Dördünji söhbet: "Men özümi aýamadym hiç ýerde"
DÖRDÜNJI SÖHBET
Men özümi aýamadym hiç ýerde.
G.Ezizow.
OSMAN ÖDE. Erk diýen demir gala bar. Seniň nesibäňe düşen erkiň – demir galaň berkligi niçik? Özüm-ä, dogrymdan gelsem, şol düşünjäniň öňünde berk durup bilemok, köplenç owarrama urulýar. Polat ýaly erkiň bolanynda, alynmajak gala, ýetilmejek belentlik bolmaly däl. Adama iň uly kösençlik, betbagtlyk erkiniň gowşaklygyndan gelýän bolsun gerek. Biz ýaltalyk etmeli däldigini bilýäris, ýaltalyk edýäris, arak içmeli däldigini wagz edýäris, emma özümiz içýäris, beýleki käbir keýpleriň ýaramazdygyny nygtaýarys, emma keýpi-sapadan sowa geçip bilmeýäris. Biziň bilýän zatlarymyz juda kän, ýöne bilsegem, özümize erk edip bilmän, kösenişip ýörüs. Öz erkiň jylawyny tutuşyň neneň?
NOBATGULY. Gurbannazar: «Men özümi aýamadym hiç ýerde» diýýär, men-ä, dogrusyny aýtsam, özümi gaty gowy görýän, özümi edil öwlüýä ýykylyp alan ýaly, hamana. Öz göwnümi ýykasym gelenok, öz göwnümiň göwnüni göresim gelip dur. Käte ýaltalyk edilýär, ýöne meniň pikirimçe, ýaltalyk şeýle halatlarda organizmiň özüni goramagy bolsa gerek. Keýpi-sapa hem edilýär. Dogrusy, döredijilik işinden gowy lezzet berýän zat ýok. «Gaçgynym köplükdir, gözlegim hylwat» diýýär Pyragy. Emma negözel dostlarymyz bar, duşsalar, kalbyň heýjana gelýär. Olar bilen duşuşyk kalbyň – toý-baýramy. Onuň ýaly ýerde özüňe erk etmegiň geregi hem ýok. Umuman, şahyr diýeniň biraz jylawsyzrak bolsa ýagşy. Sagat tutup işleýän, gününi režime bölüp işleýän adamlara gözüm gidenok. Şeýdip, demir erkiň içinde işleýän adamlaryň ýazan zatlaryny okabam bolanok. Döredijilik erk-ygtyýaryňy böwsüp, ylham alyp gaçsa, döreden zadyň hem okyjyny alyp gaçýar. Zor bilen ýazylan zady zor bilen hem okamaly bolýar. Zor bilen şu zamanda kime zadyňy okadarsyň!? Kor-rek-to-ra! Başga hiç kime!
OSMAN ÖDE. «Adam öz başarmaýan zady barada – özgä akyl berýär» diýen ynanjym bar. Bu pikire sen nähili garaýarsyň?
NOBATGULY. Ýadymda, bir ýola meşhur artist Hajy Annamämmedow: «Nobat jan, men saňa bir akyl bereýin» diýdi. «Heý, Hajy kaka, sen bir köp akylly adam, sen akyl berme-de, aýlyga çenli ýigrimi bäş manat ber» diýipdim... Gynansak-da, akyl berilýär. Menem akyl bermegi gowy görýärin. Akyl bermek, umuman, adama mahsus. Akylly adam akyl bermeýär, özem, hut içiňi ýakaýyn diýen ýaly, özünde akyl ýok adam akyl berýär.
Bir ýola bir ýaş şahyr Metbugat öýünden, tä biziň eýe gelinçä, akyl berip ýüregime düşdi, nädeýin, öýe gelýäni üçin çydamaly boldy. Ýöne ol ýaş şahyr, özüniň bilýän zadyndan meniň ýadymdan çykaran zadymyň köpdügini bilmeýärdi. Umuman, maslahat soralmasa, akyl soralmasa, bermeli däl, ony bolsa kyýamat ahyra çen soran adam bolsa, bilenim ýalan! Meniň akgam pahyr hemişe akyl berjek bolanda: «Akyl berýär diýme, ýöne häki ýadyňa salýan» diýip akyl bererdi.
OSMAN ÖDE.
«Ulygyz deý uýaljyrap, diliň dişlän pisseleň,
Ak pisseleň gördi gözlem, gaýry peýker issemen,
Saç-sakgala siňipdir ak, ah çekemde gussadan,
Ümür kibi dolupdyr gan zawlaryň-a daglarym.
Ýazdygym gazallar, wah, köýen söýgiň ahy, heý,
Saralypdyr nazarlarym, soldum ýuwaň ýaşy, deý.
Bu jahandan geçsem, bir gün mazarymyň daşy, deý
Ýadygärlik galarmy siz agaryb-a, daglarym».
Men seniň bilen Sandykgaça, Guşga syýahat edenimde, bu goşgyň şeýle owadan labyzly ýazylmagynyň sebäbine göz ýetirdim. Şahyra göz ýetirmek üçin onuň doglan ýurdunda bolup görmek gerek. Belkem, bu goşgyň döreýşi barada gürrüň berersiň?
NOBATGULY. Edebiýatymyzda haýran galaýmaly bir hadysa bar. Daglar hakda hatda gaty ýaramaz şahyrlaram gowy goşgy ýazyp bilýär. Biziň edebiýatda daglar hakynda on-ýigrimi sany örän gowy goşgy bar. A klassykamyzda daglar hakynda ýazylanlar-a, sygyryp oturmaly! Meger, daglar pes adamam, hiç bolmanda, öz beýikligine çenli göterýän bolmaly.
OSMAN ÖDE. Ýalňyşmasam, sen babaň Nobat baýyň ady dakylan bolmaly?
NOBATGULY. Hawa, men güýzüň bir güni gün dogup gelýärkä, dünýä inipdirin, meniň adyma Gündogdy goýupdyrlar. Ýöne, bir garryja ýaşuly (ol meniň azan babam bolmaly) azan okajak wagty adymy soraýar, aýdýarlar. Ol: «Çaga babasynyň adyny dakyň, Nobat baýyň ady ýerde ýatmaly däldir» diýip, adymyň üýtgemegine sebäp bolýar. Hawa, kim Taňrynyň guly, kim adamyň guly, men bolsam öz babam Nobat baýyň guly, Nobatguly.
OSMAN ÖDE. Kyrk altynjy ýylyň haýsy aýynda doguldyň?
NOBATGULY. Sentýabrynda. Bir dokumentimde sentýabryň birinde, beýleki dokumentimde ikisinde, üçünji dokumentimde dokuzynda. Bardy-geldi meniň döredijiligim gelejekde öwrenilse, öwrenijilere «haýsy senede doguldyka» diýip, jedel edere material bar… Ýeri gelende aýtsam, sentýabr aýy Hudaýyň beýik adamlary dünýä inderýän aýy. F.Engels, F.Dostoýewskiý, U.Folkner, Halyl Kulyýew, A.Gowşudow... Seniňem sentýabr aýynda doglandygyňy bilýärin.
Ata-babalarymy ýatlanymda, kommunistleriň döwletiniň synmagyny kanuny hasaplaýaryn. Gözýaşyň, ahy-nalanyň, ganyň, özgäniň elinden zor bilen alnan baýlygyň üstünde gurlan döwlet hökman ir-u-giç ýykylaýmaly.
Hudaý meniň üçin haçan geljegini bilmän ýatan ajala sabyr berse, olar hakda kyssa eserini ýazmak pikirim bar. Akgamyň aýal doganynyň ogly bolan. Ady Hojam. Hojam baryp ýigrimi ýaşynda iki obaň arasyna öz ýasan samolýotyny uçurypdyr. Ony gören adamlar şu mahallar kän. Pul ýasapdyr. Akgam pahyr «kän sowup gezdim, hökümet puly bilen tapawutlandyryp bolanokdy» diýerdi. Soňra ol ogrularyň talaby boýunça, kolhozyň skladynyň açaryny ýasaýar. Ogrular sklady urýar. Gulp ýerinde. Sklad urlan. Açary kim ýasap biljek? Elbetde, Hojam! Ine, şeýdip ony basýarlar. Tussagka Maryda ölýär. Ejesi ynanman, bir garyndaşymyzy alyp, mazaryny dörýär. Pahyr şondan soň däliredi. 1973-nji ýylda öldi...
OSMAN ÖDE. Nobatguly, gadymy Assiriýa, hindi, arap, ýunan şahyrlaryndan başlap, şu günki eline galam alan ýaş şahyra deňiç filosofiki goşgularynda dünýä düşünjek bolup ejir çekýärler, dünýä düşünip bilmänem gam-gussa, terkidünýälige batýarlar. Eýse, bu şahyrlara mahsus keselmi, ýörelgemi ýa özüňizi akylly görkezmäge bolan ymtylyşmy? Elbetde, ýazyjylar hem şol dünýägaraýyşdan halas däl, ýöne olarda bu ýagdaý edil siziňki ýaly gönüden-göni beýan edilmän, gahrymanlaryň üsti bilen beýan edilýär. Dünýä-de täsin, bir seretseň-ä, munda düşünmez ýaly zat ýok, bir seretseňem, ony asla akylyňa sygdyryp bolanok.
NOBATGULY. Sen mamla, adam dogulýar, ýaşaýar, ölýär. Adam hut şol nukdaýnazardanam dünýäni öz terezisine salýar. Dindarlaram, lerem. Dünýä bir mahal (astronomlar tas takyk ýylynam aýdyp bilýärler. Gülkünç!) döräpdir, kämilleşe-kämilleşe şu güne ýetipdir. Geljekde-de, leriň pikiriçe-de, marksistleriň pikiriçe-de, dünýä hökman ýok bolaýmaly! A nämüçin, dünýä ýok bolmaly?! Eger Darwin mamla bolup, biz maýmyndan dörän bolsak, onda dogry, dünýäni ýok etsek ederis, eger dindarlar mamla bolup bizi Allatagala ýaradan bolsa, onda wagt gelip, ahyrzaman bolar. Emma, üçünji ýol bolup bilmezmi? Seniň gowy romanyň bar, «Taýagyň üçünji ujy» diýip. Belki-de, biz gaýry planetalylaryň eksperiment dünýäsinde ýaşap ýörendiris? Belki, taýagyň dördünji ujy hem bardyr? Men ilkidurmuş obşinasy, ondan aňyrdaky taryhy tapyndylaryň tersine gidip, alymlar bilen jedele girmek meýlinden daşda. Dünýä ýöne ýere çarhypelek diýilmeýär, ol bir öwrümde adamzady ösüşiň iň ýokary depginine eltip, ýene bir eýýamda ony aň-paýhasdan jyda düşürip, ýalaňaç, ot-çöp iýýän derejä eltip biljekdigine gaty ynanýaryn. Bir dana patyşa bäş ýylda halkyny şeýle belent derejä göterip bilýär, yz ýanyndan onuň ornuna geçen patyşanyň halkyny orta asyra zyňyp bilýändigine özümiz şaýat. Onsoň ýaňky aýdanym ýaly, beýle oýun, heý, çarhypelegiň elinden gelmezmi? Iki hili adam bolýar: biri garny üçin ýaşaýar, beýlekisi beýnini doýurjak bolup ýaşaýar.
OSMAN ÖDE. «Kim iýmek üçin ýaşaýar, kim ýaşamak üçin iýýär» diýjek bolýarmyň?
NOBATGULY. Ondanam azajyk başgaçarak. Çarhypelegiň gerdişi bilen «adamzat öz ösüşiniň iň pes derejesine ýetip, şondan soňam garny üçin ýaşaýanlaryň yzyna düşüp, özüniň asylky ýoluny gadym-gadym eýýamlar ýitiräýdimikä» diýip gorkýaryn. Ertekilerde uçýan adamlar, ölmez-ýitmez adamlar bar ahyry.
OSMAN ÖDE. Adam ölýär, ruh ýaşaýar.
NOBATGULY. Eýse, adam näme üçin ölüp, öz ruhuna ýaşaýyş bermeli? Näme diýip, ol dirikä öz ruhundan aýrylyp, ony baky ýaşaýyşa ugradyp bilmeli däl? Sebäp biziň göwrämiz garnyň netijesi, ol hökman öläýmeli! Adamzadyň ylmy ugram ýalňyşmykan öýdýän? Adam döräli bäri asmana yntylýar. Kuwwatly raketalaryň güýji bilen ol gaýry planetalara aşmaga ymtylýar, ýyllar geçer, ynsan şeýle ýyndam raketalaram tapar, barybir, gaýry ýyldyza baryp gelmäge onuň ömri ýetmez! A eger-de, adam şindi dirikä öz ruhuny göwresinden aýryp bilse, ol dessine göwün tizligine eýe bolýar. Göwün bolsa bir pursatda aýa-ýyldyza baryp bilýär. Görýärmiň, ýüpek gurçugy kebelegiň tohumyndan dünýä inýär, otuz gün çemesi iýýär, pile saraýar, dünýä gelip bitirmeli işini amal edip, pileden ýene kebelek bolup uçup çykýar. Ol ölenok, ol baky! Diýmek, dünýäde baky ýaşaýyş bar! Eýse, dünýäniň iň akyldar jandary, mahlugy bolan ynsan kebelekçe bolup bilmezmi? Ol hökman özünden nesil galdyryp ölüp gidibermelimi?!
OSMAN ÖDE. Pikiriňi gaty çuňlaşdyrdyň welin, ýönelige däl bolsa gerek? Men seni gowy tanaýan ahyry. Öz geljekki ýazjak bolýan zadyňa dahylly zatlary, ylmy-çeper edebiýatlary öwrenip ýazýan ýazyjy gowşak ýazyjy bolaýsa-da, özüni hormatlýan ýazyjydyr. Kebelegiň baky ýşaýşy gyzykly mesele, o barada çeper eser ýazmak pikiriň ýokmy?
NOBATGULY. Oňarsam, ýazjak. Köp ýyllardan bäri Gijen Gyryk baradaky rowýatlar meni erkime goýanok! Ol şindi Hindistana gitmänkä islendik haýwana öwrülip bilýän eken. Hindistanda güýç synanyşyp, ol ýerde ençeme ýyllap bolup gelenden soň, Saragtyň töwereginde mesgen tutunýar. Pişikli Köw diýip bir ýerde. Rowaýatlara ynansaň, ol çaga ogurlap, şol ýerde okadyp başlaýar. Sebäp tersokanlara din pitiwa etmeýär. Hojamşükür handan halkyň närazy bolmagam, diňe şondan görülýär. Bir günem duýdansyz onuň daşyny gabaýarlar. Gijeniň jynsyny üýtgedip bilýäninden habarly din agzamlary «şolaryň gowagynda näme gözüňize ilse, öldüriň» diýip berk tabşyrýarlar. Gijen uçup gutulypdyr, şägirtleri bolsa ganatlanmadyk ýa ýaňy ganat bitirip ýören ekenler, olar uçup ýetişmeýär, olaryň baryny öldürýärler. Diýmek, Gijen adaty çagalardan ogurlap, tersokan edip bilýär eken. Diýmek, halypaň güýçli bolanda, her bir adam tersokan boljak eken. Belki, Gijene gyssagara «rowaýat» diýjek kişiler tapylar. Emma, Gijem ýaly, başga haýwana öwrülip bilýän (Men gözüňi baglaýan gipnozlar hakda aýdamok) tersokan, Gijen ýaly adam şindi dünýäde ýaşap ýör. Onsoň sorag ýüze çykýar: belki, gijenler tersokan däl-de, biz tersokandyrys?!
OSMAN ÖDE. Ýadyňdadyr, Akmyrat Şir neresse tersokanlar, jadygöýler hakda gaty köp bilýärdi, sen bolsa realistdiň. Ol «şambala» diýse, sen ony terse çekerdiň? Indi birden senem «şambala» diýäýdiň-le? (Şambala – Hindistanda şeýle adamlaryň bar diýilýän ýeri). Muňa nähili düşünmeli?
NOBATGULY. Haý, Akmyrat bende, arwaýyna bagş etdim!.. Akmyrat bende şindi student ýyllaram şol ylym bilen gyzyklanýardy. Leningradda, Moskwada bolan ýyllary ol şeýle edebiýaty çuňňur öwrenipdir. A biz bolsa şeýle edebiýatdan mahrum bolduk ahyry, realist ýazyjy hökmünde ýetişdirildik ahyry! Akmyrada entek-entek hem düşünip bilmesek gerek, ýöne häki biziňkem bir pikir öwrüp görme-dä?! Biziň gözümizi soňky ýyllar merkezi metbugatda çap edilýän zatlar açdy ahyry.
Wanga mama kör bolmadyk bolanda, megerem, geljegi görüp bilmezdi. Geçmişi, geljegi görmek üçin bize göz päsgel berýär. Göz diňe şu pursaty görýär. Üçünji göz diýilýän göz beýni gözi. Beýniň özi, meniň pikirimçe, – durşy bilen äpet göz! A biziň iki gözümiz hatda özünem görenok! Bu elhenç!
Fizika, himiýa, kosmonawtika ýaly ylymlar näçe össe ösübersin, adam ol ylymlaryň kömegi bilen hiç mahal gelejegem görüp bilmez, geçmişem. Ony biziň bilmeýän, ösmän galan beýleki ylymdan «tersokanlyk» diýlip bize düşündirilen ylymdan gözlemeli.
OSMAN ÖDE. «Görogly» eposynda Aşyk Aýdyň baba göze görünmez adam bolup, patyşanyň başyna nähili oýunlar salýar. Musulman dininde-de öz ylmy bilen dünýä akyl ýetiren adamlar bolupdyr ahbetin.
NOBATGULY. Bolupdyr, emma biz dindenem ýetmiş ýyl alysda ahyry. Din dünýäň bar syrynyň açylmagyny öleniňden soňa goýýar. Hakyky dünýä adam ölenden soň başlanýar diýýär. Eger öleniňden soň hiç zat ýok bolsa näme? Onda dünýä-de many-da bolmýar, mazmunam...
OSMAN ÖDE. Seniň pikirleriňden çen tutup, ýakyn wagtlarda täze eser okaýmagymyz ähtimal-da?.. Haý, etsem-petsemiň-ä kän-dä, ediberýän zadyň ujypsyz. «Türkmenleriň Ýewropa ýörişi» atly roman ýazyp ýörün diýýäniň bäri on-on bäş ýyl dagy geçdi. Ýa okyja rehimiň gelýärmi?
NOBATGULY. Osman, men ýalta-ha däl, ýöne deňsiz-taýsyz ýaýal, ýaýdanjaň! Bir zadyň başyna barýançam, baý-baý, özüm bilen söweş salmaly bolýan-a! Özümden tüstem gelsem-ä ýazaýýan, ýogsamam erte-erte bilen özümi aldap ýörün. Özem, birhili, gaty köp ýaşaýjagam ýaly bolup durun. Aslynda, eser meniň aňymda hem kalbymda gowy jana gelmese, ýazmaga gyssanamok. «Türkmenleriň Ýewropa ýörişi» diýen eserim bolsa bagtygara eken. Onuň baş gahrymany öläýdi, Brežnew Leonid Iliç, onsoň bar keýpim gaçdy oturyberdi. Ýöne ol romany şu ýylyň bir ýerinde seniň neşirýatyňa tabşyryn diýen umydym bar. Romanyň wakasy 1914–17-nji ýylda bolup geçýär, onuň gahrymany nireden Brežnew bolsun diýäýme. Taryhda köp zat gaýtalanýar. Awstro-wengriýa imperiýasynyň imperatory 63 ýyllap şa tagtynda oturýar, ol halys munýar, onuň akylynyň çaşandygyny bilibem köşkde intrigalar başlanyp, ýurt tozýar. Ahyry tozgunçylyk urşa alyp barýar... Türkmenler hem şol uruşdan daşda galmaýar.
SSSR-iň wagtyndan ir synmagam Brežnewiň we onuň ýaşytdaş munan gojalarynyň döwlet başynda oturmagy bilen bagly. Men, ine, şol döwri görkezmek üçin awstro-wengriýa imperatory Iosif Frans II-ä ýüzlenmeli boldum...
Wah, SSSR soňrak synyp, senem öňräk neşirýatly bolaňda, işläp bilerdik welin, işlemek mümkinçiligem gijräk berildi-dä bize. Iki ýyldan müň ýarym setir goşgy çykardýanymyza begenip, bihudarak ýaşadyk-da.
Nobatguly REJEBOW, Osman ÖDE

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.