Ataly ogullar
Gaýtalanyp duran günlerden bir gün.
Her gün bolşy ýaly 7-8 ýaşly oglumy mekdebinden alyp, işime getirdim.
Işiň soňuna, agşama çenli ýanymda güýmenýär. Balagynyň jübüsinde-de edil “ýitirilen goşlaryň saklanýan bürosyndaky” ýaly zatdan doludyr; owunjak oýnawaçlar, kiçijek toplar, sakgyjyň içinden çykýan suratjyklar, gerek-gerekmejek oýnap bolaýjak ýene-ýeneler. Arasynda öý işlerini edip işim gutarýança güýmener.
Ine, altyň ýary boldy, soň özi boldy. Bizem goşumyzy arka alyp öýe ugradyk. Ýolda-da ýagyş sepeläp başlady, ýagsammykam, ýagmasammykam diýýän ýaly. Bahymrak öýe ýetmeli. Howaň bellisi ýok.
Awtobus.
Teke bazar.
Şäher etegine gatnaýan “Gazeller”.
Soň, ýene taksiler.
Ortadan geçýän uly ýoluň ugrunda düşüp öýe çenli bir-iki çatryk ýöremeli.
Barýas iki bolup, ataly ogul. Şol wagtam birden ýagyş güýçlenip dünýäni sil-suw edip başlady.
- Ylgaly, oglum. Bahymjak öýe ýeteli…
Ýagyşyň aşagynda ylgaşlap barşymyza, oglumyň başyny ylham perişdeleri sypady öýdýän:
- Kaka! Bilýäňmi näme boldy şu wagt?
- Ýagyş bedreden guýýar. Näme bolsun başga?
- Diňle näme bolanyny aýdaýyn. Häli ýagyş “ýag” diýip ogluny iberdi, olam ýaltanyp, gowy ýagman kakasynyň gaharyny getirdi. Indi, şu wagtam ýagyşyň özi gaýtdy. Diýenini etmedik ogluna gahary gelip ýagýa…
- Bolup, biler…
Men ogluma bildirmän ýylgyrdym:
- “Oglany ýumşa ibеr, yzyndan özüñ git!” diýleni boldy öýdýän.
- Kakaň ýumuş buýrsa gaharyny getirmän etmeli gerek?
- Hawa. Sen-ä akyllyja, hemişe diýenimi edýäň. Gaharyman getireňok…
Içimdenem pikir edýän. Hany, ulal bakaly. Entek öňümizde döwürleriň çözülmedik meselesi – atalar we ogullar. Diýenimi edermiň, diýeniňi etdirermiň... hemmesi öňde...
Ine-de öýe ýetdik. Penjireden pişigimiz daşaryny synlap dur. Biz, ataly-ogul asmandaky ataly-ogluň öýke-kinesinden ýaňa sykaýmaly öl-myžžyk bolup öýe girdik. Bize garaşylýan mähirli öýümize...
Gaýtalanyp duran bir gün şeýdip ýatdan çykmajak güne öwrüldi.
© mango
2022
Çeşmesi: https://edebiyat.clan.su/news/ataly_ogullar/2022-12-08-176

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.