Ýazyjynyň hatlaryndan
ÝAZYJYNYŇ HATLARYNDAN
Beýniň ýaltalyk etse, eliňi erkine goýberme! Hepdede iki hekaýadan köp ýazma, olary-da gysgalt, timarla ― zähmetiň ýürekden bolsun. Başdan geçirmedik ezýetleriňi toslama, görmedik manzarlaryňy şekillendiriji bolma, çünki hekaýa ýalan gatylsa, gürrüňçilikdäki ýalandan has ýürekgysgynç bolýar.
Eliňdäki galamyň, özüňe berlen zehiniň geljekde häzirkiden has gerek boljakdygy daýym ýadyňda bolsun, olary harlaýjy bolma…
***
Döredijilik işinde ýalňyzlyk ― agyr külpetdir. Elhal-da bolsa, taňkyt ýagşydyr…
***
Mümkin boldugyça köp ýazyň!! Ýazyň, ýazyň, barmaklaryňyz döwülýançä ýazyň. Ýazmagy ýüregiňize düwen bolsaňyz, özüňize doly göwnüňiz ýeteninde, bir oturanyňyzda ýazyň.
***
Çeper edebiýatyň çeperligi ― durmuşy bolşy ýaly suratlandyrmagynda jemlenýändir. Ol buýtar-suýtarsyz we hakykaty ak ýürekli beýan etmek üçin ýaradylan ahyryn.
***
Şol bir ahwal barada biri-biriniň örüsini birjik-de daraltman 20 kişi hem ýazyp biler…
***
Okamak ýazmakdan has hezil… Eger ýene 40 ýyl ýaşasam we şol kyrk ýylyň ählisini okamaga, okamaga we ussatlarça, ýagny gysga ýazmaga bagyş etsem, onda 40 ýyldan ähliňize şeýle bir top sesini eşitdirerdim welin, asman lerzana gelerdi…
***
Men «çeper» sözünden yrymçyl zenanyň gara pişikden gorkuşy ýaly gorkýaryn. Ýanymda çeper we çeper däl zatlar hakynda, sahna laýyk we oňa gelişmeýän zat hakynda meýil, durmuşa kybaplyk, realizm we şuňa meňzeş zatlar hakynda gürrüň edilende aljyraýaryn, ýaýdana-ýaýdana «hawasyny» ýetirýärin-de, lenç edilen, kör şaýa geçmejek akyllysyramalary öňe sürýärin. Ähli eserleri iki topara: halanlaryma we halamanlaryma bölýärin. Emma näme üçin Şekspiri halap, Zlatowratskini halamaýanymy sorasaňyz welin, jogap bermegi başarmaryn.
***
Siz maňa hiç kimiň tarapyny tutmaýanym üçin käýinýärsiňiz, muňa ýagşylyga we ýamanlyga parhsyzlygyň, tagzym ederlik şahslaryň we baýdak edinerlik pikirleriň ýoklugynyň alamaty diýýärsiňiz. Siz at ogrularyny suratlandyranymda: «atlary ogurlamak ýamandyr» diýmegimi isleýäňiz. Ýöne bu zatlar men aýtmanymda-da bireýýäm mälim ahyryn. Goý, olary kazylar ýazgarsyn, meniňki ― olaryň nähilidigini görkezmek. Men: «at ogrulary bilen iş salyşmaly bolsaňyz, olaryň gedaý däl-de, mes kişilerdigini, bu pişäniň olar üçin ybadat eden kimin ähmiýetlidigini, at ogurlamagyň ýöne bir ogrulyk däl-de, hakyky göwün küýsegidigini bilip goýuň» diýip ýazýaryn. Çeperçiligi öwüt-ündew bilen utgaşdyrmak, elbetde, hoş ýakar, ýöne maňa gezek gelende bu iş juda kyn we tehniki sebäpler zerarly asla mümkin däl diýen ýaly. Sebäbi 700 setirde at ogrularyny şekillendirmek üçin men hemişe olara mahsus äheňde geplemeli we pikir etmeli, olaryňky ýaly duýgulary başdan geçirmeli, sebäbi özümden bir zat goşaýsam, keşpler ergin-solgun bolup, hekaýa ykjamlygyny ýitirer. Men ýazýan mahalym hekaýada ýetmeýän öwüşginleriň öwezini okyjynyň özüniň doldurmagyna bil baglaýaryn…
***
Hekaýalary okanyňda aglanyňam bolar, zarynlanyňam, gahrymanlar bilen bilelikde ejirem çekiler, ýöne meniňçe, muny okyjy duýmaz ýaly etmeli. Tarapgöý däldigiňiz näçe äşgär bolsa, täsir hem şonça güýçli bolar.
***
Ýazaryň ruhy hassany şekillendirmegi onuň özüniň näsagdygyny aňlatmaýar…
***
Ýüzi agyr, äwmezek kişiler şadyýan zatlary ýazyp, güler ýüzlüleriň ýazanlary ýürekgysgynç bolarmyş.
***
Men: «Adam otuň üstünde oturdy» diýip ýazsam, ählisi düşnükli. Tersine, men: «Uzyn boýly, döşi bir gysym, orta boýly, mor sakgal adam ötegçileriň aýak astynda eýýäm depelenen gök otuň üstünde oturdy, özi-de ýaýdanyp we töweregine garanjaklap, ses-sedasyz oturdy» diýip ýazsam welin, beýniňe agram salýar, tagaşyksyz bolýar, kyssa bolsa şol bada, dessine beýniňe ornamaly…
***
Çagalara diňe ululara hem bolýan zatlary bermek gerek. Anderseni, Fregat Palladany, Gogoly çagalar-da, ulular-da höwes bilen okaýar. Çagalar üçin ýörite ýazmagy däl-de, ulular üçin ýazylanlardan seçip almagy başarmak gerek; dermany saýlamagy we gerek mukdaryny kesgitlemegi başarmak hassanyň çagadygy sebäpli, onuň üçin aýratyn derman toslamakdan has maksadalaýyk we gönümeldir…
***
Ýazmak sungaty aslynda ezber ýazmakdan däl-de, erbet ýazylanlaryň üstüni çyzmak ussatlygyndan ybaratdyr.
***
Eger birinji bölümde sahnada diwardan sapança asylan bolsa, soňky bölümde ol hökman atmalydyr.
***
Ýazyjy kärdeşlerim bilen gürrüňlerde men söz ussadynyň belli bir ugra degişli meseleleri çözmek bilen meşgul bolmaly däldigini hemişe ýanjap aýdýaryn. Olary çözmek üçin ýörite hünärmenler bar. Goý, jemagat, maýa goýumlary, serhoşlygyň zyýanlylygy, aýakgap meselesi… barada olar kelle agyrtsyn. Söz ussady diňe baş çykarýan zatlary hakynda söz açmaly, her bir hünärde bolşy ýaly, onuň hem işiniň öz çygry-çägi bar.
Söz ussadynyň bilkastdan taýýarlyk görmezden, niýet etmezden, güýçli duýgynyň täsiri bilen döredýänini ykrar etmek gerek. Şoňa görä, ýazaryň biri eserini deslapdan oýlanmazdan, diňe ylhamyň badyna ýazanyny aýtsa, men oňa aklyndan azaşan diýerdim.
Söz ussadynyň işe akylly-başly çemeleşmegini talap edeniňizde Siz mamla, ýöne meseläni çözmek we meseläni dogry goýmak ýaly iki düşünjäni bulaşdyrýarsyňyz. Ýazyjynyň diňe ikinji düşünjä eýermegi hökmandyr. «Anna Kareninada» we «Oneginde» bir mesele hem çözülmeýär, ýöne bu eserler Sizi doly kanagatlandyrýar, sebäbi olarda ähli meseleler dogry goýlupdyr. Kazyýetiň borjy meseläni dogry goýmakdan ybarat, çözgüdi bolsa her bir kazy özüne laýyklap çykarmaly.
Anton ÇEHOW.
Terjime eden: Serdar ATALY.
Çeşme: kitapçy

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.