“Gör, näçe ýyl sensiz geçipdir, dilber...”
Gör, näçe ýyl sensiz geçipdir, dilber,
Gör, näçe daşlaşdym seniň yşkyňdan,
Seni juwan gyzlaň keşbinden idäp,
Idäp ahu-gözli gyzlaň çeşminden.
Ýöne hiç zat çalşyrgysyz däl eken.
Görseň, ine, gözleriňe söweýin,
Bir zyba gyz otly söýgi bilen däl,
Mähri bilen tutdy seniň öweziň.
Bar eken bagtyňam ýerin tutýan zat,
Bozlap aýra düşen bagtymyň ornun
Tutdy akja gundagynda jägildäp,
Däbşenekläp ýatan ilkinji oglum.
Belkem, yrgadyryn,
durnuksyzdyryn
Ýa-da uýgunlaşyp ýürek zaryma,
Özümi ýitirip gam-gussa bilen,
Dönüp gidendirin başga birine.
Belkem, mejnun bolup söýen däldirin,
Ýaşlygyň alydyr kalbymdaky ot.
Sensiz ýaşap bilmän ýören hallarym
Göz öňüne getiribem bilemok.
Gör, näçe ýyl sensiz geçipdir, dilber,
Galan ömrüme-de şu günüm bolýar.
Ýöne käte seni bagryma basyp,
Şeýle bir, şeýle bir aglasym gelýär.
✏Nobatguly REJEBOW
Gör, näçe daşlaşdym seniň yşkyňdan,
Seni juwan gyzlaň keşbinden idäp,
Idäp ahu-gözli gyzlaň çeşminden.
Ýöne hiç zat çalşyrgysyz däl eken.
Görseň, ine, gözleriňe söweýin,
Bir zyba gyz otly söýgi bilen däl,
Mähri bilen tutdy seniň öweziň.
Bar eken bagtyňam ýerin tutýan zat,
Bozlap aýra düşen bagtymyň ornun
Tutdy akja gundagynda jägildäp,
Däbşenekläp ýatan ilkinji oglum.
Belkem, yrgadyryn,
durnuksyzdyryn
Ýa-da uýgunlaşyp ýürek zaryma,
Özümi ýitirip gam-gussa bilen,
Dönüp gidendirin başga birine.
Belkem, mejnun bolup söýen däldirin,
Ýaşlygyň alydyr kalbymdaky ot.
Sensiz ýaşap bilmän ýören hallarym
Göz öňüne getiribem bilemok.
Gör, näçe ýyl sensiz geçipdir, dilber,
Galan ömrüme-de şu günüm bolýar.
Ýöne käte seni bagryma basyp,
Şeýle bir, şeýle bir aglasym gelýär.
✏Nobatguly REJEBOW
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.