Jaýyñ jennet bolsun, Gültäç!

Sen tä şu pursada çenli tanan, jora bolan gyzlarymyñ hatda içki dünýäsine az salymlygam bolsa aralaşmagy başaran ynsanlarymyñ ählisinden başgaça. Munuñ şeýledigini olaryñ hiç biri inkär etmese gerek.
Ýaz ýaly ýakymly duýgularyñ, sada göwnüñ we töweregiñdäki adamlaryñ özüñ hakyndaky pikrine asla pisint etmezligiñ bilen parhlanýarsyñ. Häzir muny okap "Seniñ beýleki joralaryñ sada dälmi nä?"diýmegiñ ahmal. Ýok, joralarymyñ ählisi sada, kiçigöwünli, akýürekli gyzlar. Eger şeýle bolmasady juda az sanly ynsanlara edil del muzeýdäki sergi kimin apalap görkezýän ýüregimi açmazdym olara.
Ýöne sende mahal-mahal bolmak isleýän kişimi görýärin: Özgeleriñ özi hakyndaky pikri, il-günüñ näme diýjekdigi bilen asla gyzyklanmaýan ynsan. Wakalary bolşy ýaly däl-de bolmagyny isleýşi ýaly kabul edýän kişi.
Mundan bir-iki aý öñ işde şowsuz günler geçiripdim. Adalatsyzlyga uçrapdym. Günlerimi aglamak bilen geçirýärdim. Şeýle günlerde iñ esasy tesellim saña jañ etmek bolýardy. Seniñ bile habarlaşan mahallarym ýaşaýan dünýämden juda alys, şol bir wagtyñ özünde-de juda ýakyn dünýä - Gültäjiñ gyzykly dünýäsine syýahat edýärdim. Ol dünýäniñ içinde aýlanyp başagaý bolup ýörşüme öz dertlerim ýatdan çykýardy.

*******
Bu oýlanmamy takmynan geçen ýylyñ şu günlerinde ýazyp başlapdym. Mynasyp jemlemäni agtaryp ýörşüme wagty bilen nokadyny goýmandym. Asyl, takdyr başgaça jemlemäni peýläp goýan eken...

**********
Bu gün günortanlyk naharyna garbanyp otyrkam dostumyñ telefonyma ýazan sms-ini okadym. Saýtymyzyñ @Mähek atly agzasy Gültäjiñ ömür tanapynyñ üzülendigi barada habar berýärdi. Derrew anygyna ýetmek üçin dostuma jañ etdim. Olam bir tanyş gyzdan bu barada eşdipdir. Aýtmagyna görä, gyz Gültäje jañ edeninde telefony onuñ jigisi alyp, ajy habary aýdypdyr. Gyz ynanmazçylyk edensoñ ejesiniñ belgisini beripdir. Şeýlelik bilen habaryñ ýalan bolmagyny umyt edip, Gültäjiñ ejesine jañ etdim. Telefony galdyran mähirli zenan sesine haçandan bäri Gültäç bilen habarlaşyp bilmeýändigimi aýdanymda ajy sözleri enäniñ dilinden eşitdim. Enäniñ "Ömri gysga eken gyzymyñ" diýen zaryn sözleri bokurdagymy hykga doldurdy.
*****
Haçandan bäri serimde Gurbannazaryñ "Topragyñ üstünden ömürler geçýär" diýen setiri aýlanyp ýör. Ala-böle şu setiriñ serimde pelesañ kakyşyna teý düşünmeýärdim. Munuñ hikmetine şu gün düşündim. Topragyñ üstünden şeýle bir ömürler geçdi, şolaryñ arasynda Balkan ilinde ýaşamak nesibi çeken mylaýym, owadan, ak ýürekli Gültäç gyzyñam ömri bir ýyldyz mysaly gaýyp geçip gitdi. "Atasyz ýetim, enesiz ýesir" diýlişi ýaly yzynda suw ýaly perzendi galdy. Ýatan ýeriñ ýagty bolsun, joram! Jaýyñ jennet bolsun, Gültäç!
10 лайков 463 просмотров
24комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
03 авг 2023, 19:26
Waheý juda gynandym... Şadyýan agzady... :( Soňky wagtlar şum habarlar köp eşidýän... Başda - başda bular yaly habarlara känbir esewan edemokdym, gynanyp geçen bolýadym... Indi anyk düşinýän, bu meniň gynanç duýgylarymy soraglama wagty geleniniň alamaty...
Gunay
03 авг 2023, 20:27
Jaýy jennet,imany ýoldaş bolsun!

Ýagşylar näme üçin ir gidýär mydam,
Gidýär olar aramyzdan sogrulyp.
Soňra welin ýaşap ýörler elmydam,
Ýüreklerde bir ýatlama öwrülip.

Dogrudanam,olar irgidýär mydam,
Ir gitmeli,ýamanlygada derek,
Tenini gül bilen bezemek üçin
Meger,topragada ýagşylar gerek... :(
Rigel
03 авг 2023, 20:55
Bah. Jayy jennetden bolsun
Pakize
03 авг 2023, 21:04
Jayy jennet bolsun
murat yousef
03 авг 2023, 21:08
Waheý jany jennetden bolsun, birhili boldum, ol durmuşada çykypdymy? Nädip ýogaldyka?
Гость
03 авг 2023, 21:26
Aý nätdiňaý Belki aga? Gaty gynandym. Jaýy jennet bolsun. Gyzykly agzalaň biridi :(
Ejegyz
03 авг 2023, 21:46
Jaýy jennet bolsun !
Gauzen
03 авг 2023, 22:08
Yzy ýarasyn. Iman baýlgyny bersin.
Ömrüm
03 авг 2023, 22:17
İman äkidenden bolsun
backsp
03 авг 2023, 22:20
bolmandyr, yzynda galanlara Alla kuwwat bersin.
tomusda olum yitim kop bolyar oza, shu gunem 3-4nji klas bir oglanjyk suwa gark boldy.. ejesi wagirip wagirip hazirem ozune gelip bilman yatyr, kakasam shokda icine salyp otyr..
bu bir dunye, munda kan zat bolup dur diyleni..ir bilenem durli pikir-aladalar bilen oýanandyrlar, ertir bolsa eyyam basga bir dunyade oýanan yaly bolarlar (eger agsham yatyp bilseler)
Nurmuhammet
03 авг 2023, 23:26
Wahey gaty gynandym yzy yarasyn yatan yeri yagty jayy jennetden bolsun. Iman baylygyny bersin. Ynanmasy gaty kyn yagday gecen yylam aramyzda gyzykly gowy mowzuklar acyardy.
Soho
03 авг 2023, 23:46
Bulam bu dünýäniň azabyndan dynypdyr-ow, jaŷy jennet bolsun
Perhat Sabirovv
04 авг 2023, 00:05
Jaýy jennetde bolsun
Perhat Sabirovv
04 авг 2023, 00:05
Jaýy jennetde bolsun
RelaX
04 авг 2023, 00:41
Jaýy jennet bolsun Iman baýlygynu bersin
ajy
04 авг 2023, 00:47
Gowy gyzdy, Allajan yatan yeri ýagty bolsun gulupjik gezyadi :(
Sapar aga
04 авг 2023, 02:35
Agyňam bardyr welin, soramaly bolýaryn, nädip aradan çykypdyr? Näme bolupdyr? Gürrüňdeşem bolupdyk şol agza bilen, gynanaýdym, jaýy jennetden bolsun. Bize şeýdip gynançly habary ýetirdiň, indi näme bolandygyny hem aýtsaň...
Massimus
04 авг 2023, 09:46
Imany hemra, jaýy jennet bolsun!
noname
04 авг 2023, 09:51
Asyl bu cakda gorunenok diyanle iman hemrasy bolsun.. name bolduka yaşdy entek?
Yusup
04 авг 2023, 10:36
Kellesindaki kesel ahyry alana menzeya. Kellesinde chish bar diyyadi. Jayy jennet bolsun
Hypatia
04 авг 2023, 12:33
Yzy ýarasyn. Jaýy Jennetden bolsun.
Hemedany
04 авг 2023, 18:10
Alla oňa rehmet etsin. Iman baýlygny bersin. Jennet bilen sylaglasyn bendesini.
Balary
04 авг 2023, 18:57
iman äkidenden bolsun, yzy yarasyn.
My life
04 авг 2023, 19:12
Duyn okap birhili boldum, gynandym. Özboluşly şadyyandy. Jayy jennet bolsun.