Bisabyr gyz (dowamynyň dowamy)
-Şuny iýmeseň,kanala oklarys-diýip,Nurnepes ýylgyrýar.Garagollugam bar onda.
"Özüň çykarsaň oklaý" diýip,içimi gepledýärin.
Şofýor pikirlerimden habarsyz arkamy alýar.
-Gorkma,ýüzüp bilmeseň özüm çykararyn.
Şundan soň Nurnepes hyýalymdan gitmedi.Bir ýerik ugrasam gapdalymdan çykaýjak ýaly boldy durdy.Çykmasa-da örtendim.Bir obada ýaşaýarsyň,didaryny birde görmeseň,birde görjek.Adam bir söýer,daşyndan guwanar ýörer.Meňki ol däl,görmesem ýüregim lowlap ot alyp barýar.
Jeren durmuşa çykýar.Işden gelip çaý-suwumy içdim-de,toýa kömekleşmek üçin olara ugradym.Jerenleriň garşysyndaky köne harazyň ýanynda Nurnepes pete-pet geldi.Ol meniň bilen şeýle bir aljyraňly salamlaşdy welin,geň galyp entek özümi dürsemänkäm ýoluň gyrasyndaky tümmejige büdräp,ýykylman zordan saklandy.Oňa-da utanyp durjagynam,ýörejeginem bilmän,nämedir diýjek bolup onam oňarman,hasam özüni ýitirdi-de,menden ara açsa kaýyl geldi.
Yzyndan seretdim.Ol-da yzyna gaňryldy.Birdenem aýak çekdi.Onýança-da garşysyndan gelýän gyzjagazy saklady.Şol aljyraňňylygy bilen jübüsinden bir hat çykardy-da,onuň eline tutdurdy.Oňa bir zatlar,bir zatlar diýdi.Gyzjagaz ylgaşlap maňa tarap gaýtdy.Nurnepes duran ýerinden butnaman seretdi durdy.Ýöräp ugradym.Gyzjagaz yzymdan ýetip ýyljyraklap haty elime tutdurdy.Görüp durkamam:"Bu näme?"diýdim.
-Hat-diýip,gyzjagaz jogap berdi.
-O nämäň haty,kime?
-Bilmedim,Jerene ber-diýdi.
-Jerenemi?
Gyzjagaz başyny atdy-da,geçdi gidiberdi.Men welin durun ýylan gysymlan ýaly bolup.
Ynsan durmuşynda uly öwrümler, megerem,sanlyja sekuntda,özi-de duýdansyz bolýan bolsa gerek.Ylalaşaňzokmy?Ýedi ýoluň üstünde düýbi çapylan agaç ýaly yraň atyp durun.Töwerek daşymda aýlanýar.Duýdansyz urga tap getirip bilmän elenýän ýüregim gursagymy dar görýär.Ýap-ýaňam ýagty,sapaly jahany duman örtdi.Baglaryň depesindäki bahary garşylaýan guşlaryňam sesleri aňzakly gyşy buşlaýan gargalaryň sesinden enaýy eşidilenok.Gursagymy ýaryp içinden ýüregimi çykaryp bolýan bolsa bir ynjalardym.
Mende näme kasdy barka?Jerene hat iberjek bolsa menden başga adam tapmadymyka?Jereniň bir wagtky diýen sözi ýadyma düşdi.Ýigitleriň üstünden düşüpdik şonda."Ah-eý,baryny öwüp arşa çykardyňyz.Bir Nurnepes bolaýmasa,höwes eder ýalysy barmy şolaryň".
Gyzlaryň birem nagt jogap beripdi:
-Seňňem gedemligiň galjak däl.Nurnepese göwnüň ýetdi dälmi?Şoňa-da şükür.Bagyşladyk şony saňa.
Ýigit neresseleriň paýlaşylanlaryndan habarlaram ýokdur.Aralarynda bir zat bar eken-dä!Gabanjaňlyk oduna ýanyp görüpmidiňiz?!Görmäweriň,görmäweriň.Häzir ornumda bolsaňyz ýüregiňiz edil çat açardy.Gaharyma ýarylybilmän gazyk ýaly bolup durşuma,haty ýyrtyp-ýyrtyp köçäniň ortarasyna paýradaýasym geldi.Onam edip bilmedim-de,bigünä haty şeýle bir aýamda mynjyratdym,jandar bolmadygyna soň begendim,ol daşam bolsa pytrardy.Saňgaty bolan bedenim ep-esli wagt gowşamady.Ahyry ýöräp ugradym.Aýaklanmadyk köşek ýaly büdräp barýaryn.Öýümize gaýtdym.Häzir Jerenlere barmaga mende güýjem ýok,gaýratam.
Daş işikde erkek doganym bilen tas çakyşypdym.Ýa bolşumy geň gördi,ýa ýüzümde adam ruhy ýok,ol gaňrylyp-gaňrylyp ýüzüme seretdi.Bagtyma hiç zat diýmän öz ugruna gitdi.Indem içki tamda ters aýlanýaryn.Pikirlerim oňuşman ýaka tutuşyp beýnimi ýaryp gelýär.
-Senem arşa çykaryp,tapdyň ýagşy-da bir edenli ýigidi.Sygryň dili ýaly haty özi gowşuryp bilmedik mahlukdanam bir ýigit bolarmy?Indem tapdy hat gatnadyjysyny.Bilgeşleýin edendir.Bilgeşleýin edip,çylkasyz hereket etdimmi?Ýüzüne gülüp bakdymmy?Ýa bir zat ýaňzytdymmy?Ýaňzydaýanam ekenim-dä,ilden çykgynç iş etdigimmi şol?!Söýgi mukaddes dälmi?Ýa ol duýgyny men açypmyşymmy?Eltjek däl.Şol hat gowşurylmanda ýürekleri çat açýan bolsa açaýsyn.Şol gyzam ýüzüni as ýaly edip menden artyk tula däl.Haty elimiň tersi bilen dazyladyp gapa zyňyp goýberdim.Içim sowamady.Wah,siz näderdiňiz,ýa bir çykalga taparmydyňyz?Tapardyňyz-la.Men bir iki jahan owarrasy.Akylly-başly oýlanmagam başaramok.Nädip başaraýyn?!Ýüregim bir zat diýýär,beýnim başga zat.Ikisiniňkem dogry ýaly:gowşurmajak bolsam haty näme üçin alyp galypdyryn?Soraldymy ol menden,soramanlar geçsin-le.Indi şu hat üçin lebzimi ýuwdup,adamçylygymy ýitirmelimişimmi?Elteýin-de hut märekäniň içinde üstüne zyňyp gaýdaýyn.Gürrüňe galsa ol galýar,maňa näme?Haty garbap aldym.Şol badym bilen gapa ýöneldim.Köwşümem geýdim.Näme ýazdyka?Okap bir içimi sowadaýyn.Ýamanlyk edip menden iberdimi,mendenem ýagşylyga garaşmasyn. Öýde jemende ýokdugyny bilsemem,töweregime göz gezdirdim.Haty ýygyrt-ýygyrt bolan bukjadan çykardym.Elimiň aýagymyň ysgyny gaçyp,bedenime sowuk der geldi.Ogurlyk etmek aýylganç zat eken.Bolsun.Aýak üstünde durup bilmän ýere ýazylsamam okajak.Siz beýtmezdiňiz.Men welin etjek.Sebäbi ol siz däl-de,men.
Edil keşde ýaly owadan hat.
-Jeren!... ...
Dowamy bar...
Şirinjemal Geldiýewa.

9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.