Torum Ýaýlan Bataşydan üç goşgy.


• GOŞGY OKAP BEREÝIN…

Goý, kim bizi görse, görüpler geçsin,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.
Gapdaldan gan gusup, göripler geçsin,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.

Ýaz bolup gidersiň Güýz bolup gelseň,
Goşga goşgy berjek gyz bolup gel sen.
Her kime ýetdirýän bagt däldir bilseň,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.

Gözlerimde paýhas, sözde öwüt bar,
Depämde uly borç, elde döwet bar,
Aýdylmadyk sözler bagta böwet bor.
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.

Ýören däl pes pyglyň yzynda ýüwrüp,
Men bir pespäl oglan, haýykma, höwrük,
Agladan söýgimi aýdyma öwrüp,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin.

Bagrym daglar galan günler uzakda,
Ýürek aglar alaç tapman duzakda,
Sada oglan… hem şol gedem gyz hakda,
Gel, men saňa goşgy okap bereýin.

Goşgymda ýüregim etegňe gaçar,
Günler durna dönüp, arany açar.
Kim bilýär soň ykbal duşurar haçan,
Gel, gyz, saňa goşgy okap bereýin…

• LEBAP GIJESI

Ilki agşam daş çykamda oýlandym:
Çykan eken aşyklaryň bijesi—
Ýaryň göwni galan ýaly bir zatdan,
Tüm garaňky bu gün Lebap gijesi.

Ilki söýgim ýaly ýitip gidipdir,
Nirädir bir ýere asmanyň Aýy.
Aýyl-saýyl bolup başlady kem-kem,
Gözellik, gijäni synladyk saýy.

Hanha, otyr köne gala garalyp,
Göýä geçmişine buýsanýan ýaly,
Ýalany ýaşyryp—ýagyr, ýaraly—
Daş diwarlar özün laý saýýan ýaly.

Daşky diwarlar duşmanalara döş gerip,
Öz ömürinde müň bir bela ýoluganlar,
Galanyň etegin etekläp otyr,
Her şahasy goç göterjek ýylgynlar.

Ýalňyz şatut otyr ýalazy ýerde,
Hemrasy ýok derdin aýdyp egsere.
Depizde gögeren bir topak ýylgyn,
Jeýhun derýa bakyp otyr tebsiräp.

Şemal darap toraňňylar şelpesin,
Gör, garawsyz şahalaryn pudaýar,
Ýadygär,
Taryh çöşlär, gel,
Gulak sal bir pasyl,
Seýdiniň atyn baglan tudy bar.

Bezenip daş çykan inimi synlap,
Gara ýapynjaly zemini synlap,
Oýlandym:
Çykan eken aşyklaryň bijesi—
Tüm garaňky bu gün Lebap gijesi.

• AŞYGYŇ AÝDYMY

Paý ornuna gadam goýup ser bile,
Gezýän halka gülki bolup yzyňda,
Guw sen, gökden uçýaň, menem ýerbile,
Beýle doňýüregi bormy gyzyň-da?!

Eýgerdenok erkiň bilen edebiň,
Derdim agyr, neneň dözeýin jana,
«Bagt näme?» diýlen baky jedeliň,
Çözgudini neneň çözeýin, jana.

Men—tenşe, sen—çeşme, bakyp otyryn,
Dodagym degenok tolkunlaryňa.
Şol Güni gülýaka edip getirin,
Ýeller bolup dolsaň ýelkenlerime.

Soň, çyragym, tümlük bolmaz hiç haçan,
Hatda maňa gahar bile bakaňda.
Dünýämi ýagtyldar bakylyga çen—
Tylla Gün gülýaka bolup ýakaňda.

Torum Ýaýlan BATAŞY
0 лайков 173 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
basmaç
23 июл 2022, 07:05
Баташы диймек наме диймек?
Öwreniji
Автор 23 июл 2022, 07:58
basmaç, Kwadrat kelle bu at, bir tire-taýpa, şoň üçin özüni şeýle atlandyrypdyr, Bataş diýen obadan şoň üçin Bataşy diýip ýazypdyr