1841-nji ýyl Lermontow dueliň öň ýanynda
Sen nirde, Russiýa!
Tur, aýaga gal!
Ähli lellimligiň zynjyryny gyr.
Indi seniň hiç wagt dogmajak ogluň
Dur ajal okunyň öňünde häzir.
Üç däl,
Sekiz at goş çaman paýtunňa,
Bol çaltrak, howp astynda aşygyň.
Indi gel-gel, ölen ýüregi bilen
Aşyk söýmelimi garly Maşugyn.
Rehmiň gelsin perzendiňe, Russiýa,
Onuň murty ýaňja tabady ahyr.
Ol seniň namysyň, wyždanyň üçin,
Duşmanlarňy burça gabady ahyr.
Ýetiş sen, ärleriň beýik ülkesi,
Ähli Pugaçýowyň, Raziniň bilen.
Kak sen dekabristleň mazar gapysyn
Senat meýdanyna çyksynlar olar.
Benkendorf däl-de,
Puşkinler bile
Adat boldy Russiýany soramak.
Ýöne neçün ýetişeňok, Russiýa?
Kyn düşýärmi şahyryňy goramak?!
Ýüregiňden çykan ýalkymly sözleň
Zarbyndan titredi patyşaň tagty.
Neneň gymmat düşdi
Bütin Ýewropaň
Seniň kuwwatyňa ynanjak wagty.
Ine, ine, kawalergard Martynow
Gysyp barýar pistoletiň gulagyn.
Nyşanasy diňe Lermontowam däl,
Nyşanasy seň ýaraly ýüregiň.
Ýok, öňräk gunduz garyň üstünde
Dantesem Puşkini atmandy diňe,
Ol Puşkiniň çep gursagna bakýarka,
Seniň çep gursagňa bakýardy siňe.
Ine, bu gün ak Maşugyň öňünde
Ýene çenäp durlar çep gursagňa ok.
Sem nämüçin ýetişeňok, Russiýa?
Kyn düşýärmi şahyrlarňy goramak?
Gurbannazar Ezizow
Tur, aýaga gal!
Ähli lellimligiň zynjyryny gyr.
Indi seniň hiç wagt dogmajak ogluň
Dur ajal okunyň öňünde häzir.
Üç däl,
Sekiz at goş çaman paýtunňa,
Bol çaltrak, howp astynda aşygyň.
Indi gel-gel, ölen ýüregi bilen
Aşyk söýmelimi garly Maşugyn.
Rehmiň gelsin perzendiňe, Russiýa,
Onuň murty ýaňja tabady ahyr.
Ol seniň namysyň, wyždanyň üçin,
Duşmanlarňy burça gabady ahyr.
Ýetiş sen, ärleriň beýik ülkesi,
Ähli Pugaçýowyň, Raziniň bilen.
Kak sen dekabristleň mazar gapysyn
Senat meýdanyna çyksynlar olar.
Benkendorf däl-de,
Puşkinler bile
Adat boldy Russiýany soramak.
Ýöne neçün ýetişeňok, Russiýa?
Kyn düşýärmi şahyryňy goramak?!
Ýüregiňden çykan ýalkymly sözleň
Zarbyndan titredi patyşaň tagty.
Neneň gymmat düşdi
Bütin Ýewropaň
Seniň kuwwatyňa ynanjak wagty.
Ine, ine, kawalergard Martynow
Gysyp barýar pistoletiň gulagyn.
Nyşanasy diňe Lermontowam däl,
Nyşanasy seň ýaraly ýüregiň.
Ýok, öňräk gunduz garyň üstünde
Dantesem Puşkini atmandy diňe,
Ol Puşkiniň çep gursagna bakýarka,
Seniň çep gursagňa bakýardy siňe.
Ine, bu gün ak Maşugyň öňünde
Ýene çenäp durlar çep gursagňa ok.
Sem nämüçin ýetişeňok, Russiýa?
Kyn düşýärmi şahyrlarňy goramak?
Gurbannazar Ezizow
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.