Seň ýoklugyň durmuşymyň kadasy...
Ýürek gam-gussadan bir dil açmady,
Sessiz gaýtalaýan yşkyň senasyn.
Ne ýakan oduňa bile bişişdiň,
Ne-de meň başyma bolduň pena sen.
Ömre yşkyň ezýetini gatdyryp,
Ýetdim şu günlere degilmän deme.
Sataşanym, soň bolsa tutaşanym,
Kalbymda ýaşaýaň diňe sen, diňe.
Ýaňy bolup geçen ýaly zatlary,
Ýatlasaň däl, ýatlamasaň ýetikdir.
Seni söýüp kör bolmandyr gözlerim,
Paýhas elegimiň gözi bitipdir.
Altyngözel Amanmämmedowa
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.