*********
Aýna bakyp öz-özüme seredýän,
Düşünýän özümiň özüm däldigme.
Soň arzuwlam hakda pikire gidýän,
Gyýylýan hem olaň meňki däldigne.
Bu — dünýäniň müdimilik kanuny,
Adam oňa boýun egmeli bolýar.
Söýen zadyň täleýiňde bolmasa,
Täleýiňde baryny söýmeli bolýar.
Ýasamaly bolýar hyýallaryňy,
Ýürek däl, aklyňa daýanyp mäkäm.
Unutmaly ýürekden söýenleriňi,
Çilim tüssesine ýitip gitmänkäň.
Söýmäsiň gelýäni söýmän bolanok,
Dostlarňy küýseýäň ýüregiň gyssa.
Erkiňi «erige» daňmak uly zat,
Ýöne köp zat erkimizden alysda.
Tirkişmyrat Nurýagdyýew
Düşünýän özümiň özüm däldigme.
Soň arzuwlam hakda pikire gidýän,
Gyýylýan hem olaň meňki däldigne.
Bu — dünýäniň müdimilik kanuny,
Adam oňa boýun egmeli bolýar.
Söýen zadyň täleýiňde bolmasa,
Täleýiňde baryny söýmeli bolýar.
Ýasamaly bolýar hyýallaryňy,
Ýürek däl, aklyňa daýanyp mäkäm.
Unutmaly ýürekden söýenleriňi,
Çilim tüssesine ýitip gitmänkäň.
Söýmäsiň gelýäni söýmän bolanok,
Dostlarňy küýseýäň ýüregiň gyssa.
Erkiňi «erige» daňmak uly zat,
Ýöne köp zat erkimizden alysda.
Tirkişmyrat Nurýagdyýew
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.