Ýok!

Ýok!
("ýok!" -S.H-)

Men onuň bagtyna böwet bolmaýyn,
Saklamaýyn Ony gitjek ýolundan.
Duýgularmy acyk,aýdyň diýmäýin?
Ýok,ýok tutmaýyn men Onuň golundan.

Arzuwlarmy puc etmaýin men Onuň,
Badak salmaýyn men täze hyýalna.
Bilýän-ä ir-u-gic düşüner olam,
Şoň ugrunda köýüp,ýanyp,ýyglanma.

Ýok,men söýýänimi aýtmaýyn Oňa,
Diýmäýin derdime em Sen,geregim.
Ýöne häzir-häzirem diňläp görsem,
"Diňe şol" diýip urup dur ýüregim.

Emma,men Oň dünýäsinden gitmeli,
Goramaly Ony sada söýgümden.
Ýa bu zatlar ýüregini dilermi,
Menden soňra aýňalmazmy görgüden?!

Ýok, men Onuň ýanyndan hic gitmäýin,
Cykarmaýyn ýüregimden asylha.
Ýok,men Ony özgelere dözmäýin,
Özgeler düşünmez Onuň halyna...
Ş.D
2017Ý
3 лайков 119 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.