Ejeň ýoluňa seretýändir

Gamlanma göwnüňi tilki dalasa,
Ynanma her öňi ýeten nalasa,
Ýürek berme, zandy ýaman halasa,
Gyssan Ejeň ýoluňa seretýändir.

Älem ýazgarsyn, ýöne Alla söýsün,
Görüpler azgyrsyn, sen bolgun ümsüm,
Daşyňy bezesin içki päk göwsüň,
Guwan Ejeň ýoluňa seretýändir.

Ýalana garylma başyň kesede,
Baýlyk beýiklikde däl, bar pessede,
Ýürek agyrtma her dertli sesede,
Goran Ejeň ýoluňa seretýändir.

Dünýäniň ýollary synagly öwrüm,
Böldürmegin bolsa-da ýarym göwnüň,
Kiçi beýik, peýdasyz uly göwrüm,
Aran Ejeň ýoluňa seretýändir.

Enşalla bagtly günleremde öňde,
Dert bilen synar söýenin, söýende,
Şirin sözlere zardyr, her bir bende,
Söýen Alla, hemmä deň seretýändir.

SYegenbayew
2 лайков 105 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Öwreniji
29 май 2022, 20:34
Gyssan Ejeň ýoluňa seretýändir.
şu setirleriň ýerini çalyşsaň nähili bor, ýagny Gyssan Ejeň seretýändir ýoluňa.
Öwreniji
29 май 2022, 20:35
Goşgy gowy eken
Öwreniji
29 май 2022, 20:37
Kim awtory
Uygun
Автор 29 май 2022, 23:29
Remezan,
Ýegenbaýew Saparmyrat
Uygun
Автор 29 май 2022, 23:30
Remezan,
olam bolýar