UMUMAN…

Salam OKYJYLARYM!
Agşamyňyz haýyrly bolsun!
“Ýene senmi?”, “Bula ýene başlady” diýeniňizi duýýan. Gynansaňyzam ýene men.
Özüm-ä gijeleri halamok. Haçandan bäri diýseňiz, şu ýat ýurtda ýaşap başlan günümden bäri. Edil şu wagt maşgalaň bilen çaýlapjyk, telewizorda görkezilýän kinolara tomaşa edäýseň…
Arman, ol bagtam mende ýok bu wagt.

Garaz, men bir zada haýran galýan. Men sizden üýtgeşikdigime göz ýetirdim. Siziň aglaýan zadyňyza men aglap bilemok. Şol sanda siziň gülýän zadyňyza-da men gülüp bilemok. Içimden “Şu ýazgyň niresinde güler ýaly zat barka? Ýa gülmek şeýle aňsatda men gülüp bilemokmykam? Ony diýsem aglamaly meselede-de şeýle” diýýän.

Emma ulaldygyňça höwes edýän zatlaryň, gyzyklanýan zatlaryň azalýandygyna düşündim. Öňkiler ýaly sähel zatlar meni tolgundyranok. Okaýan goşgularymdan öňkiler ýaly lezzet alyp bilemok. Iýýän naharlarym barada aýtmaýyn. Soňky wagtlar naharam iýemok. Aç gezýänmi? Ýok, meňki şol köke-süýji.

Çagalygymy küýseýänmi?
Ýok.
Ulalanyma begenýänmi?
Ýok.

Şu wagta özüme näme sorasam jogaby “ÝOK” bolup dur.

Bu gün mende görülýän zatlar, kiçiligimdäki ruhuma ekilen zatlarmyka?
Käte özümi ýapraklary dökülen, şahalary döwülen agaç ýaly duýýan.
Käte bolsa, şu durmuşda menden bagtly adam ýokdur. Baram bolsa “Menden bagtlyň öýi ýykylsyn!” diýip gezýän) (çyna berimsiz söz)

Şu ýerde bir günüň dowamynda 4 pasyly başdan geçirýäs. Howasy üýtgäp dur. Şol howa görä menem üýtgäp durn. Howa sowuk wagty men ýyly, mähirli bolýan. Yssy wagty sowuk bolýan. Şondandyr şu günler duýgusyz sowuklygym. Şemally howada men asuda. Maýyl ýaz howasynyň ýagyşynda kalbymda harasat tupan turýar.
Maňa düşünmegiňiz üçin meň bilen köööööppp söhbetdeş bolmaly. Men özümi tanamagym üçin 25 ýyl gerek boldy. Entegem tanyşlygym doly gutaranok. Siz barada aýdyp oturmaýyn. Şeýle-de howa ýaly üýtgäp, şemal ýaly ondan oňa öwsüp duran adama kim düşüner? Sen kim düşünmek islär diýsene…
Düşünmeseler janlary sag bolsun. Düşündirjegem bolmaryn…

Gowsy boş gürlemäýin. Bir başlasam meni goýdurmak size başartmaz. Şoň üçin başlamankam jemläýin. (:
13 лайков 707 просмотров
142комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 30 июн 2022, 01:57
Granger
Nirvana
Granger,
Režisýor hanym Müsür-3 taýýarmy? Hi-hi

Siz mowzuk açyp ähli işgärleri güýmediňiz?
O seriýa pul ýatyrmadyňyz)
Ssenariýaçydan soramaly. Men-ä mydam taýýar)

Şola meňem aýlygymy berenok.
Harmony
30 июн 2022, 01:58
Nirvana
Granger
Nirvana
Granger
Men samramda gülkünç bolaniok. Gülselerem halamiok. ?

Gülkünç bolmasa gülýärlermi? :)

Hawa-la gyrandegen. "Anteniň her ýerden tutdurýa. Näme gepleýäniňe düşünemzok" diýýäler. Janygyp roman ýazamsoňam. ☹️


Tuman-yň “Nämeler diýdiň” diýişi ýalyda onda.
Biz bilenem paýlaşyň romanlaryňyzy. :)

Özem ýakynlarymyz şeý diýýä biziňä.
Her listi bir ýerde uçup ýör şolaryňam. Çöplemekde tormoz berýä. :))
Harmony
30 июн 2022, 01:59
Nirvana
reSsssS
şu ýat ýurtda ýaşap başlan günümden bäri — nirä gitdiniz

Mamamlara. Olar daşary ýurtda ýaşaýardy.

...?
Telwas
Автор 30 июн 2022, 02:01
Granger
Nirvana
Granger
Nirvana
Granger
Men samramda gülkünç bolaniok. Gülselerem halamiok. ?

Gülkünç bolmasa gülýärlermi? :)

Hawa-la gyrandegen. "Anteniň her ýerden tutdurýa. Näme gepleýäniňe düşünemzok" diýýäler. Janygyp roman ýazamsoňam. ☹️


Tuman-yň “Nämeler diýdiň” diýişi ýalyda onda.
Biz bilenem paýlaşyň romanlaryňyzy. :)

Özem ýakynlarymyz şeý diýýä biziňä.
Her listi bir ýerde uçup ýör şolaryňam. Çöplemekde tormoz berýä. :))


Ýalta ekeniňä işdeş, komnatdaş :)
reSSs..
30 июн 2022, 02:13
Nirvana,
dushnukli. Size goldaw, ynanya ynsan, yureginize dushunyan gerek
reSSs..
30 июн 2022, 02:14
*ynanyan
Ötegçi
30 июн 2022, 02:35
Ýatdyñyzmy?!.
Pukki
30 июн 2022, 03:18
Men mydamadam diyyan sana :) Sol diyyanlerimi bir soz bilen aytsam "Sen antinivana" Sollugynada butin omrune galarsyn :)) (gaharlanyp gaharyna bas gelip bilman banlajakmy:)?)
DonMaxx
30 июн 2022, 03:19
Gowy gunler onde

©DonMax filosof cilimkesh
Гость
30 июн 2022, 05:57
Granger
Гость
Bolýa gijäňiz rahat bolsun. Urşman oýnaň

Bu meň sözlerimdi. Awtorluk hukugyny talap edýän.

Sen bäbekkaňam aýdýadym o sözi
Harmony
30 июн 2022, 06:05
Гость
Granger
Гость
Bolýa gijäňiz rahat bolsun. Urşman oýnaň

Bu meň sözlerimdi. Awtorluk hukugyny talap edýän.

Sen bäbekkaňam aýdýadym o sözi

Men bäbekkäm siz ýok bolaýmasaňyz :)
Hiayress
30 июн 2022, 07:14
Granger
Boş gürlämoga)
Alfred Adleriň öňe süren nemesi ol. Türkmençä geçireňde birtüýsli söz bolýa-da. "Комплекс неполноценности" islendik adamda bar bu.


"Dolydällik kompleksi" hiç neneňem däl. :)
Hiayress
30 июн 2022, 07:17
Ra 4444
yo gep yaltalykda dalle
hazir ish edineyin terjime etsem ustunde discuss etjek adam yok okanam onarypsyn dp gecer men namame gerek sizin likenyz we gury sozlenniz esasy zat pikir alyshmak :) diyip hamala hil birzat yaly owinen bolayyn :)


Kapitalizm hakyndaky muwzugyňda pikir alyşmak isläpdim weli, döwtalap tapmadym. Umuman meň bilen pikir alyşmaga döwtalap gyt. :D
Aýsere
30 июн 2022, 08:29
Gyz görgülileriñ durmuşa çykýança göreni göreni.
Talyp döwrüñ dagy iñ gyzykly döwürä
Izma
30 июн 2022, 11:12
M-11.,
Çykandan soň görgi gutarýamyşmy
Tuman
30 июн 2022, 11:31
Nirvana,
Düşüner ýaly bolmady da nädeýin
ajy
30 июн 2022, 11:49
Edil beýdäýmersiñä..
Aýsere
30 июн 2022, 12:04
iKONic
M-11.,
Çykandan soň görgi gutarýamyşmy

Başlaýar
Telwas
Автор 30 июн 2022, 12:09
M-11.
Gyz görgülileriñ durmuşa çykýança göreni göreni.
Talyp döwrüñ dagy iñ gyzykly döwürä


Uýamjan ol döwürem tamamlandy indi.
Goklors
30 июн 2022, 17:29
"Salam OKYJYLARYM!"mowzugyň iň gowy jümlesi. Siz örän batyrgaý. :D
Mahremcynar
30 июн 2022, 22:05
Giç yagsy salam hemmelere.
isgender
27 окт 2023, 16:01
Giň bol bu günlerem geçer