*****


Şatlykdan asmana ýetende başym,
Bir jaýa üýşende dostym - gardaşym,
Ýa başa iş düşüp, batamda gama,
Ýa bir kişi alkyş aýtsa atama,
Ýolda sataşanda, tanyş aýallar,
Seni ýatlap, hoş sözleri aýdarlar:
"Gynandyrýar çykandygy aradan,
Ýokdy seň ejeň deý ajaýyp adam".
Şonda seni has küýseýän ejemjan.
Aýly gije ýar jemalyn göremde,
Ýüregimde täze aýdym dörände,
Syrly heňler bilen çeşme akanda,
Gökde ýyldyz bagt güjeňläp bakanda,
Ýeller sypalanda gülüň ýüzüni,
Diňlemek isleýän seniň sozüňi.
Diýip: "Men balamy görsedim bir dem",
Ähtimal gül bolup çykansyň ýerden.
Şonuň üçin güle mähirli bakýan,
Ýöne men aýralyk jebrini çekýän.
Seniň keşbiň göz öňüme gelende,
Bagry paralaýar aýralyk derdi.
Neneň bagtly, enesi bar adamlar,
Soraň ýetimligiň derdin dadandan.
Özüň gitdiň uzaldyp meň ömrümi,
Unutmaryn nurdan doly göwnüni,
Seni mydam küýseýärin ejejan





Awtor: Maruf Jelil
5 лайков 131 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Goklors
22 фев 2023, 16:16
@Гость şol wideo bar bolsa ugratsana pezzek@mail.ru

palçy gelin
Гость
Автор 22 фев 2023, 17:37
Goklors,
Bolýa, ugradaýaryn. Agşam nesip bolsa
Goklors
22 фев 2023, 17:42
ok, garaşýan minetdar
Гость
Автор 22 фев 2023, 19:12
Goklors,
Ugratdym, poçtaňy barlaý
Waleryanka
22 фев 2023, 19:38
Гость,
Ozun terjime etdinmi?
Гость
Автор 22 фев 2023, 21:32
Waleryanka,
Ýok