Serhoşyň samramasy
Öýüme aýlandym daň säher çagy,
Ýitipdi gözümiň garasy, agy,
Şol wagt metjitden geldi bir sena,
Birazjyk özüme getirdi menäm,
Ýakymly, ajaýyp, tanyş ses maňa,
Özüne getirýär serhoş adamam,
Ýadyma düşdi, ol meniň dostum,
Suwsanymda teşne, üşesem possun,
Ol azan okaýar, ir bilen daňdan,
men öýme barýan, doly aýňalman,
Ol azan gygyrýar, men aýtýan aýdym,
Men dogry etýänmi?,
ýa dostum, aýdyň?,
Ol öz günäsini päklejek bolýar,
Kalbyny, ruhyny aklajak bolýar,
men bolsa, öz ýolum öz ugrym bilen,
göwnüm hoş, serhoş men,
serim hoş meniň,
Il göwnüne degemok, içsemde şerap,
gaýtam toý märekäň, göwnüne ýarap,
şatlanýan, degişýän, aýtýaryn aýdym,
meniňki nädogry bolsa, siz aýdyň.
Elimden gelse berýärin kömek,
Nebsim üçin işlämok, sagbolsun alýan,
Ýekelikden men bagt gözlämok,
Köplüge garyşýan, il bilen bolýan,
Dostum meniň üçin, beýik, mukaddes,
Şonuň üçin ol, mydam, maňa dost,
Men sergezdan bolup, öýe barýaryn,
Garaşýar öýümde söýgüli ýarym,
Dosdum belent sesde gygyrýar azan...
Hiňlenýän, çala kakyp, gitaraň taryn,
Ol namaz okaýar, men bolsa serhoş,
Dosdumdanam, özümdenem göwnüm hoş,
Ol azan okaýar, säheriň çagy,
meniň bolsa, ýitipdi gözümiň agy,
Içýärin, serhoş bolup, hiňlenýän aýdym,
Dostumyňky dogrymy?
Ýa meňki aýdyň?
Remezan Mämetgurbanow
Kem ýeri kändir, aýyplaşmaň şol içgili wagty düzülenligi sebäpli bellik edişim ýaly goýdum.
Ýitipdi gözümiň garasy, agy,
Şol wagt metjitden geldi bir sena,
Birazjyk özüme getirdi menäm,
Ýakymly, ajaýyp, tanyş ses maňa,
Özüne getirýär serhoş adamam,
Ýadyma düşdi, ol meniň dostum,
Suwsanymda teşne, üşesem possun,
Ol azan okaýar, ir bilen daňdan,
men öýme barýan, doly aýňalman,
Ol azan gygyrýar, men aýtýan aýdym,
Men dogry etýänmi?,
ýa dostum, aýdyň?,
Ol öz günäsini päklejek bolýar,
Kalbyny, ruhyny aklajak bolýar,
men bolsa, öz ýolum öz ugrym bilen,
göwnüm hoş, serhoş men,
serim hoş meniň,
Il göwnüne degemok, içsemde şerap,
gaýtam toý märekäň, göwnüne ýarap,
şatlanýan, degişýän, aýtýaryn aýdym,
meniňki nädogry bolsa, siz aýdyň.
Elimden gelse berýärin kömek,
Nebsim üçin işlämok, sagbolsun alýan,
Ýekelikden men bagt gözlämok,
Köplüge garyşýan, il bilen bolýan,
Dostum meniň üçin, beýik, mukaddes,
Şonuň üçin ol, mydam, maňa dost,
Men sergezdan bolup, öýe barýaryn,
Garaşýar öýümde söýgüli ýarym,
Dosdum belent sesde gygyrýar azan...
Hiňlenýän, çala kakyp, gitaraň taryn,
Ol namaz okaýar, men bolsa serhoş,
Dosdumdanam, özümdenem göwnüm hoş,
Ol azan okaýar, säheriň çagy,
meniň bolsa, ýitipdi gözümiň agy,
Içýärin, serhoş bolup, hiňlenýän aýdym,
Dostumyňky dogrymy?
Ýa meňki aýdyň?
Remezan Mämetgurbanow
Kem ýeri kändir, aýyplaşmaň şol içgili wagty düzülenligi sebäpli bellik edişim ýaly goýdum.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.