Enemiň ýyldyzy\hekaýa
ENEMIŇ ÝYLDYZY
Ýagty jahanyň kalbymda goýan ilkinji ýatlamasy: enemiň gujagyndakam çyrlap, uly ilim bilen aglaýan pursadymdyr. Ýogsam şol wagt näme üçin aglaýanymam, teý, ýadyma düşenok. Ýöne diňer ýerde diňmedigimi welin bilýän. Enem höre- köşe etdigiçe, gaýtam, beter zörledýärdim. — Çüş! Hany diňle eneňi!
Men az salymlyk sesimi goýup, enemiň ýüzüne çiňerildim. Şonda şeýlebir ýakymly, owadan owaz eşitdim welin, gulagyma juda hoş ýakdy. Ol bilbiliň sesem, mylaýym öwüsýän güýz şemalam däldi. Ol enemiň hüwdüsidi.
Şeýdip men enemiň gujagynda meýmiräp, ir- kildim.
Meni çagalykdan enem ulaltdy. Köp kişi enemiň ýanynda maňa: «Seni eneň şu güne getirendir, ula- laňda gadyryny bilgin!» diýip, gulagyma guýýardy. Men enemiň dyzyna kellämi goýup, sessiz-üýnsüz olary synlap oturýardym. Içimden bolsa: «Dagy näme, muny aýtmaňyzda-da bilýän» diýýärdim. Şonda enem gülüp: «Men oňa çenli garaşyp bilme- rin» diýerdi.
Ýöne men enemiň azaplaryny eýýäm ýerine sa- lyp başladym. Enem arkasyna çykyp, depeläp ber- seň hoşal bolýardy. Puljagaz, sowgatjagaz... enemiň bulara hantamaçylygy ýokdy. Her gün agşam ene- miň arkasy, bili agyryp başlaýardy. Ol menden ar- kasyna çykyp bermegimi soraýardy. Men enemiň arkasynda atan-satan bolup ýöreýärdim hem öwgi baryny eşidýärdim: «Wah, aýajyklaryňa döneýin, janym hezil edäýýär»...
Enem arkasyny depeletmegi gowy görse-de, men bu pişäni halap baramokdym. Onuň arkasy meň üçin uludy. Bir gezek: «Ene, bes edäýinmi indi?» diýip soradym. «Ýene-de birki saparjyk geçäý». Menem uly ädimler bilen iki sapar geçdim. «Indi boldumy, ene?». «Bolýa, düşäý köşegim». Menem derrew ene- miň arkasyndan düşüp, köwşümi geýdim. Gitmän- käm: «Ene jan, ulalamda-da seň arkaňy basyp bere- rin» diýdim. Enem: «Ulalaňda arkama çykyp, meni mynjyradaýmasaň» diýip ýylgyrdy.
— Ene, sen näme üçin oňa çenli garaşyp bileňok? — Garry adamdyryn-da, sanalgym dolsa, gidibe-rerin-dä.
— Sanalgyň dolanda näme?
— Sanalgym dolandan soň, eneňi tapmarsyň. Men mundan artyk sorag bermedim. Ony garsa gujakladym. Bu hem goja dünýäň gögele beýnimde galdyran gorkunç ýatlamasydy.
Gyş paslynyň bir günüdi, öýlän oýanamda enemi görmedim. Penjireden seredip, «Ene» diýip gygyr- dym. Daşary durşuna ak gardy, ýalazy şemal öwüs- ýärdi. Kakam: «Eneň doganlarynyňka gitdi» diýdi. Men ynanmadym. Enem olara gidende hemişe ýa- ny bilen meni äkidýärdi. Men enemi küýsäp aglap başladym. Ejemem, kakamam, goňşularam tä enem agşam yzyna dolanýança meni köşeşdirip bilmedi- ler. Şeýle ýagdaýda meni köşeşdirmegiň ýekeje ýoly bardy. Ony bolsa enemden başga hiç kim bilenokdy. Şonda aglamda, enem maňa: «Eger akylly bolmasaň, eneň öler» diýip gorkuzýardy. Şonda men sesimi tapba kesýärdim.
Tomus günleriniň bir gijesidi. Asman patrak ki- min ýyldyzlardan ýaňa petir bezelen ýalydy. Enem maňa her gije ýatmazymdan öň erteki aýdyp ber- ýärdi. Onuň gürrüň berşi hem üýtgeşikdi. Ol: «Ýerde bir adam ölse, asmanda bir ýyldyz öçýär» diýmezdi. Gaýtam, iliň tersine: «Ýerde bir adam ölse, asmanda bir ýyldyz köpelýär» diýip tekrarlardy. — Nädip, ene jan?
— Adam ölse, ýyldyza öwrülýär. — Näme üçin ýyldyza öwrülýär? — Gije ýolagçy adamlaryň ýollaryny ýagtylandyr- mak üçin...
Biz howludaky sekiniň üstünde oturdyk. Howlymyz- daky al-elwan güller, bag-bakjalar göwnüňi göterýärdi. Enem ýelpewaç bilen meni çybynlardan goraýardy. Sal- kynjak şemal, arassa asman, çyragly ýyldyzlar, bularyň hemmesi henizem ýadymda.
Men şol wagt adamyň ölenden soň, nädip ýyldyza öwrülýänine düşünip baramokdym. Soňam nädip diri- leň ýoluna şöhle saçyp bilşine geň galýardym.
Enemiň bizi terk edenine eýýäm ençeme ýyl boldy. Onuň ulaldan agtygy enesini hiç haçan unutmaz. Men şu wagt hem onuň aýdyp berýän ertekilerini ýatlaýa- ryn. Olar hyýaly ertekilerdi. Tomus gelende, gijelerine asmandaky haýsy ýyldyz enemkä diýip gözleýärin. Indi enemiň şol hyýaly gürrüňlerine özümem ynanyp baş- ladym. Her bir dünýesini täzelän adam, diri adamlaryň ýoluny ýagtyldyp bilýändir. Belki, ýyldyz bolup ýagtyld- ýandyr, belki-de, şem bolup...
Enemiň aýaklary kiçijikdi. Ol mydama aýagyny il gözünden uzagrakda ýuwýardy. Emma menden gizlenip bilmeýärdi. Men onuň kölegesi ýalydym.
— Nämä öwelip dursuň? Bar, ejeňe kömekleş. Emma men gitmeýärdim. Enemiň aýak ýuwýan le- geniniň ýanyndan aýrylman, onuň aýagyna seredýär- dim. Hakykatdan hem, onuň aýaklary jonnukdy hem gelşiksizdi. Diňe barmaklary bilen ökjesi bar diýse- ňem boljakdy.
— Ene, aýagyňy elläp göräýin.
— Ýok, balam, elleseň agyrýar, go- wusy elleme.
Aýagyny elläp bilmeýänim üçin, elim bilen legeniň içindäki suwy oýnaýardym. Enem:
— Seň garagollugyň galjak däl-dä — diýerdi.
— Ene jan, ejemiňem garranda aýagy kiçelermikä? Bu soragyma enem güljeginem, aglajagynam bilme- di. Muny eşiden ejemem biygtyýar ýylgyrdy hem gelip meni enemiň ýanyndan alyp gitdi. Enem yzymdan hü- ňürdäp galdy: «Seň ejeň entek gowy döwre gabat geldi, siziň hemmäňizem şeýle...».
Agşam enemiň ýanynda ýatamda, men ýene-de şu hakda oýlandym. Bir jadygöý garry kempiri göz öňüne getirýärdim. («Garpamyk» ertekisindäki jadygöý aýal ýaly burunlak, gök ýüzli). Ol aýal hyýalymda uzyn, galyň mata bilen enemiň aýagyny saraýardy.
Birdenkä: «Seniň ejeň jadygöý kempir ahyryn» diýip goýberdim.
Enem: «Samsyjak, nämeler samyrdaýaň» — diýip, başymy sypady. Maňa düýşümde samraýandyr öýtdi.
— Onda näme üçin ejeň aýagyňy mata bilen daňyp goýupdyr?[1]
Enem gülüp, uludan demini aldy.
— Ejem maňa gowusy bolsun diýip etdi. — Ondanam bir gowulyk bormy...
Eger başga wagt şeý diýen bolsam, enem hökman gaharlanardy. Ýöne ol bu gezek hiç zat diýmedi.
Penjireden Aýyň şöhlesi düşýärdi hem erik agajy gö- rünýärdi. Köçedäki seslerem eşidilýärdi. Bu odur-bu- dur satýan jerçiniň sesidi. Şol pursat eneme seretdim, ol pikire batypdy. — Ene!
— How, çagam, entägem ýataňokmy? — diýip, enem maňa elini uzatdy.
Enem näme hakda pikir edýärkä?! Megerem, ýaşlygyny ýatlaýan bolsa gerek. Ol maňa öň uzyn- ja, çapadaňlap ýören aýagynyň bardygyny aýd- ýardy. Aý, aýaklar hiç-le, esasy zat enemiň elleri meň ellerimiň üstündedi. Şeýle bolsa myrlapjyk, rahatja uklaýan. Bu gün düýşem gördüm. Düý- şümde enem iki gulpagyny daraýarmyş. Ýüpbök- di oýnaýarmyş. Edil biziň goňşymyz Fen Sanyňky ýaly, enemiň hakyt iki gulpagy bardy. Özi bolsa ýasy dabanlydy.
Fen San örän owadan gyzdy. Ol ýüpbökdi oýnanda, men çete çekilip synlaýardym. Enem meni çagyranda- da, oýna gyzygyp barmaýardym. Has dogrusy, maňa Fen San ýaraýardy. Emma ol känbir maňa ýüz berip baranokdy. Diňe ýüpbökdi oýnajak bolanlarynda, ýü- pi saklap durar ýaly adam tapylmasa, şonda olaryň ýatlaryna düşýärdim. Men ýüpi saklap durmany gowy görýärdim. Hemişe menden başga ýüpi saklajak adam bolmaýbilsedir diýip arzuw edýärdim. Onuň gaşy çytykdy. Gülmäni halanokdy. Ýaňybir oýna gyzyşyp başlanda, ejesi oňa iş buýurýardy.
ni ýuw... — Bar, nahar bişir... bar, jigileň eşikleri-
Ol ejesiniň bir diýenini iki gaýtalatmaýardy. Ol çagy- ran badyna hiç hili gaýtargy bermän, sesini çykarman, ýüpüni, paty-putusyny ýygnap, öýlerine tarap ýelk ýa- sardy. Enemem hemişe ony öwýärdi. Ol öwülende-de gürlemänjik durýardy.
Fen Sanyň iň kiçi oglan jigisiniň ady Bazdy. Ol meň bilen ýaşytdaşdy. Olar jemi sekiz dogandy. Hemmesem basdaşja, aralarynda birki ýaş tapawut bardy.
Bazlaryň maşgala ýagdaýy öwerlik däldi. Göwün is- länlerini iýip-geýip bilenokdylar. Olaryň ejesi hemişe ýetirinip bilmeýändiginden derdinýärdi.
Başlangyç synp okuwçysykam, Baz bilen bir synpda okaýardym. Şu günki ýaly ýadymda, Baza täze ak köý- nek almaga onuň maşgalasynyň gurby çatanokdy. Şo- nuň üçin enem meniň geýmeýän iki jübüt ak köýnegimi Baza berdi. Baz muň üçin, baý, begenmek begenipd-ä. Baz şu wagtam öz doganlarynyň eşiklerini geýýär.
Bir gün irden entek okuwa gitmänkäk, enem Baz ikimize ýumurtga bilen çörek berdi. Bazyň ejesi bol- sa bize elýaglyk sowgat etdi. Ol ýaglyjaklary Bazyň ejesiniň özi tikipdi. Onuň ejesi gije-gündiz el işleri bilen meşgullanyp, maşgalasynyň güzeranyny aýla- maga çalyşýardy.
Enemem soň-soňlar el işlerine dümtünip başlady. Bazyň ejesi eneme bir tikinçi hem tapyp berdi.
Ol eneme: «Size el işlerini etmek nämä gerek? Ogluň, gelniň işleşip ýörler. Aýda ýüz ýuandan gowrak pul ga- zanýarlar. Siziň aýagyňyzy uzyn salyp ýatmaly döwrü- ňiz-ä» diýerdi.
— Men pul üçin edemok-la.
Enem, hakykatdan hem, pul üçin işlänokdy. Onuň başga sebäbi bardy...
Kiçi wagtym, ertirden agşama çenli men enemiň ýa- nyndan aýrylamokdym. Ejemiň iş ýeri uzakda bolany üçin, aýratynam gyş aýlary, ol öýe giç gelýärdi. Kakam öz otagynda kitapdyr gazet-žurnallara güýmenýär- di. Özem gazetleri şykyrdadyp okaýardy. Enem bolsa peçde ejem gelende iýer ýaly börek bişirýärdi. Men enemiň ýanynda garagolluk edip, oňa päsgel berýär- dim. Hamyrlary alyp peje ýelmeşdirýärdim. Hamyr gaçsa, men ony bişdigi hasaplaýardym. Üst-başymam una bulap çykýardym.
— Muň bolup oturyşyna serediň-ä, men saňa elleme diýdim-ä — diýip, enem meniň üstümi kakyşdyrdy. Ýe- ňimem ýokaryk çermäp berdi.
— Ene, ene, menem hamyr ýaýyp, börek bükäýin. — Ýok, çagam, sen oňarmarsyň, peçden gaçanlary- ňam, hana, iýilmän ýatyr. Saňa özüm büküpjik bereýin, soň ejeň gelende, sen bükdüň diýip aýdaýaryn. — Aý, ejeň ikiňiz gowy döwürde ýaşaýaňyz. Iýseňiz öňüňizde, iýmeseňiz alnyňyzda...
Enem hemişe şeýle diýýärdi. Ejeme gözigidijilik bilen seredýärdi. Ejemiň uly aýagynyň bardygyna, okuwlydy- gyna, işläp ýörenine daşyndan guwanýardy.
Bu gün ejem öýe myhmançylyga işdeşlerini alyp gel- di. Olar öz aralarynda işde, durmuşda bolýan wakalar hakynda gyzykly söhbet edýärdiler. Ýöne men olara dü- şünmeýärdim. Diňe olaryň gürrüňini diňläp, enemiň gujagynda ýatasym gelýärdi.
Men-ä enemem düşünip barýandyr öýdemok. Ýöne enem diňlemäni gowy görýärdi. Bir gyrajyk- da gelniniň boýdaşlarynyň gürrüňlerine gulagyny üşerdýärdi. Ejem dagy gülşende, nämä gülýänleri- ne düşünmese-de, enemem naýynjar ýylgyryşyny edýärdi.
Ejem birden eneme: «Myhmanlar ajygandyr» diýdi welin, enem ýüregi ýarylan ýaly howlugyp, aşhana ta- rap gitdi.
Ol gürrüňe gyzygyp, böregi ýatdan çykaran bolsa nätjek. Entegem wagtynda ýetişäýipdir. Ýogsam bö- regiň suwy gaýnap gutarjak eken. Myhmanlar gaýda- nyndan soňra enem: «Saçagy özüňiz ýygnaşdyraweriň. Men ýadaw» diýdi.
Ejem enemden ýerine geçmegini sorady. Emma enem arkasyny diwara söýäp, pikirler ummanyna çümdi. Birsalymdan enem ýene-de şol bir sözlerini gaýtalady:
— Siz gowy döwürde ýaşaýaňyz...
Ejemdir kakam eneme pitiwa etmediler. Emma men enemiň ýüreginden çykýan sözlere gulak gabartdym.
— Seret, ejeň nähili owadan, aýagam uly, okuwam okan, işdeşleri bilenem baryş-geliş edýär. A men bolsa bisowat, ýekeje uýam bar...
— Ene, biz bilýäs, siziň bir sowatly uýaňyz bar. Özem naharhanada owkatlanýar.
Men şeý diýdim welin, ejem-kakam bir gülmek güldüler.
— Haý, bezzat, ýumruk ýalylygyňdan gylyksyz boljak...
Näme üçindigini bilemzok, ýöne enemiň naharha- nada owkatlanýanlara gözi gidýärdi. Ol höwes edýän ýa-da göwni ýetýän kişileriniň öwgi paýyny ýetirende, hökman yzyndan «Naharhanada owkatlanýar» diýip, goşmagy hem unutmaýardy.
Bäş-alty ýyldan soň, biziň köçämizde hem naharha- na açdylar. Enem öýümizdäki gerekmejek okara-çem- çeleri şol naharhana mugt berip goýberdi.
Enem her gün irden ýarym-bir sagat öňünden na- harhana gidip, ertirlik berilýänçä irikgä bolup, garaşyp durýardy. Öýlän ejemdir kakam öýe gelmeýäni üçin, enem maňa okuwdan çykyp göni naharhana barma- gymy sargaýardy. Aşpeziň penjiresi açylan badyna, enem birinji bolup:
— Bir pomidor, bir şerbet, bir... emma...
Enem «bir» diýen sözi juda dogumly aýdýardy. Emma şonda-da, birhili, utanýan ýaly görünýärdi. Birhili, öwünýäne-de meňzemän duranokdy. Sebäbi ol beýleki adamlar ýaly naharhanada iýip-içýärdi. Işlemese-de, naharhanada garbanýanyna welin, müýni bar ýalydy.
Enem köpçülikleýin çärelere, üýşmeleňlere gatnaş- magy gowy görýärdi. Meni köplenç teatra äkidýärdi. Ol el işlerinden gazanan harçlygyna, başgalara-da teatra petek alyp berýärdi. Bazyň ejesini, öz aýal doganyny, başga-da goňşy aýallary, şeýle-de meni, ýagny öz «köle- gesini» hem çagyrýardy.
Teatryň meşhur sungat adamlarynam Mei Lan Faň, Jiaň Miao Sýan, Ýuan Şi Hai... dagynam biz şol ýerde ta- napdyk. Men oýun gidip otyrka ymyzganýardym. On bäş minut arakesme bolanda, dükançy gelip erik şerbedini satýardy. Menem eneme aldygyna suwsaýandygymy aýd- ýardym. Enemem maňa iki bulgur şerbet alyp berýärdi. Enem ýene-de hemişekiler ýaly igenip başlady:
— Men ýaş wagtym hiç hili teatr, hiç hili oýun ýokdy. Siz gowy döwürde ýaşaýaňyz...
Agşam enem ýene-de teatra gitmäge hyýallandy. Ir- gözinden eşiklerini çalşyp, stoluň başynda oýa batyp oturdy. Ejem meni çagyryp, eneme:
— Enesi, agtygyňyzam ýanyňyz bilen alyp gidäýiň. Gaýdyşyn geleniňizde ýoldaş bolardy-da — diýdi.
Şonda begenjimden uçaýjak boldum. Derrew Bazy gözlemäge gitdim. Ony ýanym bilen äkitjekdim. Enem, Baz hem men — üç bolup ýola düşdük. Enem teatrda oýun görmäge, biz bolsa oýnamaga barýardyk. Enem teatra girmezinden öňinçä, bize teatryň howlusynda akyllyja bolup oýnamagymyzy tabşyrdy. Gündizlerine uly synpyň okuwçylary tarapyndan eýelenýän çagalar üçin oýun meýdanynda, agşamara adam-gara ýokdy.
Enem Bazdan ýene bir gezek bu ýere gelmek üçin ejesinden rugsat alyp-almandygyny sorady. Bazam rug- sat alandygyny aýdyp, maňa seredip ýylgyrdy.
Aslynda, Baz bir ýere gitse, hijem ejesinden rugsat sorap durmaýardy. Ol gijäň ýaryna çenli oýnap, lüti çy- kansoň öýüne dolanýardy. Ejesi görgüliň oňa göz-gulak bolmaga wagty ýokdy. Bazyň şeýle erkana durmuşyna meň gözüm gidýärdi.
Biz ilki merduwanlara çykyp oýnadyk. Baz menden öňürti merduwanyň ýokarsyna çykmagy başardy. Biz her hili edip ýaryşyp gördük. Emma her gezegem Baz menden öňürdýärdi. Aý, näme, ol köçede ulalansoň do- gumlydy, basan ýerinden ot çykýardy. Özem ýyndamdy. Bedenem ers-mersjedi. Men Baz bilen aýlanmaga çy- kamda, ýenjilerin öýdüp howatyr edemokdym. Sebäbi Baz uruşmakda öňüne oglan geçirmeýärdi.
Emma erjel, dogumly bolsa-da, uýasy Fen San ýa- ly sapaklaryna ökde däldi. Men synpymyzda göreldeli okuwçylaryň biridim. Ýöne her gezek matematikadan ýaryş geçirilende, Baz menden gowy bahalar alýardy. Ýogsam ol ökde-de däl, öý işlerinem wagtynda ýerine ýetirenok. Başlangyç mekdebi gutaranymdan soňra, men adybelli orta mekdebe girmegi başardym. Baz bol- sa at-sorsuz bir orta mekdebiň okuwçysy boldy.
Şu wagt pikirlenip otursam, Baz menden zehinli eken. Enem meniň okuwyma gözegçilik edýärdi. Ejem-kakam öý işlerime kömek edýärdiler. Men şeýdip şol derejelere ýetdim. Emma Baza kim kömek edýär?
Baz agşamara öýde ejesiniň odur-budury-
na kömekleşýärdi ýa-da daşaryk oýnamaga gidýärdi. Fen San bolsa onuň uýasy däl ýalydy. Dymma gyzjagaz- dy. Boş wagtlary kitap okaýardy. Ejesi Fen Sanyň gijele- rine-de kitap okap, köp tok sarp edýänini halamaýardy. Şonuň üçin Fen San irgözinden näme etjek bolsa how- luda edýärdi. Soňra ol ýokary okuw jaýyna okuwa girdi.
Ol şol ýyllar gözüne äýnek dakynyp başlady. Äýnek oňa birgeňsi gelişýärdi. Ylym adamsyna meňzedýärdi. Men Bazyň şeýle uýasynyň bardygyna guwanýardym. Bazyň bolsa göwnübir ýalydy, gaýta hemişe uýasynyň dört gözi bilen oýun edýärdi. Fen San bolsa ol üstünden düşüp başlanda, diýýän sözlerini gulagynyň duşundan geçirip goýberýärdi.
«Du, dudu». Garaňky mazaly gatlyşypdy, emma şon- da-da çyrlaklar kändi. Men sesiň çykýan ýerini tapdym. Baz çöp bilen diwaryň deşigini gorjady weli, çyrlak zäh- resi ýarylan ýaly bolup, atylyp çykdy. Aýyň ýagtysyna çyrlak örän aýdyň görünýärdi. Baz ony eli bilen tuta- gada, ýagşyja synlady.
— Bol-da, ýene saýraý-da, diňläýin — diýip herreldi. Ses çykmajagyny aňansoň, ony goýberdi.
Biz ýene-de çyrlak gözledik. Ses ullakan daşyň aşa- gyndan gelýärdi. Golaý bardyk welin, çyrlak sesini go- ýaýdy. Baz gürleme diýip yşarat etdi. Biz çommalyp daşyň ýanynda ümsüm oturdyk. Çyrlak biz gidendir öýdüp, ýene-de saýrap başlady. «Du, dudu»... Baz güldi. — Bol, gorja-da.
— Ýaňky çöpümi zyňypdyryn. — Ine, bärde biri bar.
Daşyň aşagyny dörjäp başlady. Çyrlak daşyna çykdy. Baz jübüsinden kagyz çykaryp, guýguç ýasady hem ony içine saldy.
Aý-aýdyň gijedi. Teatryň uly howlusynyň içinde iki- mizden başga iňlär siňek ýokdy. Ýyldyzlar patrak ýa- lydy. Birdenkä enem güppe ýadyma düşdi. Baz çyrlak bilen başagaýdy.
Men teatryň binasynyň erňegine basyp, äpişgeden içerini synladym. Tomaşaçylaryň aglabasy enemiň deň- duşlarydy. Şonda enemiň iň soňky hatarda oturanyny gördüm. Ol iki elini dyzyna goýup, okuwçy ýaly akyllyja oturan eken. Eneme elimi galgatdym. Ol meni görmedi. Bar durky bilen oýnuň içine girip giden bolmaly. Şonda eneme gülkim tutdy. Enem eger okuw okan bolsa, köp zatlary biljegini, aýal doganynyň okap, gözýetiminiň gi- ňänini, şeýdibem işe duranyny gürrüň berýärdi.
Men hiç haçan enemi beýle uzakdan görmändim. Ol küýkerilip, elleremdyzlaryna ýelmeşen ýaly bolup otyrdy.
Tomaşa tamamlandy. Emma adamlar oturan ýerle- rinden butnanokdylar. Birdenem sahna resmi geýnüwli aýal çykyp, çykyş etmäge başlady. Ol:
— Siz öňki döwrüň barjamly mülkdarlary, der dök- män gazanç edýärdiňiz. Indi öňki döwür ýok. Şoň üçinem maňa gulak asyň! Siz ertirden başlap, öz-özüňizi terbiýelemeli bo- larsyňyz. Şeýdibem günäleriňizi ýuwarsyňyz.
Men gorkyma derrew penjireden aşak syryl- dym. Pikirler basmarlady. Enem mülkdarmy? Onuň öň mülki boldumyka?
Men enem bilen öýe geldim. Gelibem, ýerime geçip ýatdym. Enem meniň aýagymy ýuwup berdi. Soňam ba- şymy sypap, ertir börek bişirip berjekdigini aýtdy.
Irgözinden eli sebetli köke, maňyz, pisse, nohut üw- mejidir peýnir satýanlar köçeme-köçe aýlanýardy. No- hut üwmejini satýana köpräjik pul berseň, ony mataň içine salyp, köke şekilli edip berýärdi.
Maňa bolsa köke gerekdi. Köke iýmek üçin çabalanyp aglardym, garaçynym bilen öýkeleýärdim. Enemem ha- lys bolmajagyny bilip, arassaja mata tapyp, maňa özi no- hutdan köke ýasap berýärdi. Men onda-da sesimi goýa- mokdym. Enemiň ýasan kökesi bilen satyjyň kökesi deň gelenokdy. Enemiňki oňkyň ýanynda asla-ha kökä-de meňzänokdy. Enem maňa:
— Akylly bolmasaň, senem ulalaňda nohut satýançy bolarsyň. Seret, nohut satýançy daýa, olam başda sen ýaly garagol eken. Şoň üçin ulalanda nohut satýançy bo- lupdyr — diýerdi.
Bäh, enem meni köşeşdirmek üçin her hili zat oýlap tapýar-ow. Nohut satýançy daýyny garagol edip görkez- mek nireden kellesine geldikä. Şu wagt ýatlasam, enem jana gülkim tutýar.
— Garradym, gurbatym galmady. Bular ýaly gowy günde ýaşarynam öýdemokdym, siz tüýs wagtynda dog- lupsyňyz, meň bolsa ýene näçe günüm galany belli däl — diýip, enem köne heňine tutdurdy. Ýyldyzlar, ýyldyzlar, ýyldyzlar... Haýsy ýyldyz meň garabagyr enemkä? Men bilýän, enem şu täze döwri söýýär. Asmandaky ýyldyzlar bolsa, ölen adamlaryň ruhlary, olar diri adam- laryň ýollaryny ýagtyltmak üçin ýyldyza öwrüldiler...
Ejem az wagtlyk mekdebiň umumy ýaşaýyş jaýyn- da galmagymy sargady hemem elime 30 ýuan, 30 kilo azyk önümleriniň petegini berdi. Bular meniň iki aýy- ma ýetjekdi.
Şol gün agşam tigirlije mekdebiň umumy ýaşaýyş ja- ýyna tarap ugradym. Şonda ilkinji gezek jübim galňapdy. Ýolda mekdebe barýarkam howa birneme sowapdy. Eý- ýäm çigrekli güýz aýydy. Tigrim bilen ýerde ýaýrap ýa- tan sary ýapraklaryň üstünden geçemde, olar şygyrdap ses edýärdiler. Köçäň yşyklary köregsidi. Şonda enem bilen hoşlaşmagy unudandygym ýadyma düşdi. Häzir kellämde okuwdan başga zat ýokdy. Mekdebe çenli ýol uzakdy, ol ýola sary ýaprakdan haly düşelen ýalydy.
Bir gün ejem mekdebe meni görmäge geldi. Öýde enemiň ýokdugyny, medeniýet ynkylaby sebäpli oba, garry öýlerine gidendigini aýtdy.
Şol pursat üstümden gaýnan suw guýlan ýaly boldy. Men enemsiz näme işlärin. Enem şu wagt näme işleýär-
kä? Umumy ýaşaýyş jaýynda ýeke özümdim. Enemi gö- resim gelip agladym. Şonda çagakam adamlaryň: «Ene- siniň ulaldan agtygy, ulalanda enesiniň maňlaýyndan dirär» diýen sözleri biygtyýar ýadyma düşüp gitdi. Ene- mem: «Ol wagta çenli garaşyp bilmerin» diýýärdi.
Agaçlaň ýapragy dökülip gutardy. Asmandanam ýyldyzlar zym-zyýat boldy. Göýä diýersiň, dünýä üýt- gän ýaly.
Her bir adamyň ýaşlygynyň çynlakaý netijesi bolýar. Olam — duýdansyz ajy hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolma- ly pursady. Gyşaryp uklanyň bilen, ony aňymyzdan çyka- ryp bilmeýäris...
Şeýdip, üç ýyllap enemi görüp bilmedim. Bu üç ýylyň içinde kän gezek enemi ýatladym.
Enem üç ýyldan soň Pekine — öýümize dolanypdyr. 1972-nji ýylda menem Pekine gitdim. Ol wagt enem 70-i tegeläpdi. Saçlary çuw ak bolupdyr. Ejem bilen ka- kamam Ýün Nan welaýatyndaky mekdebe işe gitdiler. Diňe enem ikimiz gugaryp galdyk. Enem meň bilen gal- dy diýseňem bolýar.
Men eýýäm 20 ýaşadym. Durmuşyň ajysyny-süýjüsi- ni gördüm. Agy-garany saýgaryp başladym.
Pekine baranymda ýary gijedi. Gijäni otly menzilin- de geçirdim. Öýe baramda entäk Gün dogmandy. How- lyň gapysy açyk eken. Emma jaýymyzyň gapysyna gulp urlupdyr. Enem ir bilen nirä gürüm-jürüm bolduka? Howlymyzyň öňki durşy eken. Şol baglar, ýapraklaryny gurçuk deşim-deşim eden şol erik agajy.
Howlyny synlap durkam, goňşymyz Son daýyny gördüm.
— O-ho, geldiň-mäý, eneňem şu günler seni ýatlap ýördi.
— Salam, Son daýy. Hawa, gelip durşum. Enem ir bi- len nira gitdikä?
— Wiý, görmediňmi, ýaňy köçäni süpürip ýördi. Men howludan atylyp çykdym. Irdenki ümürde bir adamyň çala sudury saýgardýardy. Elinde-de ullakan sübse. Asyl, ol meň enem bolsa nätjek! Soň bilip gal- dym, enemiň säher bilen köçe süpürmeginiň sebäbi — ol häzir mülkdaryň keşbi bilen köçe süpürýär, gü- nälerini ýuwýar.
Men enemi görenimde agladym. Golundan tutup öýe getirdim. Köşeşdirdim.
— Baz ýadyňa düşýärmi? — diýip, enem sorady.
— Wah, şol ýadyma düşýär-dä. Eşidişime görä, ol ab- raýly bir kişimiş. Hemme ýerde şoň sözi ýöreýärmiş.
— Bazy medeniýet ynkylabynda oba işlemäge äkitmediler. Ol her gezek meni görende «ene» diýip ýüzlenýär.
Enem muňa monça bolýanynam aýtdy. Ol :
— Men Baza gowy bol, ýogsa geljekde ökünersiň diý- ýän. Näme-de bolsa, meni diňleýär, ýogsa Baz hiç kime gulak asanok-da.
— Ol fabrige işe girip bildimi?
— Ýok, ol meýletin oba işlemäge gitmänsoň, fabrige işe kabul etmediler. Onda-da ahyryn eýdip-beýdip işe girdi. Emma Baz işini halamady. Ýogsam ep-eslije töleýä- lerem welin, nätjek, ol kesir-dä. — Fen San näme işleýär? — Fen Sanmy? Welaýata işe ugradyldy. Eýýäm 30-y tegeläp gelýär. Entegem durmuşa çykanok. Öň halaş- ýan ýigidi bardy. Ýöne söweşde wepat bolupdyr. Şony ýatdan çykaryp bilenokmyş. Galan ömrüme müjerret ötjek diýýär. Ol oglanyň ölenine ençeme ýyl bolan bol- sa-da, Fen San hiç kime göwün berenok. Bulary maňa Baz gürrüň berdi.
— Ene, ene jan, gel gowusy, ikimiz börek bişireli-le — diýip, gürrüňi başga ýana sowdum. Durmuşyň hikmeti şeýlebir çylşyrymly welin, oňa dogry ýa-da ýalňyşam di- ýip bolanok. Iň gowusy, teswir bermezlik.
— Bolýa — diýip, enem begendi. — Men saňa häzir pul bereýin welin, sen dükana git-de, üwelen et getir.
Ejem Pekine gelmänkäm hat ýazyp, eneme gowy se- retmegimi, onuň gowy görýänje delje naharlaryny bi- şirip bermegimi sargapdy. Enem agyr, ýagly naharlary halanokdy. Jüýje çorbasy, şüle ýaly owkatlary iýäýmese, hemme naharlary iýip baranokdy.
Enemiň ömrüniň ahyrky ýyllary hysyrdyly geçdi. Gün dogmanka köçe süpürmäge gidýärdi. Gelip birki agyz ertirlik edinip, arçynlyga baryp terbiýeçilik sapagyny diňleýärdi. Ondan soňam eline pil berip, gorag çukuryny gazdyrýardylar.
— Seni bu ýaşda kim çukur gazdyrmaga dözýärkä? O nämäň çukury? Senden başga adam ýokmuşmy gaz- maga?
— Ýok, men edil çukuryň içine giremok. Ýöne içinden çykan gumlary gyra süýşürýän.
— Ene jan, bolmasa men seň ýeriňe gidäýin. Meň bir gün gazanym, seň on günki azabyňa deňdir. Men seň ýe- riňe bir gün işlemäge gideýin, soň sen on günläp dynç al.
— Ýok-la, aýdýanyň näme?! Olar maňa ynananlary üçin iberýärler. Kösemek niýetleri ýok-la.
Enem hijem işden basylmaýardy. Özüne buýrulan ýumşy kemini-köstüni goýman ýerine ýetirýärdi.
Ýöne eneme iň agyr degýän ýeri, oňa nobatçy bolma- ga rugsat bermeýärdiler. Şol ýyllar, gyş diýmän, tomus diýmän, Pekiniň ähli köçelerinde nobatçy goýýardylar. Nobatçylaryň aglabasy öň garalanyp görmedik garry aýallardyr erkeklerdi. Olar her köçäniň çatrygynda otur- gyçjykda oturyp, asudalyga, parahatçylyga gözegçilik ed- ýärdiler. Her nobatçy iki sagat şöwür çekýärdi. Enemem olary görüp, nobatçylyga höwes edýärdi. Emma enemiň öň mülkdar bolandygy sebäpli, oňa nobatçylyk etmäge rugsat bermeýärdiler.
Bir gün arçynlykdan enemiň ýanyna bir adam geldi. Gije sagat ondan on ikä çenli nobatçy bolmaga adam ýokdugyny, öň durýan nobatçyňam ýaramaýandygy üçin, şu gezeklikçe nobatçy durmagyny enemden haýyş etdi. Heý, enemem muňa ýok diýermi. Enemiň tüýs is- leýän zady-da. Onsoň enem güpbüsini geýip, güýçli ýel öwüsýändigine garamazdan, nobatçy bolmaga gitdi.
— Ene, eger päliýaman adam duşsa, sen näme, onuň hötdesinden gelip bilermiň?
— Olar maňa ynam bildirdiler. Me- nem bu ynamy ödemeli.
Garaz, güpbüsini geýip, pişegini, oturgyjyny, çyrasyny alyp nobatçy durmaga gitdi. Men enemiň nobatçy durýan ýerine baryp gör- düm. Enem özünden öňki nobatçy ýaşuly bilen gürleşip duran eken. Ýöne sagat entek on bolmandy. Köçede-de adam ýok. Ol ýaşuly öýlenen agtygynyň ýaşamaga jaýy- nyň ýokdugyndan zeýrenýärdi.
Kän wagt geçmänkä, enem yzyna geläýdi. — Hä, ene, näme boldy, beýle irläpsiň weli? — Ýene-de adam tapyldy nobatçy bolmaga. Enemiň ýüzi salykdy.
— Ene, ýadaw görünýäň-le, arkaňy owkalap berä- ýeýin.
Enem ýatalga geçip ýatdy. Menem enemiň arkasyny, bilini owkalap berdim.
Çagakam enemiň arkasyna çykyp berýänimi ýatla- nymda, onuň arkasy juda uly diýip pikir edýärdim. Em- ma bu gün bolsa enemiň bili dag eňňidine, arkasy bol- sa dag gaýasyna meňzeýärdi. Bili aşak çöküpdir, arkasy hökgeripdir. Men enemiň gözýaşlaryny süpürip oturan- dygyny gördüm.
— Ene jan, aglamasana. Gözýaş eder ýaly zat ýog-a... — Men adamlara näme ýamanlyk etdimkäm, beýle ýigrenýäler weli...
Howludaky agajyň ýapragy dökülipdi. Şahalar ýele yrgyldaýardy. Asmandaky ýyldyzlaram juda köpdi. Olar ummasyz asman giňişliginden bize seredýärdiler.
Şol gije enem 73 ýaşyndady. Şol gijeden soňra enem bir gezegem oýanmady. Men ýanyna baranymda, onuň bedeni sowap gidipdir. Beýnä gan inmesi sebäpli aradan çykan bolaýmasa.
Men enemiň aýagyna köwşüni geýdirenimde agla- dym. Onuň kiçijik aýaklary — diňe barmaklary hem ök- jesi bardy. Ol aýaklar nije menzil sökdükä?! Ol aýaklar öň bökjekläp, kän oýnandyrlar. Bu gün bolsa olar ýoluň soňuna ýetdiler. Belki, ol häzir hem ýyldyza öwrülip, as- manda oýnap ýörendir...
—————
[1] Gadym döwürlerde gyzjagazlaryň aýagyny mata bilen sarap, ulalmaz ýaly edipdirler. Gyzyň aýagy näçe kiçi bolsa, şonça-da owadan hasap edilipdir.
Şy TIE ŞEŇ, hytaý ýazyjysy 1983-nji ýyl.
Hytaý dilinden terjime eden: Sähetmyrat BEGENJOW
#" Dünýä edebiýaty" žurnalyndan alyndy

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.