* * * *

Ýaz­ çab­ga­sy­ny­ syn­lap ­dur­şu­ma­ kal­bym­da­ he­mi­şe­lik­ yz­ gal­dy­ran­ şat­lyk­ly ­ýat­la­ma­la­ra­ be­ril­dim:­ tund­ra,­ dag­la­ra,­ de­ňiz­le­re­ we­ um­man­la­ra­ eden­ sy­ýa­hat­la­rym, ­duý­dan­syz­ du­şu­şyk­lar,­ oba­da­ ge­çen ­bi­gam ­ça­ga­ly­gym­ göz­ öňüm­de ­jan­lan­dy. ­Ýaz ­çab­ga­sy ­hem­ hiç­ ma­hal­ unu­dyl­ma­jak ­şat­lyk­ly­ gün­ler,­ jan­ly­nyň jan­syz­dan ­üs­tün­ çy­ky­şy ­ ýaş­lyk­ ki­min ­kal­bym­da ­or­naş­dy.

Bir­sa­lym­dan ­do­ly ­diň­di,­ çab­ga­da ­ki­par­la­dy.­ In­di ­kü­me­de ­otur­ma­gyň ­ha­ja­ty­ ýok­dy. ­Men ­ýag­şyň­ as­tyn­da­ gez­me­le­me­gi,­ suw­ly ­ jo­ýa­jyk­la­ryň­ için­de­ bök­jek­läp, ­tö­were­ge ­suw ­ba­ry­ny ­syç­rat­ma­gy, ­yga­lyň ­ýum­şa­dan ­top­ra­gy­ny ­bas­gy­la­ma­gy,­ ýuw­lan ­gül­le­ri­ syn­la­ma­gy ­ha­la­ýa­ryn,­olar ­şon­da­ gö­zü­ňe ­edil­ ýyl­dyz­lar­ ki­min aja­ýyp ­gö­rün­ýär­ler.­
* * *
Em­ma­ ça­ga­lar­ ma­ňa­ be­ge­nip­ diň­le­me­gi­ we­ gör­me­gi ­öw­ret­di­ler:­ kel­tek­çe­ ýit­di­mi­—­ba­da­ bat­ ogur­la­nan­dyr­ öý­düp­ bet­gü­man­lyk­ et­me,­ pen­ji­re ­ka­kyl­dy­my­—­ol­ di­leg­çi­ däl­dir,­bel­kem,­ ag­şam­ mek­dep­de ­ge­çi­ril­jek ­da­ba­ra­ ça­gyr­mak­çy­ bol­ýan­dyr­lar,­ hat­ gel­di­mi­—­bel­kem, ­trak­tor­çy­ tan­şyň­ sy­lag­ alyp,­ uly­ ab­ra­ýa ­eýe­ bo­lan­dy­gy­ny­ ha­bar­ ed­ýän­dir.

A. Kožewnikow
K.Goçgulyýew
Dunýä edebiýaty
3 лайков 97 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
13 апр 2023, 17:25
Ýakymlyja.