Garawulhanadaky gürrüňçilikler - 4: BÄŞE
Megerem Nowruz baýramçylygy bolsun gerek, meniň bilen Bäşe atly deň-duşrak köne tanşym nobatçylyk etdi. Ony men, baryp-ha talyplyk ýyllarymyzdan bäri tanaýardym. Herimiz aýry-aýry okuw jaýynda okaýan hem bolsak, umumy ýatakhanamyz bir ýerdedi. Şonuň üçinem, biz elmydama gatnaşýardyk, tirkeşýärdik, oturyşýardyk, iýip-içişýärdik. Ondan soňraky geçen otuz-kyrk ýylyň içinde-de biz häli-şindi gabat gelişýärdik, gatnaşýardyk, iň bolmanda jaňlaşýardyk.
Ýadyma düşýär, talyplyk ýyllarymyz biz biri-birimiziň otaglarymyza üýşüp dilini ýitiren ýaşlar, ýeňles gyz-gelinler barada bagrymyzy paralap gürrüňler ederdik. Esasanam olaryň başga milletiň wekilleri bilen gatnaşýanlaryny näletlärdik. «Şolar ýalyny duran ýerlerinde atmaly, şäheriň ortarasynda asyp goýmaly» diýip, öz ýanymyzdan ýowuzdan-ýowuz hökümler çykarardyk. Hamala olar üçin hut özümiz ullakan bir ar-namysyň astynda galyp barýan ýaly, daşlaryndan gyjynyşardyk. Gyzgyn-gyzgyn jedellere girişerdik. Gyzlaryň kiçi köýneksiz gezmelerini-hä asylam unamaýardyk welin, şol wagtlar biz olaryň injiklerini akjardyp görkezmek üçin kiçi köýnekleriniň gonjuny baldyrlaryna tarap ýokary çekmeklerinem, gadymdan gelýän örme uçgura derek çermeklerine rezin öturmeklerinem ýokuş görýärdik. Bäşe şonda elmydama bize garşy çykýardy. «Döwrüň üýtgemegi bilen hemme zat üýtgeýär, bu zatlaram şeýle bolmaly, ýöne, siziňkem düşnükli, hiç bir döwür indiki döwre öz ornuny göreşsiz bermeýär, siz ýöne muňa-da şükür ediň, beteriniň bolaryndan gorkuň» diýýärdi. Ana, ahyram şonuň şol diýeni boldy. Biz beterinden beterine sataşdyk. Aýbyňy ýaşyranyň bilen aýpdan aýňalyp bolanok aýtmak gerek, indi ten satmak kär, jelepçilik hünär boldy. Eklese ikinjisi, üçünjisi bolmanada-kaýyl, pully kişileri gündizine eli çyraly gözläp ýören zenanlaryň sany köpeldi. Bu söwda açyk bazara öwrüldi. Ýokarky wakalaram men size nälaç gürrüň berdim. O zatlaryň indi gizlin däldigi, ýaşyrardan geçendigi, çykalga gözlemäne wagt ýetendigi üçin aýtdym.
Nobatçylyk gijesem Bäşe ikimiz aýlanyp-öwrülip ýene-de şol birwagtlarky «wawwaly» meseleleriň üstünden bardyk. Şonda ol ahyrsoňy biziň şol döwürdäki dady-perýatlarymyz bilen ylalaşdy-da, uludan demini alyp, şu aşakdaky zatlary gürrüň berdi.
― Bazar ykdysadyýetine geçilip, her kimiň bir kärhanadyr firmajyk açyp ugran döwürleri bir meýdan eýläk-beýläk urunanymdan soň, 2001-nji ýylyň başlarynda menem söwda-satyk bile meşgullanar ýaly hususy kärhanajyk açdym. Hasapçy edibem kyrk ýaşlaryndaky zenany işe aldym. Gezýäni bolsa-da bilemok, ony maňa tanyşlarymyň biri hödürledi. Tokgaja, ýüzi garadan şirin, saçlary uzyn, Şemşat atly ol zenan diýseň alçakdy. Degişgendi. Tüýs, «ýüregindäki dilinde» diýilýänlerindendi. Erkek adam ýaly pert-pert, batyrgaý gürleýärdi. Degişende-de erkek adamlar bilen deňine degişerdi. Hiç bir bassyr-ýussury bolmazdy. Meniň bilenem ol basym öwrenişdi. Ol ikimiz biri-birimizden gypynç etmezden, islendik wagty, islendik mowzukdan söhbet açybilýärdik. Ol maňa hernä: «Başlyk» diýip ýüzlenýärdi. Ana, şol gelin bir gün günortanaralar çaý başynda otyrkak, özünden-özi eçilip:
― Başlyk, men saňa öz başdan geçirenlerimi gürrüň bereýinmi? ― diýdi.
― Gürrüň ber ― diýdim.
― Men 1990-njy ýylda söwda tehnikumyny gutardym ― diýip, Şemşat söze başlady. ― Arzuwym satygçy bolmakdy. Baýamakdy. Dogrymy aýdaýyn, puly gowy görýärdim. Köp pul toplasym, elpe-şelpelikde ýaşasym gelýärdi. Birentek gyzlaryňky ýaly are bararyn, öý-işik bolaryn, ärim meni eklär diýen düşünje näme üçindir mende ýokdy. Öz göwnüme gelşine görä men özüm üçin gerek bolan zatlaryň hemmesini özüm tapmalydym. Äre elgarama bolmaly däldim. Ähli kynçylyklardan özümi özüm alyp çykmalydym. Belki şonuň üçindir, okap ýörkäm özüme söýgi bildiren ýigitleriň tas, ählisini diýen ýaly ret etdim. Elbetde, şol wagtlaram men edil şu wagtkym ýaly alçakdym, açykdym, şonuň üçinem ýeňlesräk görünýärdim we her kim meni özi üçin elýeterli hasap edýärdi. Ähli ret etmelerim olar üçin geň bolup görünýärdi. Meni özüm ýaly garaýagyz, gözleri ýanyp duran, daýaw, Tagan atly kursdaş ýigit hasam gowy gördi. Yzyma köp düşdi. Kän ýalbardy. Emma men barybir oňa hoş söz bermedim. Şeýdip ýörkägem okuwymyzy tamamladyk. Tagan öz obalaryna, Mara tarap gitdi. Men öýümiz şu ýerde bolansoň Aşgabatda galdym. Göwün isleýşim ýaly şäher dükanlarynyň birinde satygçy bolup işe başladym. Özüme borluk pulam gazandym. Dakynar ýaly gyzyldyr-kümüş şaý-seplerem edindim. Ýöne, ataň-eneň ýanynda bolup, ähli gazananjaňy özüňe sarp edip oturmagam, gelşiksiz ekeni. Üstesine ejemem birsyhly gulagymy gazaýardy. «Durmuşa çyk, ataň öýünde goş basyp ýatma, ýene-de sähelçe eglenseň garry gyz borsuň, onsoň hiç kim gapymyzdanam gelmez, barsaňam telpegi agana bararsyň» diýýärdi. Ejemiň aýdýanlarynyň dogrydygyna, iru-giç öýümi täzelemeli boljakdygyma ahyry gözüm ýetdi. Çünki, men eýýäm ýigrimi bäş ýaşapdym. Sorap gelýän bolsa köpdi.
Ine, şeýdibem durmuşa çykdym. Başda adamym erbedem däldi. Emma soňabaka ol özüni araga urdy. Gözüne ne men, ne öý, ne çagalary, hiç zat görünmedi. Agşam ýatjak wagtam içdi, günortanam içdi. Mahlasy içgi bilen ýatdy, içgi bilenem turdy. Men ony düzetjek bolup her zat etdim, bolmady. Ençeme gezek arak goýdurylýana-da saldym. Peýda etmedi. Gaýtam şeýdip ýörenim üçin meni özüne duşman saýdy. «Meni eltepä iberip yzymda başga biri bilen baş goşýansyň» diýip, ters dawa tutdy. Ahyram üç çagaly halyma aýrylyşmaly boldum. Ýöne, çül-çaga bilen atam öýüne barasym gelmedi. Maşgalalylar üçin ýatakhana berýän edaralaryň birine işe durdum. Ýöne, ol wagt eýýäm SSSR-iň dagap, oňa girýän respublikalaryň özbaşdaklyk ýoluna düşen döwürleridi. Bazar ykdysady başlady, öňki döwlet edaralarynyň köpüsi ýyl-ýyldan hususylaşdyryldy, öňki rubl gün-günden hümmetsizlenýärdi. Öz milli pulumyzyň döredilmegi bilenem ýagdaý üýtgemedi. Başda amerikan dollaryna tas deň edip çykarylan türkmen manadynyň hümmedi edil dagdan gaýdan ýaly gün-günden aşaklaýardy. Bir çetden işsizligem öz ýakasyny tanadyp başlapdy. Garaz, üç çaganyň, öýüň keşigi maňa eýgertmedi. Ejizletdi. Dogan-garyndaşdan, ata-eneden bolsa niçezar kömek sorajak? Onda-da öýüňi başgalanyňdan, özbaşdak öý-işik bolanyňdan soň. Dogrymy aýtjak, aşaklyk bilen özüme hossar gözläp başladym. Almasa almasyn, ýöne eýelik etse, seretse, pul bilen üpjün etse bolýa diýdim. Şeýdip ýörkämem bir gün şäherde, şo-ol, okaýarkak yzyma düşen Tagan gabat geldi. Men ony öýe alyp gaýtdym. Ýagdaýlarymy, niýetimi aýtdym. «Birwagtlar seniň köňlüňde arman galdy, şol armandan çykaryn diýseň ine men, ine-de sen isläniňi et, eýelik edibilseň men seňki» diýdim. Ol: «Men saňa düşünýän, saňa hossar gerek. Özüm barada aýtsam, seni söýenligimem, henize bu güne çenli ýadymdan çykarybilmän ýörenligimem, kalbymda arman galandygam çyn, ýöne menem eýýäm öý-işikli. Bir maşgalanyň, birgiden çagalaryň garamaty boýnumda, olardan artdyryp saňa hossarlyk edere bolsa mende gurp ýok. Ýöne, öňi-soňy ýüregiňe düwen bolsaň men seni başga bir gurply adam bilen tanyşdyraýyn» diýdi. «Bolýa» diýdim.
Şondan soň iki hepde geçip-geçmänkä, Tagan özi bilen deň-duşrak bir oglany yzyna tikäp geldi. Tanyşdyrdy. Ähli zady alaň-açyk aýdyşdyk. Gelen ýigidem: «Puluň gürrüňi ýok, ýöne men aýda bir gezekden artyk gelip bilmen» diýdi. «Hiç, hossarlyk etseň bolýa» diýdim. Şeýdibem gepleşdik. Ol ýigit aýdyşy ýalam etdi. Gelende dolup-daşyp geldi, gidende ep-esli pul goýup gitdi. Ýöne, näme bolanyny bilemok, bir ýyldan soň ol gelmesini kesdi. Şoňa çenli men kimem bolsa biri eýelik etse kaýyldym. Şol taşlansoň welin, gözüme urlan ýaly gezip başladym. Bir wagtyň özünde ikisi, üçüsi bilen gezen gezeklerimem boldy. Men özümi erkegiň iki ýagdaýda kanagatlandyrmagyny isleýärdim. Bir-ä düşekde, birem maddy taýdan. Ýöne, eger-de düşekde göwnüm ýetse pul diýibem duramokdym. Emma meni bu ýagdaýam irizdi. Ýadatdy. Adam şekilli öý-işik bolup ýaşasym geldi. Şol niýet bilenem birine durmuşa çykdym. Ýöne, basym ondanam göwnüm geçdi. Näme üçin diýseň, erkege meňzänok. Talaby, hökümi ýok. Ony iýjek, muny iýjek diýenok. Ýuwundy berseňem sesini çykarman sümrüp otyr. Gazanjy gowy däldi, belki şonuň üçin sesini çykarýan däldir. Bilemok. Aýdanok. Düşekde welin erbet däl. Şol tarapy üçin çydajak boldum. Bor ýaly däl. Käte düýbünden zat bermänem görýän welin, bir jüňňül suw içýä-de «tapyr-tupur» ýatyberýä. Ýuman agzynam açanok. Ahyry çydam käsäm doldy. Kowdum.
Şondan soň Aşgabatda işläp ýören bir türk ýigidine duşdum. Özüň bilýäň, türk firmalary Türkmenistanyň dürli künjeklerinde her dürli binalar gurdular. Meniň duşan ýigidimem paýtagtdaky gurluşuklaryň birinde işçi ekeni. Olaryň aýlyklary gowudy. Bir müň, müň ýarym dollar dagy bardy. Şonuň üçinem, gurluşyklarda işleýän türk ýigitleriniň köpüsi türkmen oglanlaryny sähelçe pula kireýine tutup öz ýerlerine işledýärdiler-de özleri wagtlaryny galapyn keýp çekip geçirýärdiler. Meň türkümem şeýdýärdi. Hemişe diýen ýaly öýdedi. Meni hiç zatdan hor etmeýärdi. Sowutgyjym hemişe iýr-iýmişden dolup durýardy. Näçe diýsem pul berýärdi. Ýatyşy pul berşindenem gowudy. «Sewgilim, mehribanym» diýip, gysyp-gowrup, janymy alyp barýardy. Men öňde-soňda şonuň ýaly aýala ezber erkek göremok. Ýöne, ojagaz lezzetimem uzaga çekmedi. Ýarym ýyla golaý ýaşaşanymyzdan soň wagty doldumy ýa başga bir sebäp boldumy, ur-tut öz ýurduna gidermen boldy. Ilk-ä ibermejek bolup, soňam galmajak bolup görgümi gördüm. Ganlar eňredim, aýagyna ýykylyplar ýalbardym. «Ýa gitme, ýa menem alyp git» diýdim. Ol: «Sen gamlanma, ine pul, haçan göresiň gelse yzymdan Istanbula bar-da, uçardan düşüşiň ýaly şu telefona jaň et, men özüm garşy alaryn» diýdi. Köşeşdirdi. Güp ynandym. Bir aý, aý ýarym zordan çydandyryn-da, göresim gelip, ýüregim üzülip barýa. Ahyram bir gün çagalarymy garyndaşlarymyň biriniňkide goýdum-da, niredesiň Istanbul diýip ýola düşdüm. Öý salgysyny-ha ol asylam bermändi welin, duýdansyz baryp begendirmek üçin «barýan» diýip habaram etmedim. Uçardan düşüşim ýaly telefona ýapyşdym. Emma görüp otursam Istanbulda olar ýaly telefon belgisem ýok ekeni, olar ýaly adamam ýok ekeni. Serpmeden gaýdan ýaly boldum. Şonda bildim aldananymy. Hemişe diňe aýallar erkekleri barmaklarynyň ujunda pyrlaýalarmykan öýderdim welin, erkekleriň pyrlaýşy aýallaryňkynyň dagy çeni-çakam däl ekeni. Bir döwür üç-dört erkegi bir ýüpe daňmany başaran halyma, şeýdip bir türkden ät galdym.
Istanbulda bir hepde gowrak eýläk-beýläk entedim, telim gapyny kakdym, telim edara ýüz tutdum, ahyram türkümden derek tapman yzyma dolandym.
Şondan soň esli wagtlap öz-özümi ýigrenip gezdim. Gaýdyp, erkek tohmuna ýüz bermäýin, birinem düşegime goýbermäýin, diýdim. Ýöne, ýekeligem ýaman zat. Onda-da aýal maşgala bolsaň. Käteler erkek küýsäp şeýle bir içiň gysýa, şeýle bir içiň byjyklaýa welin, gapyňdaky köpek bilen çörňeşäýesiň gelip dur. Üstesine-de özüňi eýesiz mal ýaly duýýaň. Çagalaryň güýmenje bolýa welin, nätjek-dä, olaryň ýeri bir başga, äriň orny bir başga.
Içimiň ýangynjyna ýene-de birmeýdan saga-sola çapdym. Kim bolsa-da saýgarmadym. Gezdim. Göwün solpymdan çykdym. Ahyram ýadadym-da, ýene birine bardym. Adamçylygam, düşekde ýatyşam, gazanjam gowudy. Ýöne, görgüli ýerine siýýän ekeni. Ertir irden turanda ýanbaşyny şalpy-şaram edip turaýýar. Uly adam beýdip ýörse betgelşik bor ekeni. Ýaman dert ysam aňkap alyp barýa. Şonuň üçin onuň bilenem aýrylyşmaly boldum. «Meňki boljak däl oýdýän» diýip, agladym. «Alla jan! Ak ýürekden ak ýola düşjek bolamda-da näme üçin meň ýolumy bekleýäň, näme üçin maňa idili är sataşdyraňok, ýa meň düzelip dogry ýola düşmegimi isläňokmy» diýip, Hudaýa nalyş etdim. Ýöne nätjek, «öwrenen gylyk örkleseňem durmaz» diýenleri, ýene-de urdum özümi şama-şaýyrda. Häzirem şol gidip oturyşym...
Bäşe sözüni kesdi-de, uludan demini aldy.
― Ol gelin bu zatlary maňa göýä diýersiň özüni güjeňleýän ýaly, mazamlaýan ýaly, «Men-ä ine şeýleräk, meýliň bolsa ýör öýe, ýa-da äkit meni nirä äkitseň» diýýän ýaly diýseň göwünjeňlik bilen, üýtgeşik bir işdä bilen gürrüň berýärdi. Emma onuň sanap geçen o-ol, uzyndan-uzyn sanawlarynyň soňuna goşulmana mende meýilem ýokdy, islegem. Keşdimem çekjek däldi. ― Bäşe meniň ýüzüme çiňerildi. Şonda, Aşgabadyň ähli jelepleriniň bar derdi namysy bir özüniň başyna düşen ýaly gözlerinde tükeneksiz gaýgy-gam, gussa göründi. Ýalňyşmaýan bolsam ol çalarak hamsykdam. ― Ine, dost, şo-ol talyplyk döwürlerimizdäki jedellerimiz bilen meniň şu beren gürrüňimdäki wakalary deňeşdirip gör. Döwür, zamana bizi gör nirelere getirdi. Nämelere kaýyl etdi, indiden soň bu bizi nämeleriň üstünden elter?..
Howwa, Bäşe ikimiziň talyplyk döwürlerimizden bäri bary-ýogy kyrk ýyl geçipdir. Emma, şu iki aralykda-da adamlaryň ruhy we ahlak derejeleri nähili pese gaçdy. Biziň talyplyk döwürlerimiz baknalyk döwrüdi. Türkmenistan SSSR-iň düzmüne girýärdi we ähli babatlarda Kremle garaşlydy. Şonuň üçinem biz şol döwrüň ähli nogsanlyklaryny şondan görýärdik. Hamala biz aňyrdan gelýän örän ahlakly, Hudaý tarapyn ýaradylan päk halkdyk, sowet terbiýesi bolsa biziň aňymyza öz milli ahlagymyza ters bolan başga bir ruhy guýýardy. Biz ony ýokuş görýärdik. Başga bir edibilýän zadymyz bolmasa-da, şol zatlaryň garşysyna ýaş ýüreklerimize, entek doly bekäp ýetişmedik beýnilerimize zor salmak, gyzgyndan-gyzgyn jedellere girmek arkaly göreşýärdik. Garaşsyzlygy, ähli babatlarda öz milli ýolumyz bilen ösmekligi, gelin-gyzlarymyzy hut özümize mahsus bolan ahlaky ýollar bilen terbiýelemekligi, türkmeniň ar-namysly, arassa halkdygyny bütin dünýä äşgär etmekligi arzuw edýärdik. Emma, ine, indem... Garaşsyz bolanymyzdan soňam... Şu oýlara gümra bolup otyrkamam Bäşäniň:
― Ýöne-e... ― diýen güňleç sesi otlynyň bir ýerlerden gelýän zogy ýaly bolup gulagyma indi. ― Mundan ylaýyk üç hepde öň, tötänden diýen ýaly Şemşada sataşdym. Salamlaşdym. Ýagdaýlaryny soradym. Ol şol bir alçaklygy bilen: «Indi bar zady taşladym. Bäş wagtyna namaz okaýan, oraza tutýan, eden ýalňyş hereketlerim, günälerim üçin, tenimi satyp çagajyklaryma haram çörek iýdirendigim üçin, haram don geýdirendigim üçin, Allatagalladan ötünç soraýan. Toba edýän. Belki ol ähli günälerimi geçer» diýdi. «Elbetde geçer» diýdim. Şeýdibem hoşlaşdym.
Bäşäniň soňky sözleri meni az-kem köşeşdirdi. Her niçik hem bolsa bozuk ýola göz diken nesliň şol gelin ýaly iru-giç düýp terbiýä dolanyp gelmegi, eden işlerine puşman edip Biribardan ötünç soramagy gelejekki ýaşlarymyzyň, päk boljakdyklaryna umyt döredýär.
Juma Hudaýguly
GARAWULHANADAKY GÜRRÜŇÇILIKLER - kökenli hekaýatlar - böleginden.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.