Arasynda...

Şükür ykbala, hemme zat ýeterli,
Ýöne ýalňyzlykdan beter ýadadym
Telim gezek berdim şeýle soragy
Garamy maňlaýym?
Ýa-da sadadym?

Bahar gelse gar ereýär, ýylaýar
A biz bolsa tebigatyň tersine
Gyşda gyrawlan söýgüni eretmän,
Ýazda atdyk Gimalaýyň gerşine

Irizýär ynsany ýylgyrmaklygam
Ýasa bogulýarka içde pikirler
Ýöne, nätjek, durmuş dowam edýärkä,
Medetkär Allahym,
Saňa şükürler!

Özüm bilen gürleşibem imrikdim,
Ejizligem üstün çykýar güýç ýerne
Sesiň eşitmeg-ä beýle-de dursyn,
Arasynda gelip gidäý düýşlerme


Ylham GURBANALYÝEW (2021)
1 лайков 80 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.