Gün dogdy...

Gün dogdy,
Ýene etmeli işler,
Düýn bolşy ýaly galmasyn ertä.
Bolmady , çykdy ýene bir säwlik,
Şony düzeltsem, soň etsem borda...

Güýmenip ýörşüme, wagt geçipdir.
Gün galypdyr. Dik ýokarda eýýäm.
Dosdum jaň edýär, ýumuşy bilen,
Ony bitirýänçäm bolupd:r öýlän.

Bolupdyr öýlän,
Gün ýaşyp barýar.
Irdenki işimede gar ýagdy.
Aý bolýa, indi erte ederin,
Öňümiz gije ...
Ýene, gün dogdy.

Remezan Mämetgurbanow

2 лайков 131 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
No name
16 авг 2022, 00:15
tanysh yagday,ustunlik Remezan
Öwreniji
Автор 16 авг 2022, 01:28
No name
tanysh yagday,ustunlik Remezan

minnetdar
Bir bar bir ýok
16 авг 2022, 12:39
Diýjeklerimi göwnüňe - de alarsyň welin, barybir aýdasym gelýär. Goşgy görnüşinde dâl - de, sözlem görnüşinde ýazan bolsaňam, belki, azda - kände tâsirli bolardy.
Öwreniji
Автор 16 авг 2022, 12:56
Bir bar bir ýok,
Ylalaşýan