-süýji.
Çagalygymy küýseýänmi?
Ýok.
Ulalanyma begenýänmi?
Ýok.
Şu wagta özüme näme sorasam jogaby “ÝOK” bolup dur.
Bu gün mende görülýän zatlar, kiçiligimdäki ruhuma ekilen zatlarmyka?
Käte özümi ýapraklary dökülen, şahalary döwülen agaç ýaly duýýan.
Käte bolsa, şu durmuşda menden bagtly adam ýokdur. Baram bolsa “Menden bagtlyň öýi ýykylsyn!” diýip gezýän) (çyna berimsiz söz)
Şu ýerde bir günüň dowamynda 4 pasyly başdan geçirýäs. Howasy üýtgäp dur. Şol howa görä menem üýtgäp durn. Howa sowuk wagty men ýyly, mähirli bolýan. Yssy wagty sowuk bolýan. Şondandyr şu günler duýgusyz sowuklygym. Şemally howada men asuda. Maýyl ýaz howasynyň ýagyşynda kalbymda harasat tupan turýar.
Maňa düşünmegiňiz üçin meň bilen köööööppp söhbetdeş bolmaly. Men özümi tanamagym üçin 25 ýyl gerek boldy. Entegem tanyşlygym doly gutaranok. Siz barada aýdyp oturmaýyn. Şeýle-de howa ýaly üýtgäp, şemal ýaly ondan oňa öwsüp duran adama kim düşüner? Sen kim düşünmek islär diýsene…
Düşünmeseler janlary sag bolsun. Düşündirjegem bolmaryn…
Gowsy boş gürlemäýin. Bir başlasam meni goýdurmak size başartmaz. Şoň üçin başlamankam jemläýin. (:

142комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.