Söýginiñ kenarynda

Islämokdym çagalykdan çykmagy,
Ömür boýy şol dünýäde galjakdym,
Emma ýigitleriñ ýiti bakyşy,
Elendirdi, parh goýmajak ýaljakdym.
Duýgularym jylawymdan çekeläp,
Alyp gidip barýar söýgi ummanna.
Aklym bedenime erk etjek bolýar,
Ýürejigim bolsa tapmaýar karar.
Men henizem haýran bolup otyryn,
Olañ bir bitewi süññe sygmanna.
Käte ýürek akly boýun egdirýär,
Käte-de tersine akyl ýüregi.
Käbäm eger kösenäýsem bir ýerde,
Dolandyrýan sizdiñiz-ä küregi.
Şu gezegem ýetişiñ meñ dadyma,
Saklabam bolonok tiz geçýän saly.
Hopugýan, hamala, şol körpäñizi,
Edil şu wagt alyp gitjekler ýaly.
Ýöne biliñ beren terbiýäñizi,
Size uly hormatynda ödärin.
Bu durmuş ýolumda sizden birugsat,
Hatda ýeke ädimi hem ätmerin.

Gülşat JORAÝEWA.
5 лайков 126 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#mink-panda
09 ноя 2021, 21:58
likee
Aýnur
09 ноя 2021, 23:40
Ine gosgy hakykat ine