Şeýdeweriñ hökman

...Ýyksañyzam, ýüzüm gorap,
Bir tarapa ýykaweriñ...

Laçyn Öwezowa.


Hawa, menem ak jüýje däl,
Syrym bolsa bukaweriñ!,
Öñümden, diñe gije däl,
Güneş bolup çykaweriñ!.

Azmaýyn, a:zana duşup,
Ýanmaýyn, ýamana duşup,
Ýagdaýyma edip oñşyk,
Diñe ýagşa çekeweriñ!.

Alyp, az görsem alanmy,
Ynsan nebisjeñ. Ýalanmy?,
Ownasam elim galamly,
Sag elimi depeweriñ!.

Durmuş añzak, täleýim gyş,
Uç bolmasa ýaýramaz myş,
Ötülmedik hata ýokmyş,
Günäm bolsa öteweriñ!.

Pany dünýäde ýerledim,
Bardyr erbetden erbedem,
Tabyda müner her beden,
Bir ujyndan tutaweriñ!...

Awtory: Baýram Bejidow
7 лайков 143 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.