ÝATLA!

Söýgime hiç zady delil tutmaryn,
Dahylym ýok saýramagna guşlaryň.
Telefonňa ýollan gysga gutlagym
harpma-harp, sanma-san durandyr ýatda,
Oka-da, ýatla!

Bu jahandan başga bähbit idemen,
Şatlyk tapdym bakyşyndan dideleň.
Öňküsinden süýjän bolsa gijeleň,
Ýüpek ýassygyňa saçlaryň ýaý-da,
Sen meni ýatla!

Guş-gumrusy uklan çagy baglygyň
Duýdum dünýäň ýalňyzlykda darlygyn.
Doglan günüň sowgat beren ýaglygym
öňünden eltilen atgulak saý-da,
Ählisin ýatla!

Köp isledik hasyl berjek güýzi biz,
Joşup gelen bahar bilýär müýnümiz.
Barça ýerden daş hem bolsa düýnümiz,
Dodagym howurda, ýüregim o:tda,
Şoň üçin ýatla!

Gowşurmaga kenarynda Murgabyň
Çemen bogdum güllerinden bir bagyň.
Öz nebsimi etdim seniň gurbanyň,
Senem şu ýyl meniň gapymdan ät-de,
Ýazan goşgularmy, eden jaňlarmy
Bir-birden ýatla!


Seýitmyrat GELDIÝEW
5 лайков 295 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
Автор 15 апр 2022, 10:49
SEN NIREDE?!

“Abonentiň telefony öçürilendir...”

Sen nirede,
şu hal dara-direde
Şeýle bir sesiňi eşdesim gelýär.
Sen bolsa arzymyň ýeterinden daş.
Aşyk bolan ömrüň eşretin bilýär,
Diňläsim gelýär seň saz ýaly sesiň,
Dem alşyňy, aýnaýşyňy, gülkiňi.
Sen bolsa ret edip, yşkym tütedip,
Meň aşyk pälimi, şahyr küýümi
Bitaý kapyýa deý özüme goýýaň.
Ah, şol telefonňam ebedi öçük.
Men bolsa bir seniň sesiň küýseýän,
Bar zatlaň, ýok zatlaň baryndan geçip.

Aýlanyp-aýlanyp özüme gelýär
Gulaga öwrülip diňleýän jaňlam.
“Abonentiň telefony öçürlen..”
Wah, şu wagt ýüregmi şu jaňa daňsam,
Telefonňy açyp goýar el bile.
Diňe saňa duşup ejizledim men,
Sözüm ýele berdim, ömrüm ýelgine.

Bir ädim ýanymda dem alan günleň,
Düýşüňe girýänim gürrüň bereňde,
Günler zybrym mensiz duşuňdan geçip,
Mahal-mahal “SMS”-lem göreňde...
Bir gün eşiklerim eýesiz galyp,
Senem özüň ýetim ýaly duýmasaň,
Isleýşimçe söýen dälsiň, ezizim,
Eden jaňlaryma hormat goýmasaň!

Aýtmadyk sözleriň ýürege sygman,
Soňky deme çenlem ýetmän takadyň,
Agy bolup bokurdagňa direse,
Pyşyrdylaň barar maňa jaň bolup:
“Sen nirede, sen nirede, nirede?!.”


Seýitmyrat GELDIÝEW
Maksat
15 апр 2022, 11:33
Hm bäh... Gowy goşgy
arsi
15 апр 2022, 12:45
gowy goshgy

Elif sizinkem
Mümkin
15 апр 2022, 13:10
Ýaş,owadan suratyny tapypsyñ.
My life
15 апр 2022, 15:41
Gowy goshgular.
Pegas
Автор 15 апр 2022, 20:12
Elif, minnetdar.