*****

Barlygyña tiz öwrenşenime seretme, ýoklugyña öwrenişmegimem şol tizlikde bolup biler.
*****
Söýen kişimiziñ sähelçejik hoş sözünden umytlanyp, beýik-beýik hyýal köşkleri gurýarys serimizde.Hakykaty gören wagtymyz bolsa, şol köşkleriñ ýykylmagyna tomaşa edýäris.Gurýan özümiz, ýykýan özümiz, onda garşymyzdakyny günäkärläp oturmaga ne hajat?!

*******
Gelişi bilen kalpdaky boşlugy doldurmagy başaranlaryñ gidişi bilen şondanam uly boşluk döretmekleri neneñsi adalatsyzlyk!

*******
Käbir duýgulary, hereketleri öwrenmek üçin olary gaýta-gaýta synap, başdan geçirip görmegimiz gerek. Ynam duýgusynda bu düýpgöter tersine eken. Ynana-ynana öwrenýän eken ynsan ynanmazlygy.

*******
Owadan düýşleri görüp ýatyrkam oýanyp, hakykat däldigine gynanmaga derek, ýaramaz düýşleri görüp ýatyrkam oýanyp, hakykat däldigine begenmegi saýlardym.

*****
Süýji ýalanlaryñ irde-giçde üstüniñ açyljagyny bilmesedim, onda ömürboýy ýalanlaryña ynanyp ýaşamagy islärdim.

*****
Söýüp bilýänler neneñsi bagtly! Biz söýmegi başarmadyklar bolsa, hatda söýginiñ gussasyny çekmegi-de ömrümize serpaý saýýarys.

*****

Käbir adamlaryñ belgilerini telefon depderçäme bellemezlik bilen özüme ýamanlyk edýän ekenim.Wagtyñ geçmegi netijesinde şol ynsany durmuşymdan çykarsam-da, belgisini ýadymdan çykaryp bilemok.Bir gün küýseme duýguma ýeñlip serimdäki şol belgilere jañ etmekden öler ýaly gorkýan.


@Belki
4 лайков 163 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Şyhnazar
04 дек 2022, 15:25
Aldamak üçin aglamak gerek, aglamak üçin aldamak gerek. Düşünmedim diýýäñmi? Wahh, gepem şonda-da, meñ bu diýýänimi añlamak üçinem ilki aglamak gerek...
Belki
Автор 04 дек 2022, 18:34
Bayat, şahyrana!
Şyhnazar
04 дек 2022, 21:43
Belki,
Aý kellä gelen zady yelmedim