Adam diňe özüne ýamanlyk edip bilýär

Ýöne ýamanlyk diýen söz bar bolsa, alymlar, akyldarlar bu hakda
sözlän bolsa, ol niredekä, nähili zatka? Ýekeje zat welin düşnükli hem aýan – adam hiç wagt başga birine ýamanlyk edip bilenok. Hüýt-gara nebisden dömen bolaýsyn, seniň her bir ýaramaz pikiriň diňe ony hut öz ýöremeli ýoluna, barmaly menziline ugrukdyrýan ýolbelet bolup galaýýar. Adam ýamanlygy diňe özüne edip bilýär. Türkmeniň: “Her kim eder, özüne eder” diýen sözi müň esse mamla...

Büdredýän daşlar we köprüli kyssa
Gezjek ýeriňde saňa “badak atýanlar” welin, rowaýatdaky garyby
büdredýän daş ýaly görünsin. Ol rowaýaty köpiňiz bilýänsiňiz. Gadym
döwürlerde bir derýanyň üstünden altyn köpri salypdyrlar. Gyzylyň
üstünde otursa, adamyň şähdaçyk, keýpiçag bolýandygy düşnükli.
Şeýle joşguny duýmak üçin agyr mähelle sil akan ýaly bolup, köprüden o ýan-bu ýan geçer ekeni. Egninde ýamaly içmekden başga dony bolmadyk pukaralaryň biri beýle mugt eşretiň köpe miýesser edendigine geň galyp, az salymlygam bolsa, dünýäni unudyp, ganat baglap uçasy gelipdir. Il sowluşyp, köpriniň gyzgyny sowaberende “gel, şu köprüden ýeke özüm hezil edip geçeýin-le” diýen niýet bilen ýola düşüpdir. Köprä golaýlaberende welin, bir daşa büdräp, aýagyny mazaly agyrdypdyr. Garyp görgüli: “Agzy aşa ýetende, burny ganar” diýleni boldy.
„Indi men agsak aýak bilen gyzyl köpriniň gyzygyny duýup bilmerin”
diýip, aglamjyrap başlapdyr. Şol wagt altyn köpri jarka ýarylypdyr-da, aşak çöküpdir. Bu ahwalata geň galan garybyň ýaňky zeýrenji derrew
şükranalyga öwrülipdir: “Eý, Allam, daş maňlaý däldigim üçin şu daş
bilen meni halas eden ekeniň. Badymy saklaman, köprä münenligimde, bu wagt men nirelerde bolardym. Men juda bagtly ekenim” diýip begenipdir.
Her bir zadyň aňyrsynda haýsydyr bir haýryň bukulyp goýlandygy
köp wagt geçmänkä aýan bolýar. Hudaý berjek zadyny göwnüňe
geňeşenok, bir sebäp döredýär ýetiriberýär. Her bir wakanyň, hadysanyň düýbi-teýkary, ahyry-soňy biziň üçin haýyrly bolsa, ähli hereketlerem niýetiňe görä ýagşylyga öwrülip gelýän bolsa, birmahallar
Zaratuştrany biynjalyk eden ýagşylyk bilen ýamanlygyň darkaşy hakdaky pikire ýöntemje netije çykaryp bolýar: durmuşda ýagşy adamlar
biziň göz öňüne getirişimizden has köp.

"Aýtmaly habarym bar..." kitabyndan
RAHMET GYLYJOW
2 лайков 86 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.