Her niçigem bolsa bagyşla kaka, Dogulamda meň gyz bolup doglanmy.

Uzaklara dikip gamgyn nazarym,
Hasaplaýan bu ýyllaryň çakyny,
Meň häzir şeýle bir göresim gelýä,
Eli pilli ýer agdarýan kakamy.

Çagakaň hemmeler soraýar senden,
Sen ejeň gyzymy kakaň gyzymy?
Menden şu gün şony soran bolsady,
Pikirlenmän diýjek kakamyň gyzy.

Mahal-mahal gazma dutar heň eder,
Gezekleşip dişlärdik oň sapyndan,
Sen saz çalyp ýeňledipsiň ýüregňi,
Oýlanmadyk seň ýüregiň hakynda.

Maý tapaýsaň çalyp “Altyň birini”,
Ezizow deý tarypladyň “Gyzlarňy”,
Her niçigem bolsa bagyşla kaka,
Dogulamda meň gyz bolup doglanmy.

Ogulnur Ataýewa.
7 лайков 279 просмотров
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Ahmet
03 июл 2022, 00:19
Ogulnur Ataýewa bolanda özüň bolýarmy ýa başga birimi?
OrazMuhammet Aşyrow
03 июл 2022, 00:24
Örän täsirli goşgy, ýazaryň we ýetireniň jany sag bolsun!

Gyz bolup dogulanyna kemsinýän gyzlar, erkek bolup dogulyp ekek bolup ýaşap bilmän ýörenler bar, ene atasyna çigit ýaly mähir bermegiň deregine, minnet baryny ýagdyrýan ekek bolup dogulanlar bar. Şolar ýaly on sany erkekden bir sany edermen gyz ýagşy. Şeýle edermen, mähirli, milli türkmeniň sada gyzlaryna sarpa goýýarys.
Ahmet
03 июл 2022, 00:25
Goşgy gaty gowy eken, haladym. Ýöne iň soňky iki setirini ýazmalam däl eken şahyr. Sebäbi:
Durmuşda ýigitleň adyndan bir zady boýun alýarys: Siz bolmasaňyz, biz ýokdurys...

***

Gelin-gyzlar baş egýäs, gül sözüniň manysy siz!

Ýagşy Goşunow.
wordless
Автор 03 июл 2022, 00:27
Ahmedik_97
Ogulnur Ataýewa bolanda özüň bolýarmy ýa başga birimi?


Men däl. Maryly şahyr gyz. Pegas dagy tanaýar.
Ahmet
03 июл 2022, 00:33
wordless
Ahmedik_97
Ogulnur Ataýewa bolanda özüň bolýarmy ýa başga birimi?


Men däl. Maryly şahyr gyz. Pegas dagy tanaýar.

Ýazyja-da, ýetirene-de minnetdar! Duýgulandyrdy, oýlandyrdy... Aslynda ZENAN sözi beýik söz. Şol ada ysnat getirýänlere, olary ikinji derejeli jandar hökmünde garaýanlara gysgaça Sada obaň mallary diýjek. Garşy bolsaňyzam, sökseňizem, üstümden gülseňizem, şul aýdan sözümde berk durjak......
Belki
03 июл 2022, 09:48
Soñky setirini halamadym we ylalaşamok.Gyz perzendem ogul perzendem ene-atany deñ derejede buýsandyrýar guwandyrýar.
Galyberse-de medisina ylmynyñ aýtmagyna görä çaganyñ jynsy kakada çözülýär.Elbetde,çaga jynsy üçin günäkär däl.
Ýagdaý şeýle bolansoñ awtoryñ ýazykly däl zady üçin ötünç soramagy ,üstesine-de bu logiki taýdan nädogry pikri jemlemede getirmegi goşguny ep-esli yzyna tesdiripdir.
Garabufer
03 июл 2022, 10:28
Gyz çaga gowy bolýar, emma kişi maşgalasydygy ýadyňa düşse ,garraňda çagasyz ýeközin galjagňa gynanýaň

(Goşgydaky ýaly bu diňe gyzly maşgalaň gürriňi)
gowy gosgy eken sagbol)