Goşgy
Men seniň bilen duşan günlerim,
bilmesin, hiç kim, saklansyn pynhan,
Ýürekdäki duýgymy, diýen dillerim,
Ömür dymyp gezsin, duýmasyn ynsan,
bakylykda galsyn, ýürek töründe,
Çykmasyn hiç wagt, hatda, pyşyrdap,
Sen mert saklansaň, men erkek ömrümde,
Söýgümi ýitirmerin gül dek paşyrdap,
Sen menden gorkma, göýä laldyryn,
Soralsada geplemerin hiç haçan,
Men söz berdim, hiç sözümden dänmerin,
Dänsem menden, ata-enemem geçer,
Namartlyk etdimmi? doly bilemok,
Ýöne, sen hakynda, kän ýatlama bar,
Öz häsiýetim, şondan üýtgäp bolanok,
Şol keşbim, şol ýürek häzirem urýar,
Belki sen sebäpsiň, aýra düşmäge,
Ýa, düýbinden söýenem dälsiň,
Ýok, ýok... hiç sebäp ýok ýalňyşmaga,
men günäkär, günä sende-hä däldir,
Ömür dymaýyn duýmasyn ynsan,
Duýmasyn, ýürekdäki duýgymy,
Çäre ýok, ýene-de dillendim, ynha,
ýatlap, sebäpsiz giden söýgimi,
Men söýermikäm, ýenede ony,
...ýok men diňe mährim gandyrdym,
Bagtly bol, şudyr sözümiň soňy,
Özgä gitdiň, şeýdip söýgim dändirdiň,
Indi men öňkim ýaly gaýga batamok,
özüň bilýäň şol öňkije Remezan,
özge barka, seni ýatlap ýatamok,
ol özge däl, men şol gyzam söýýän.
R. Mämetgurbanow
bilmesin, hiç kim, saklansyn pynhan,
Ýürekdäki duýgymy, diýen dillerim,
Ömür dymyp gezsin, duýmasyn ynsan,
bakylykda galsyn, ýürek töründe,
Çykmasyn hiç wagt, hatda, pyşyrdap,
Sen mert saklansaň, men erkek ömrümde,
Söýgümi ýitirmerin gül dek paşyrdap,
Sen menden gorkma, göýä laldyryn,
Soralsada geplemerin hiç haçan,
Men söz berdim, hiç sözümden dänmerin,
Dänsem menden, ata-enemem geçer,
Namartlyk etdimmi? doly bilemok,
Ýöne, sen hakynda, kän ýatlama bar,
Öz häsiýetim, şondan üýtgäp bolanok,
Şol keşbim, şol ýürek häzirem urýar,
Belki sen sebäpsiň, aýra düşmäge,
Ýa, düýbinden söýenem dälsiň,
Ýok, ýok... hiç sebäp ýok ýalňyşmaga,
men günäkär, günä sende-hä däldir,
Ömür dymaýyn duýmasyn ynsan,
Duýmasyn, ýürekdäki duýgymy,
Çäre ýok, ýene-de dillendim, ynha,
ýatlap, sebäpsiz giden söýgimi,
Men söýermikäm, ýenede ony,
...ýok men diňe mährim gandyrdym,
Bagtly bol, şudyr sözümiň soňy,
Özgä gitdiň, şeýdip söýgim dändirdiň,
Indi men öňkim ýaly gaýga batamok,
özüň bilýäň şol öňkije Remezan,
özge barka, seni ýatlap ýatamok,
ol özge däl, men şol gyzam söýýän.
R. Mämetgurbanow
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.