*****
Para!
Haçan geldiň biziň Diýara?
Kim getirdi,
Sözle, geldiň nireden?!
Para!
Haçan gelip ýörsüň biziň Diýara?!
Seniň bar ýeriňden rysgal göterler.
Müň bir weýranlygy,
Müň urşy gören
Keremli topragym seni götermez!
Asylzada türkmen,
Han-u-beg türkmen,
Sen mydama puldan,maldan beýikdiň!
Sen abraý-at üçin ata atlanyp,
Belent mertebeden lybas geýipdiň.
Görogly diýp arşa göteren ýigdim
Malyň guly Genjim çykdy, dagarman!
Belent-belent kürsä ataran ýigdim
Puluň guly bolup çykdy, dagarman!
Ýaşyl tugy öpüp, halkyň öňünde,
Watanyň öňünde är deý ant içip,
Nädip para alyp bilýäň öýüňde,
Sen satylyp,
Ýaşap bilýärsiň niçik?
Perişdäň ornunda oturan çagyň,
Seni satyn alýar, pulluja bir gul!
Satyn alýar ynsabyň hem wyždanyň,
Sen indi gul,
Wezipesi uly gul!
Mal bazaryn syryp ýören dellal deý,
Gul bazaryn syryp ýören gulman deý,
Ýeňlesi saýlan deý aýyşhanada
SENI
SATYN ALÝAR
SENIŇ ELIŇDEN
Watanyň eliňden, halkyň elinden,
Hakyň elinden!
Seni satyn alýar pulluja bir gul!
Soň sen satlyk — bar zady ýok edersiň,
Agy gara, garany ak edersiň,
Sen onsoň mal!
Sen onsoň lal!
Sen onsoň gul!
Puldaryň alnynda başyň egersiň,
Gara gulsuň!
Ýaşaýşyň hyllalla.
Çünki, seni senden bäş tylla alan
Ertir alty tylla satybam bilýä!
Seniň ne erkiň bor,
Ne ygtyýaryň,
Sebäp satyn aldy pulluja melgun.
Sen Hydyry hyrs eýlärsiň,
Düzi-dürsi ters eýlärsiň,
Ähli haram işe mejbursyň, mejbur!
Göterlipdiň perişdäniň ornuna,
Ýeri, nädip öwrüldiň sen satlyga?!
Haram puluň hakyna,
Sen kestedip halkyňa,
Ýüz urmaly bolduň gabahatlyga!
Para!
Haçan geldiň biziň Diýara,
Seň baran ýeriňden döwlet göterler.
Müň bir kynçylygy göterip gelen
Keremli topragym seni götermez!
Haçan geldiň biziň Diýara?
Kim getirdi,
Sözle, geldiň nireden?!
Para!
Haçan gelip ýörsüň biziň Diýara?!
Seniň bar ýeriňden rysgal göterler.
Müň bir weýranlygy,
Müň urşy gören
Keremli topragym seni götermez!
Asylzada türkmen,
Han-u-beg türkmen,
Sen mydama puldan,maldan beýikdiň!
Sen abraý-at üçin ata atlanyp,
Belent mertebeden lybas geýipdiň.
Görogly diýp arşa göteren ýigdim
Malyň guly Genjim çykdy, dagarman!
Belent-belent kürsä ataran ýigdim
Puluň guly bolup çykdy, dagarman!
Ýaşyl tugy öpüp, halkyň öňünde,
Watanyň öňünde är deý ant içip,
Nädip para alyp bilýäň öýüňde,
Sen satylyp,
Ýaşap bilýärsiň niçik?
Perişdäň ornunda oturan çagyň,
Seni satyn alýar, pulluja bir gul!
Satyn alýar ynsabyň hem wyždanyň,
Sen indi gul,
Wezipesi uly gul!
Mal bazaryn syryp ýören dellal deý,
Gul bazaryn syryp ýören gulman deý,
Ýeňlesi saýlan deý aýyşhanada
SENI
SATYN ALÝAR
SENIŇ ELIŇDEN
Watanyň eliňden, halkyň elinden,
Hakyň elinden!
Seni satyn alýar pulluja bir gul!
Soň sen satlyk — bar zady ýok edersiň,
Agy gara, garany ak edersiň,
Sen onsoň mal!
Sen onsoň lal!
Sen onsoň gul!
Puldaryň alnynda başyň egersiň,
Gara gulsuň!
Ýaşaýşyň hyllalla.
Çünki, seni senden bäş tylla alan
Ertir alty tylla satybam bilýä!
Seniň ne erkiň bor,
Ne ygtyýaryň,
Sebäp satyn aldy pulluja melgun.
Sen Hydyry hyrs eýlärsiň,
Düzi-dürsi ters eýlärsiň,
Ähli haram işe mejbursyň, mejbur!
Göterlipdiň perişdäniň ornuna,
Ýeri, nädip öwrüldiň sen satlyga?!
Haram puluň hakyna,
Sen kestedip halkyňa,
Ýüz urmaly bolduň gabahatlyga!
Para!
Haçan geldiň biziň Diýara,
Seň baran ýeriňden döwlet göterler.
Müň bir kynçylygy göterip gelen
Keremli topragym seni götermez!
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.