Näme bolsa, ýene bolsun şonçarak...

Dünýäm gurşap aldy gamly dumanlyk,
Gelermikä indi giden şatlygam?
Kime gerek beýle nepsiz juwanlyk
Kime gerek beýle düňle ýaşlygam

Unudulyp galdym duman düýbünde
Tozan basdym,
emma kalbym kireňsiz
Geljek diýe ýaşap ýörün düýnümde
Girewli ömri hasaplap men girewsiz

Asla haraý islamogam hiç kimden
Her kimiňem öz gaýgysy ýetikdir
Myhmanyňky diýilýädi üç günden,
Aýralykdan ençe hepde ötüpdir

Münejjimler ýylylygy söz berdi,
Wagtyndan öň, aýaz boldy howalar
Gözmonjukly söýgümize göz degdi,
Nirde yrym-ýorum, nirde dogalar?!

Näme bolsa, ýene bolsun şonçarak,
Ykbal seni ýigrenç gözde görmesin
Söýgi bilen bir enaýy gunçalap,
Ömür sährasynda bagtyň güllesin


Ylham GURBANALYÝEW (2022.08)
7 лайков 140 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ffgggggffddd
19 янв 2023, 11:02
bet
Jeksparro
19 янв 2023, 22:22
Ylhamyňa berilipdir Ylham Gurbanaly