Oskar Uaýld – "Bagtly Şazada".

#1. Oskar Uaýld – "Bagtly şazada".

Adyndan belli bolşy ýaly, bu erteki bagtly şazada hakynda. Şazadanyñ ölüminden soñ, bedeniniñ üstüne gymmat materiallar guýup, owadan heýkel görnüşinde şäheriñ merkezinde goýupdyrlar. Ähli adamlar ony örän owadan görüpdirler. We bir gezek heýkeliñ aýagynda – ýyly Müsüre uçup barýan – demini dürslemek üçin, gysga wagtlyk garlawaç gondy. Ol ýañy-ýañy uklamak üçin ýeleklerini pürjerdip başlanynda, kellejigine bir damja damypdyr. Garlawaç ýagyş ýagyp başlajak bolýandyr öýdüp, kellesini ýokary galdyrypdyr. Soñ bir seretse, ol damja – ýagyş damjasy däl-de, Bagtly şazadanyñ gözünden akan ýaş ekeni. Ol şazadadan näme bolanyny soranynda, Şazada oña:
"Diri wagtym mende hakyky diri ýürek bardy. Men göz ýaş diýilýän zadyñ nämedigini bilemokdym. Men gamgynlygy içeri göýberilmeýän San-Souci köşgünde ýaşaýardym. Gündiz bagda deñ-duşlarym bilen oýnardym, gije bolsa, olar bilen şagalañda tans ederdim. Baglygy uzyn diwarlar gurşasa-da, bir gezegem onuñ añyrsynda näme bardygy hakynda hiç zat soramandym. Meniñ daş-töweregimde ähli zat diýseñ gowy, ýakymly, kaşañdy! Ýanymdakylar maña "Bagtly şazada" diýýärdiler. Hakykatdanam, men bagtlydym. Eger bagt wagtlaýyn lezzetlerden durýan bolsa... Men şeýle ýaşaýardym we şeýdibem ýogaldym. Indi bolsa, ölenimden soñ, meni paýtagtymyñ merkezinde, şeýle ýokarda goýdular welin, bu ýerden şäherimdäki bar bolan ähli ýeter-ýetmezçiligi, gamgynlyklaryny we sebäplerini görýärin. Häzir meniñ ýüregim demirden bolsa-da, aglaman durup bilemok.
<...> Ho-o-ol daşky öwrümde men bir çat açan jaýy bardygyny bilýärin. Bir äpişgesi açyk durany üçin, ol ýerde garry aýalyñ oturandygyny görýärin. Ýadaw ýüzli, elleri gatap, gyzaryp, iññeleriñ çümmeginden ýaña derisi deşik-deşik bolup giden. Ol tikinçi. Şa aýalyñ ýüpek köýneklerine gözel-gözel ýalpyldawuk gaşlaryny tikýär. Ýanyndaky düşekçede bolsa, onuñ ýarawsyz çagasy ýatyr. Eýýäm niçe günlerden bäri, ol öz ejesine pyrtykal alyp bermegini haýyş edýär. Onuñ ejesinde bolsa, diñe çeşme suwy bar. Başga hiç zat ýok. Ol oglanjyk bolsa, hiç özüne gelmän, ysgynsyz aglap ýatyr. Garlawaç, garlawaç, jan garlawaç! Meniñ gylyjymdan bir rubin daşyny goparyp, oña eltip berip bilmezmiñ? Aýaklarym berkidilen. Özüm ýerimden bytnap bilemok..." diýýär.

Garlawaç şazadanyñ eden haýyşyny ýerine ýetirermikä? Ol tizden-tiz Müsüre uçup gitmeli ahyryn.

Muny siziñ özüñiz "Bagtly Şazada" ertekini okap, öwrenip bilersiñiz.
4 лайков 205 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Bäşim
13 авг 2022, 17:49
Nirden?
Aelita
Автор 14 авг 2022, 14:08
Soragly,
Haýsy formatda ibereýin?
Hemem... gyzyklandyrdymy çyndanam?
Bäşim
14 авг 2022, 16:11
Aelita,
Pdf ýa epub, dorian greýiñ portretini başlap soñlap bilmedim, bu başartmazmyka...
Aelita
Автор 14 авг 2022, 16:31
Eger bar zat eseriñ göwrüminden ýaña bolan bolsa, onda muny okarsyñ. Gysga erteki. Ýöne "Dorian Greýiñ portrerini" dynmadyk bolsañ... Gaty gyzykly eserä ol.

Mende epub formatda bardy. Telegramdan ibererin.