Tümmek / hekaýa
TÜMMEK
Goýun. Ýekeje-de geçi ýok. Bir süri goýun. Öňbaşynyň jaňam serkä derek bir çak önelgeden galan garry goýunyň boýnuna asylan. Hakyky öňbaşy bolsa, hol gara sazagyň kölegesindäki, üstünden guş uçmaýan, astyndan gömülgen geçmeýän tümmek-sekiniň üstünde. Elinde-de egrem-bügrem taýagy. Boş çopan. Ondan aşagyrakda çopan bar. Ol çopan däl-de Boş çopanyň buýruklaryny ylahydan gaýdan ýaly, keramatlaşdyryp maňa ýetirýän çapar. Menem näme, eýýäm çak edensiňizle, siziň sadyk guluňyz çoluk. Lakamymam çolak.
Ýokarkyň goýan lakamy. Hemmämizden ýokarda oturansoň, “Ýokarky” diýseň, gül-gül açylyp, giň-giň ýaýraberýär. Özünden ýokarda hakyky Ýokarkynyň bardygynam unudaýmasy bar, şeýdip. Aýagymdan içýan çakanda birki gün ýemsäp gezipdim welin, şol ýetik eken. Şondan bäri ol-a maňa “Çolak” diýýär, menem oňa “Boş çopan”. Bir parhymyz, meň diýýänimi özümden başga eşidýän ýok.
Bu gowgaly dünýäniň iň asuda ýer-ä düňle-çöl. Çölüň iň asuda ýerem biziň goş. Sebäbi, öňem aýdyşym ýaly biziň süri diňe goýun. Olaryňam hemmesine uçdan tutma tumşuklyk geýdirilen. Kesege gonan baýguş ýaly bolup oturşyna:
-Çol-ak. Gel bäri, bäläňi “aýtmaýyn” edýän poh işiň ýok – diýip, gygyrýar.
“Şu giden tumşuklygy günde iki gezek aýryp, iki gezegem dakyp çyksaň, başga... iş gerekmi?!”
-How, çopan aga?
-Men saňa “Çopan agamy?”
-How, Baş çopan aga?
-Bäläňi “aýtmaýynyň” goýunlar nämä mäleýä?
-Häzir boşadyp çykdym.
-Daň!
-Ýöne olar häli garnyny doýrubam...
-“Daň”-diýdim. Sen soňky döwür şolaň arkasyny köp alýaň. Ejeň goýunmy? Ýa kakaňmy? Bilýäňä sesini halamaýanymy.
-Bor, çopan... Baş çopan aga.
-Çopan kimiň teýinde?
-Düýnki iýilmedik (Meniň “iýip ýetişilmedik”-diýesim geldi) bedeleri Eşrep agaň goşuna äkitdi.
-Bolýa. Bu haram gatanlar bol tapýa, bede zaýalan bolup.
“Wah, bede berseň iýjekli bu görgüsi ýamanlar”
-Hawa-hawa.
-Tur göteril häwe-häwe bolsa. Seslerini gap bahymjak.
Eýesiniň gatyrgananyny görseler tamdyr ýaly kellelerini atanak bilekleriniň üstüne goýup ýatan köpeklerem çekgeleriniň salpy hamlaryny gyýaklary görünýänçä dyryşdyryp, ýeser-ýeser syrtaryberýäler. Şu tümmegiň alkymyny alyp ýatmakdan, üç-dört wagtyna ýal iýmekden ötri aladalaram ýok, işlerem. Bol-bol it bol.
Men gaýdamsoň yzymdan, egri taýagy dutar edinip, zorruk sesi bilen “A-Aý, ýar gel-eý, eý-waýeý” – diýip gygyrdy welin, süňňüm sarsyp, inim üýşügip gitdi. Muňa köpeklerem ýaranjaklap, dylym-dylym edip, küle guýruklaryny bulaýlan bolýalar. (Olaryň wezipesine girýän üçünji işi aýtmandyryn.)
Janawerler ýüzüme zaryn-zaryn seredişýäler.
-Wah men nädeýin? Men bir ýumuş oglany. Goşda diňe ýeke özi aňňyrmalymyşyn. Sesiňizi halamaýamyşyn.
Şeý diýemsoň, olaram meň bilen ylalaşýan ýaly, kysmata kaýyl bolup, tumşuklaryny tutup durdular.
Bir haýukdan it alan sanaja dönüp çopan aga geldi. Hemişede Eşrep agalardan şundan ybaly bolup gelmezdi. Ýöne bu gezekki ýagdaýy bolar ýaly däl.
-Özler-ä iňňelik iýen ýaly taraşa bir zat welin, ýaman bek topulýalaraý. “Ýagşylyk etme eşege, dyzzyk urar duşaga” diýenleri şü. Men-ä olara bede eltip berýän, olaram meni itlerine daladyp goýberýäler. It bol-guş bol ýagşylyk edilýänini bil, hämi? Biziňkilerä ýatyr anha mas... (ol “Maslyk ýaly bolup” diýjek boldumy, “masgarasyny aşyryp” diýjek boldumy, garaz öwmekç-ä däldi. Soň meniň ýokarka ýetirerimden eýmendimi nätdimi) mys-mys uklap.
Bu bulagaýlyk bir ýerden böwsüp çykmalydy. Böwsüp çykdam. Bir gün irden seretsem süriň üçden biri dagy bölünip gidipdir. Men-ä janawerleriň gutulanyna begendim. Ýokarkyň sesi bolsa, öňküden beter daş ýardy.
-Çola-a-ak!
-How, Baş çopan aga!
-Bäläňi “aýtmaýyn”, kimiň teýindediň seretmän? Derrew tapyp gel. Ýekejesi kem bolsa, özüňi goýun edip sürä goşaryn.
-Bor, Baş çopan aga.
-Dur, sen gitme. Sen galanlara esewan bol. Bäläňi “aýtmaýynyň” çopanyny çagyr bäri.
-Bor, Baş çopan aga.
Aýak yzlary Rejep agaň goşuny, Rejep aga-da çopan aga başam barmagy süýem bilen orta barmagyň arasyndan jyklap duran ýumrugy görkezipdir.
Olaryňa gidişi-gidiş boldy. Soň açlyga bäs gelip bilmän guzylar gyrylyp ugrady. Bu zatlara çydaman, isýän etmegi ýüregime düwdim. Çopan agadan-a ne nep bar, ne gep bar. Birinji garşydaş itler. “Çopan aga näme diýipdi, “iňňelik iýen ýaly” diýipmidi? Hersine aýamçarak jylkany iňňelik edip, ýallaryna garyp berdim. Olar-a taýýar. Ýokarky galdy. Ol-a olardanam aňsat boldy. Esewanlyk bilen baryp, elindäki taýagy sogrup alyp, dulugynyň düýbüne bir düşüremden, taraşlanmadyk pagsa meňzeş dykyz göwre tümmekden tigirlenip gaýdyberdi.
Ýa şu tümmek azdyrdy ýa bar belaň sapy şu egri taýak, garasaý, şondan bäri goýunlaň sesine takatym ýok.
17.08.2018
Umyt Küle

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.