Söýgi näme? diýip soralanda dile gelen setirler.

Üm bilmez çagakam, aglap emerdim,
Ene süýdün içdim, ynha bu söýgi.
Durak-durak, ýörjen-ýörjen ýöredim,
Ilki äden ädimlerim...
Bu söýgi.

Şatlandym, oýnadym, böküp, ýykylyp,
Täsin hereket etdim......
kä-te, çekinip....,
Daşymdan pyrlandyrdy, jykyr-jykyrym.
Ýylgyryş döretdim ynha bu söýgi.

Okuwçy men.
Mekdep, kitap, mugallym,
Harplyk, depder, ruçka, birnäçe galam.
Synpdaşlam, goňşulam, dostlarym bilen.
Mekdebe gatnanym, ynha bu söýgi.

Ýetginjeksiň, jahyl bolduň ulaldyň,
Käbir edýän häsýetiňe uýaldyň,
Şol gözlerdi, akyl bilen goýaldan,
Bir gyz diýip, yşka düşdüm bu söýgi....

Durmuş gurdyň, ýigit çykdyň öýlendiň,
Entek, ýaşlyk bady bilen aýlandyň,
Çagaň bolup, birazajyk oýlandyň,
Mähirli perzendiň ynha bu söýgi.

Wag:t geçer, eýýäm.. gojalan ata,
Agtygyň daşyňda, ynjalan ata...
Geçmişiň ýatlasaň, sünjiler arka.
Geçen durmuşlaryň ynha bu söýgi.

Saglygyň ýitirdiň, ýata hassasyň,
Görejiň dolandyr, gaýgy-gussadan....
Düşşündirjek boldum saňa gysgadan,
Mätäç bolsaň... şulaň barysy söýgi.

Remezan Mämetgurbanow
5 лайков 134 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
15 авг 2022, 10:03
Berekella söýgini gowy düşündiripsiñ. Söýgi şol durkuna durmaýan eken...
Enesh_Turkmengyzy
15 авг 2022, 13:45
Näma yetip bilmesen şo söygimi
Ya elindaki bar zatlaryn ?