******

***
Bu men!
Ak gyşda azaşyp,
Baharyň kalbyndan dömen!
Ýollar ýadadyp azajyk,
Ýene gaýdyp gelen...
Bu men!

Gidişim gidiş bolupdyr,
Yzyma garamandyryn.
Ýene seni gözläp geldim
Goýnuna gara baglaryň.

Ýeke söz ykbal çözýärkä,
Bolma beýle biagyry!
Dymma-da,
ýalandan-çyndan
Bir zat, bir zat diý ahyry!

Ömrümiz goş ýazdyrypdyr
Tez jereniň şahlarynda!
Aýdylmadyk söz
has agyr,
diýlen sözüň ahmyryndan!

Sözüme şübhe ýetişse,
Gözüme dolan ýaşa bak!
Söýgüden dörän ynsana
Haýypdyr söýmän ýaşamak!

Wagtyndan gijigen dürüň
Arzysy arzan bolarmyş.
Bir pursat säginen sözüň
Soň ömre arman bolarmyş.

Guş deý ganat kakýan kalbyň
eşdilýär gursakda sesi.
Neçüýndir, çyr-çytyr bolup
Lebleriň syr saklamasy?!

Ýaý deý ýaýylsyn gaşlaryň,
Gussa çekme, goý ahyňy...
Gözlerime göni garap,
Hany, bir zat diý ahyry!

Kakamyrat REJEBOW.
2 лайков 172 просмотров
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ejegyz.
24 янв 2022, 13:05
.... brawo
Liwerpul_fc
24 янв 2022, 13:11
Aýdylmadyk söz
has agyr,
diýlen sözüň ahmyryndan

-hakyky şul
Aýnur
24 янв 2022, 13:42
Guş deý ganat kakýan kalbyň
eşdilýär gursakda sesi.

??hakyky
ýüreksözi
24 янв 2022, 14:31
gaty owadan goşgy sözüm ýok al mendenem bir like
Gultac
24 янв 2022, 15:57
Kakamyrat okap yorka Nesil gazetinin redaktory bolupdy
Gultac
24 янв 2022, 15:57
Yay dey gassy yaya menzedipdir
Hiayres
24 янв 2022, 16:51
Okap bilemogow şu şahyryň goşgylaryny... Diňe söze kowalaşýar.
Belki
Автор 24 янв 2022, 18:02
Diñe söze kowalaşýar?!
Çuñ pikre diýjek bolduñyz öýdýän.
Gultac
24 янв 2022, 18:28
Sozde jemlenya hemme zat
Gultac
24 янв 2022, 18:29
Gorguli ile menzes nikinem yok
Hiayres
24 янв 2022, 20:04
Belki,
Aý ýok, türkmençe ýazdym.
Belki
Автор 24 янв 2022, 20:28
Hiayres,söze kowalaşýar diýen pikriñizi giñişleýin açyp görkezäýiñ.