Saňa garaşyp

Saňa garaşyp ...


Şu wagt hem ýadymda

Goşgylarym ýanymda

Garaşýardym men saňa

On dokuzyň ýarynda


Seni söýýärdim gaty

Ýanymdady suraty

Saňa garaşýan diýip

Ýazypdym salam haty


Kän garaşdym gelmedi

Ýa hatymy almady

Meni ýada salmady

Gelmedi ýar gelmedi


Birje pursat gelsedi

Wah bolardym şadyýan

Gsraşýaryn men saňa

Garaşýaryn ýadaman


Geläýsedi ýanyma

Goşgy aýdyp bererdim

Soňra elinden tutup

Bagt köşgüne barardym


Pyşyrdaşyp bileje

Ýöräp gitsek çalaja

Allajan şeýle günler

Nesip etsin bizede


Gerçeknazar Amannazarow.

Çeşme:
https://sites.google.com/u/0/d/148UzZWL3fosb0G-DS2FirjdvJNF9Srrx/p/1tUziVHhV7GYV6swMuih7Sqflukd2X-YS/preview
3 лайков 123 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
picasso
24 фев 2023, 18:30
mazmuny bulasyk duygy berenok
Гость
24 фев 2023, 18:39
Ir çagyrypsyňda how. Ýediň ýarynda-da wyr duşuşyk bormy
Gerceknazar
Автор 24 фев 2023, 19:24
Гость
Ir çagyrypsyňda how. Ýediň ýarynda-da wyr duşuşyk bormy

Şoň üçin gelen däldir onda