Unutmaýar türkmen unudylmaýar
"Diriler gezip ýör gysyp dişlerin,
Ölenleň ölmüne sebäpkär ýaly"
Gurbannazar Ezizow
Unutmaýar türkmen , unudulmaýar,
Uruş-ýürekleriň bitmez ýarasy.
Bu uruşda kim ýeňildi, kim ýeňdi,
Şeýle uruş haýsy göwne ýarady?
Diňmedimi naçarlaryň göz ýaşy?
Siňmedimi gara ýere ne hak gan?
Bilmedimi jeňparazlar dünýede,
Watan üçin pida boldy näçe jan?
Hoşlaşanda mährem ojagy bilen,
Ýigitlermiz çagyrdymy ajaly?
Bilmedik biz urşuň ajy awusyn,
Bilmän geçeli...
Şükür ýaşap ýörüs erkana ýurtda,
Eşretli eýýamyň eşretin duýup.
Ýaşamak bagt dälmi şeýle döwletde?
Erkinligi söýüp,watany söýüp.
© Gerçeknazar AMANNAZAROW
Ölenleň ölmüne sebäpkär ýaly"
Gurbannazar Ezizow
Unutmaýar türkmen , unudulmaýar,
Uruş-ýürekleriň bitmez ýarasy.
Bu uruşda kim ýeňildi, kim ýeňdi,
Şeýle uruş haýsy göwne ýarady?
Diňmedimi naçarlaryň göz ýaşy?
Siňmedimi gara ýere ne hak gan?
Bilmedimi jeňparazlar dünýede,
Watan üçin pida boldy näçe jan?
Hoşlaşanda mährem ojagy bilen,
Ýigitlermiz çagyrdymy ajaly?
Bilmedik biz urşuň ajy awusyn,
Bilmän geçeli...
Şükür ýaşap ýörüs erkana ýurtda,
Eşretli eýýamyň eşretin duýup.
Ýaşamak bagt dälmi şeýle döwletde?
Erkinligi söýüp,watany söýüp.
© Gerçeknazar AMANNAZAROW
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.