Hulio Kortasar


HULIO KORTASAR

Hulio Kortasar (ispança: Jules Florencio Cortázar (Hules Florensio Kortasar)), 1914-nji ýylyň 26-njy awgustynda Brýussel şäherinde doglup, 1984-nji ýylyň 12-nji fewralynda Parižde akganlylyk (leýkemiýa) keselinden aradan çykypdyr. Ol asly argentinaly ýazyjy, şahyr, esasan Parižde ýaşapdyr we işläpdir.
H.Kortasar jadyly hakykylygyň (realizmiň) we hojalyk fantastikasynyň alamatlary bolan hekaýalaryň, şeýle-de “Nusgawylygy oýnamak”, “62. Ýygnamak üçin nusgalyk (model)” ýaly birnäçä romanlaryň awtorydyr.
H.Kortasar çagalygyny we ýaşlygyny Buenos-Aýresde geçiripdir. Mekdebi tamamlandan soň Argentinanyň paýtagtyndaky uniwersitetiň edebiýat-filosofiýa fakultetine okuwa giripdir. Ýöne, bir ýyl okanyndan soň serişdesiniň ýetmezçiligi zerarly okuwyny taşlap, oba mugallymy bolup işe başlapdyr. 1944-nji ýylda bolsa ol Mendosa şäheriniň uniwersitetinde mugallymçylyk etmäge başlapdyr.
1946-njy ýylda ol Buenos-Aýrese dolanyp gelip, Kitap Palatasynda gullukçy bolup işe başlapdyr. 1951-nji ýylda edebiýat stipendiýasyna mynasyp bolup, Ýewropa gidipdir we tä aradan çykýança Parižde ýaşap, uzak ýyllaryň dowamynda ÝUNESKO-nyň terjimeçisi bolup zähmet çekipdir.
Ol özüniň ilkinji eserlerini 1938-nji “Bolmaklyk” atly sonetler ýygyndysy görnüşinde çap etdirip, şahyr-simwolist hökmünde çykyş edipdir. Ol aradan çykandan soň bolsa onuň “Diňe iňrikler” atly şygryýet eserleriniň ýygyndysy 1984-nji ýylda neşir edilip, oňa 1950-1983-nji ýyllarda ýazan goşgulary hem poemalary girizilipdir.
H.Kortasaryň birinji hekaýasy “Basylyp alnan öý” diýen at bilen 1946-njy ýylda Horher Luis Borhes tarapyndan neşir edilýän žurnalda çap edilipdir. Eýýäm özüniň ilkinji döredijilik synanyşyklarynda-da H.Kortasaryň hakyky durmuşy fantastika bilen seplemäge, okyjyň kabul edişini aňk ediji duýdansyzlyga ýykgyn etmesi ýüze çykmaga başlapdyr.
Onuň beýan edişinde hiç zady üýtgeşik däl, daşky galyby (sypaty) durnukly adatylyk, birdenkä syrly, duşmançylykly güýçleriň täsiri bilen çaýkanmaga başlaýar, onuň hekaýalaryny okadygyňsaýy olarda beýan edilýän hakykydälligiň (irreallygyň) agressiwligi düşnüksiz oňaýsyzlygy, howp abanýanlygynyň duýgusyny döredýär. Belki okyjylaryň, has dogrusam, neşirýatçylaryň düşünmezlikleri zerarlydyr, H.Kortasaryň 1950-nji ýylda ýazylan “Synag” atly romany diňe 1986-njy ýylda çap edilipdir.
H.Kortasaryň romanlarynyň häsiýetli aýratynlygy sözlem düzmegiň täze, adaty bolmadyk usuly, wakanyň kaleýdoskop häsiýetliligi, çeper stilleriň garym-gatymlygy, çylşyrymlaşdyrylan allýuziýalar (latynça: allyusio – ýaňzytma, kakdyrma, henek), köpgatlakly simwolika bolup durýar. Ondan başga-da H.Kortasaryň kyssasyna synaga höweslilik hem oýunçyllyk ruhy mahsusdyr – onuň eserlerinde ýazaryň iňňän baý hyýaly hatda iň bir jikme-jikçil okyjyňam hyýalbentligi hem-de oýlanmagy üçin giň ýol açyp berýär. Ýazyjy eserlerinde, öýkünmäni (parodiýany), çakdan aşa ulaltmany (giperbolany), mantyksyzlygy (paradoksy) ussatlyk bilen peýdalanyp, sözler, şekiller, keşpler, hadysalar bilen oýnaýar
Çeşme Kitapçy.ru
0 лайков 98 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.