Garagujuk—4

Bir instagram akyldary "Maldiw addalaryna dynç almana gitmäne ýaltanmaň" diydi. Hawa blýat, meni şol ýere gitmekden ýaltalyk saklap durdy.

Şu wagt garry atamyň aýdanlary ýadyma düşdi: Siziň üçin men 41-45-de uruşmadym. Siz ol wagt ýokdyňyz. Siz bolan bolsaňyz göni nemeslere plene düşerdim meýletin. Sebäbi siziň ähliňiz dalbaýob!

- Eje, men aşyk boldum.
- Ol gyzyň ady näme? Kimlerden bolýar? Nahar taýýarlap bilýärmi? Nirede okaýar? Näme üçin öň aýtmadyň?
---------
- Kaka, men aşyk boldum.
- Gyzmy?
- Gyz.
- Onda norm.

Podýezimde dom prawlenýanyň ýazan bildirişi:
Hormatly ýaşaýjylar! Ertir sagat 8:00-dan 20:00-a çenli sizde gap-gaç, kir ýuwmazlyk üçin ajaýyp pursat bolar. Minnetdarlyk hökman däl.

Äri aýalynyň iňňirdilerinden şeýle bir irdi welin, dükan talapdyr. "Aýalymdan türmede dynç alaryn" diýip. Sud bolsa 3 ýyl domaşniý arest beripdir.

Gelinler! Eger-de äriňiz size şagyza seredýän ýaly seredýän bolsa, hormat goýýan bolsa, onda siz oňa terbiye beren şazenana baş egmelisiniz.

Merjen menden "näme üçin öýde pysyrdap" gürleýäň diýdi. Menem "meni Mark Zukerberg, Sergey Brin, Tim Kuk dagylar dinleýär" diýdim. Merjen güldi. Menem güldüm. Alexa-da güldi... Google assistant hem güldi... Siri-de güldi...

@gara_gujuk
8 лайков 245 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
12 апр 2022, 23:14
Ilkinji like menden.
Hawa blýat, meni ýaltalyk saklap durdy diýýämi birinji???
S.Gürgençli
Автор 12 апр 2022, 23:22
Ahmedik_97,
Minnetdar
Гость
12 апр 2022, 23:40
Al mendenem ikinji

Siz şol birwagtky Gurgençlimi?
S.Gürgençli
Автор 13 апр 2022, 00:30
Гость,
Howwa, taryha syňyp barýardym, gaýtadan oýandym.
DIRELIŞ @GÜRGENÇLI, ikinji sezon:D
Гость
13 апр 2022, 00:38
Gurgencli,
Oýan bratok,tirsegňe gal! Ýaşlaň arasyna garrylar gerek :)
S.Gürgençli
Автор 13 апр 2022, 01:10
Гость,
:D entek 24 ýaşymdadyryn öýdüp ýördüm, 60-70 ýyl dagyn uklaýypdyryn öýdýän:D
S.Gürgençli
Автор 13 апр 2022, 01:12
Garagujuge hem arakesme bermeli öýdýän, bu gün kän okalanok. "Şekeriň hem azy ýagşy" diýişleri ýaly boldy:)
Гость
13 апр 2022, 01:29
Gurgencli,
Aý how sen irkilerden dälmiň,ýa ýene bir @Gürgençli barmy?!
Mümkin
13 апр 2022, 01:32
Dom prawleniýanyñ bildirişine düşmedim.
S.Gürgençli
Автор 13 апр 2022, 01:35
Гость,
Irkimi täzemi bilemok 14-den bäri ertir.komdan başlap forum saýtlarda, edebi saýtlarda menem bar.
Emma @Ürgençli nikli ýene-de bir agza bardy.
S.Gürgençli
Автор 13 апр 2022, 01:37
Гость,
Bu saýtda öňki agzalaryň ýyganyndan habarsyz galypdyryn bolmasa öňräk gelerdim. Birki sany forum saýta bardym dediski sat eken:D
S.Gürgençli
Автор 13 апр 2022, 01:43
Mümkin,
Suw kesiler diýip duýdurmagyň medeniýetli görnüşi.
Soho
13 апр 2022, 01:44
bravo :D
My life
13 апр 2022, 04:43
Guldurdi, gyzykly eken)))