GÜNDELIKDÄKI ÝAZGYLARDAN

(Ýazyjy-şahyrlaryň gürrüň bermeginde ýazylyp alnan, şeýle-de käbir galamdaşlarymyň ýatda galan sözleri)

Bir gezek iş otagynda otyrkak okyjylaryň biri gapydan girdi-de, Myratgeldi Berdiýewe ýüzlendi:
— Agam, bu günler gazetde görneňok-la...
— Aý, inim, biraz semräpdirin. Gazete sygamok indi...

* * *

Talyp ýaşlaryň biri:
— Menem iller ýaly bir ylmy iş ýazjak bolýan welin, görüp otursam, ähli zatlar oýlanyp tapylypdyr. Men näme açyş etjegimi bilemok — diýende ony diňläp duran şahyr Seýitmyrat Geldiýew durup bilmedi:
— Bolmasa, inim, öňki açylan zatlary ýapyşdyryp çykaýsana...

* * *

Şahyr Kakamyrat Rejebow «Nesil» gazetiniň redaktory bolup işlän döwründe men gazetiň ýörite çagalar üçin «Nowça» sahypasyny taýýarlaýardym. Bir gezegem sahypa üçin materiallar azlyk etdimi ýa aýryldymy, bilemok, sahypaň şapbat ýaly ýeri boş galdy. Şonda Kakamyrat maňa ýüzlenip:
— Sahypaň boş ýerine bir zatlar tapsana — diýdi.
Men ýylgyrdym:
— Bolmasa, sahypanyň şol ýeri aklygyna (boşlugyna) durubersin! Surat çeker ýaly, çagalara sahypada boş ýerem gerek ahyry...

* * *

Kakamyrat Rejebowyň bir häsiýeti bar: ol eline düşen makaladyr goşguly kagyzlary çaň-tozany bar ýaly silkeläp, kakyşdyryp alýar. «Näme üçin beýdýäň?» diýip sorasalar, ol «Makalaň ýa goşgyň içindäki boş sözler ýere gaçar ýaly silkeleýän...» diýer eken...

* * *

Işden gaýtmagymyň öňinçäsi. Bu gün öýe gijräk barmagyň pikirini edip otyrkam birden telefonyma SMS geldi:
«Bu bir biziň söýgimiziň häkisi,
Çagalaryň geläýmänkä ukusy,
Şu gün irräk gelermisiň, kakasy?!
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber».
Bu SMS-i okap, derrew öýe ýumlukdym. SMS-i gelnim — Ogulbäbek ýazypdy. (Ýeri gelende aýtsam, ol hem meniň galamdaşym).

* * *

Bir gezek alym Ahmet Bekmyradow gumdaky çopanlaryň birine myhman bolupdyr. Çopan dymma bir adam ekeni. Ahmet aga şunça gepletjek bolsa-da, çopan agzyna suw alan ýaly bolup otyrmyş. Howa garalyp ugranda Ahmet asmana seredipdir-de,
— Bu gün ýagyş ýagjak öýdýän — diýip seslenipdir.
Birsalymdan soň çopan ýuwaş ses bilen pyşyrdapdyr:
— Degme, ýagsyn...

* * *

Bir gün Atajan Tagan ýoldan geçip bilmän duran eken. Şol wagt ýol gözegçisi:
— Agam, bu ýerden geçmek bolanok. Hol-ha, pyýadalar üçin ýörite geçelge bar. Şol ýerden geçmeli — diýse, Atajan aga:
— Aý, inim, meniň aýagym agyrýar. Ho-ol aňyrdan aýlanyp geçmäge mende ysgyn-deramat ýok — diýipdir.
Ahyry ýol gözegçisi onuň elinden tutup, köçeden geçiripdir. Şol gün bu ýagdaýy görenler neşirýata şeýle habary ýaýradypdyrlar: «Bir etmişi sebäpli Atajan agany polisiýa tutup, alyp gidip barýar ekeni...».

* * *
Atamyrat aganyň köp gaýtalaýan sözleri hem setirleri:

«Gowy goşgy az ýazylýar,
Galanlarna saz ýazylýar».

«Zor bolmasaň gaçyşda,
Sypdyrmaz bir ýapyşsa».

«Käbir ýazyjy-şahyrlaryň özleri edebiýata ýük welin, üstesine-de, olar dogan-garyndaşlaryny hem süýräp getirýärler».

«Orazguly (Annaýew), Mara gideniňde Gurt Näzlä aýtsana, käşir-sogan, hyýar-pomidor ýetişdirsin, ýöne şahyr welin ýetişdirmesin».

* * *

Bir ýaş şahyr täze çykan kitabyny il-güne paýlaýarmyş. Özi-de şeýle bir begenýärmiş welin, çeniň-çakyň däl. Ahyry bir gün ýazyjylaryň biri oňa şeýle diýipdir:
— Sen hemmelere kitabyňy paýlap ýörme. Birden ony biri okaýmasyn...

* * *

Bir gezek redaksiýa makala getiren bir ýaş talybyň ýazan zadynyň gowşakdygyna göz ýetiren Seýitmyrat Geldiýewiň onuň Moskwanyň Lomonosow adyndaky ýokary okuw mekdebinde okaýandygyny eşidip, daş-töweregindäkilere eşitdiribräk şeýle diýeni ýadymda:
— Hudaýyň bermedigini oňa Lomonosow nädip bersin?!

* * *

Atajan Tagan bilen Kakajan Durdyýew ýanýodadan ýöräp barýar ekenler. Atamyrat Atabaýew bularyň adyny tutup, yzlaryndan şunça gygyrsa-da, olar eşitmän barýarmyş. Ikisi-de depme ker bolansoň, hiçisi-de yzyna seredenok. Atamyrat aga «It üýrer, kerwen geçer» nakylyny üýtgedip, soň-soň şeýle diýer ýörerdi: «It üýrer, kerler geçer».

* * *

Kakajan Durdyýew ýogalanda onuň gulak eşidiş enjamlaryny Atajan Tagana beripdirler. Hudaýberdi Diwangulyýewiň hem gulagy agyrrak bolansoň bir gün ol Atajan Tagandan: «Gulak üçin täze enjam gerek boljak. Heý, amatly bahadan satylýan ýerini bileňokmy?» diýip sorasa, Atajan Tagan: «Men-ä Kakajany öldürip, gulak enjamlaryny aldym. Senem men ölýänçäm, garaşaýsana...» diýip, çynaberimsiz degşipdir.

* * *

Mämmet Seýidow bir gazetiň redaktory döwründe Atamyrat Atabaýew oňa jaň edipdir:
— Mämmet aga, gazet üçin goşgular toplumyny taýýarladym welin, eltsem bolarmyka?!
Mämmet aga säginmän:
— Wah, getirsene. Şu wagt gazetden alyp galmaga material tapman otyrys — diýip degşipdir.

* * *

Atajan Tagan depme ker eken. Bir gün awtobusda onuň ýanynda bir ýaş ýigit durup, oňa bir zatlar gürrüň berýärmiş. Atajan aga-da şunça eşitjek bolsa-da, ýigidiň bir agyz sözüne-de düşünmändir. Ol ahyry çydaman:
— Aý, inim, bir zatlar janygyp gürrüň berýäň welin, men hiç düşünip bilemok-da...
— Agam, men saňa hiç zadam gürrüň beremok. Men diňe sakgyç çeýneýän...

* * *

Atajan Taganyň gürrüňinden: «Puşkini heläk eden Dantes taryha girdi. Men hem Atamyrat Atabaýewi ýoklasam, taryha girerin».

* * *

Bir gün şahyr Atamyrat Atabaýew mirasgär Ümür Esene duşupdyr. Şol günler Ümür Esen il içinde miras toplap, ýörite öý muzeýini döredip ýören ekeni. Şonda Atamyrat aga oňa şeýle diýipdir:
— Sen il içinden miras toplap, halky mirassyz goýup barýaň-how!


Goçmyrat ORAZBERDIÝEW
7 лайков 324 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ogulşirin Bayramowa
19 апр 2022, 22:09
:)))
Ladybug
19 апр 2022, 22:20
Pegas,Umur Esen hakda bilyan maglumatyn bamy?
Pegas
Автор 19 апр 2022, 22:37
Ladybug
Pegas,Umur Esen hakda bilyan maglumatyn bamy?

Taparys zerur bolsa.
Hiayress
19 апр 2022, 23:33
Ladybug,
Annamuhammet Nepesiň "Ümür Esen" diýen Ümür Eseniň ömür ýoly baradaky kitaby bar.
My life
19 апр 2022, 23:39
Gowy,gyzykly eken.
Ladybug
20 апр 2022, 01:20
Mekdepde okayan wagtlam Umur Esenin muzeyinde gitmelidik,yone bir sebap bilen galmaly bolupdym, su adam hakynda bilmek isleyadim. Hiayress,
Sizin diyyan kitabynyzy internetde tapmak mumkinmika?!
Soho
20 апр 2022, 05:50
dowamly bolsun, halypalar hakda kopurak goysana (yatlama)
Maksat
20 апр 2022, 06:07
Gyzykly ýatlamalar.))
Hiayress
20 апр 2022, 07:17
Ladybug,
Elektron adresiňizi goýuň ugradaýyn.
Ladybug
20 апр 2022, 09:06
Hiayress,
Men poctam yoga
LLLL
20 апр 2022, 09:25
Bolmasa, inim, öňki açylan zatlary ýapyşdyryp çykaýsana...
????