Aýal bolmak aňsatmy?
AÝAL BOLMAK AŇSATMY?
''Wah goýan, soragyň nähili jan dogan? Aýal bolmagyň aňsat däldigini bilmeýän barmy? diýip, okyjylarymyz haýalçyrap ugrandyr. Aýal bolsaň hemmeden ir turup, hemmeden gije ýatmalysyň.
Ertirlik taýýarlamaly, ýorgan, düşegi ýerbe-ýer ýygnamaly, içerini arassalamaly, saçagyňda çöregiň azrak bolsa, onuňam ugruna çykmaly. Garaz, maşgala garamatynyň ählisi seniň gerdeniňdedir. Üstesine-de holodilnikde iýer-içer ýaly zatlaryň ýeterlikdigine-de göz aýlap, dükanlara-da gitmelisiň, bazara-da. Özem erkekler ýaly bazara giren ýerinden arzan-gymmat diýmän, alyp gaýdyýermersiň. Saňa zadyň hem gowusy, hem arzany gerekdir. Sorarsyň söwdalaşarsyň. Garaz, her eline dünýäň ýüküni edinersiň. Iki goluň gopup gelse-de, aňrujy bolar ýaly bolsa göterip gelersiň.
Ýöne seniň şol gören görgüleriňi hasaba alýan tapylmaz. Sen bazara gidip geldiň. Nädip gidip geldiň? Nämäni näçeden aldyň? Onuň bilen hiç kimiň işi ýokdur. Senden ertirlik, günortanlyk hem agşamlyk nahar talap ederler. Köýnek balagy könelen, maýkasy ýyrtylan, jorasy deşilenem senden sorar, ol zatlary boýnuňa alyksyň.
Bo-how, sen näme şu işler bilen oňaýaryn öýdýäňmi? Gerek bolsa ekin ekersiň. Mal-gara-da seredersiň. Ekiniň ýetişse, ony ýerlemelisiňem. Onuň üstesine jemgyýetçilik işine-de erkekler bilen deň gatnaşmalysyň. Näme isleseň işläber, ýöne şol ýokarda sanalanlary welin, her gün ýerine ýetirmelisiň. Şol başagaý bolup ýorşüňe ogul-gyzyň ýetişeninem duýman galarsyň. Bir gün gyzyň gijiräk gelse: ''Onuň göreldesi sen-dä, seniň gyzyň-da'' diýlen gyşyk gürrüňiniň öňünde-de durmalysyň. Ana, onsoň saňa ýene täze igençler taýýardyr. ''Men-ä iş diýip, ertir gidip, agşam öýe gelýän. Ýeri, sen bir bulara göz-gulak bolmal-a. Çagasynyň näme iş edip ýörenini bilmeýän enedenem ene bolarmy? Saňa boýuňy bezäp işe git diýseň'' Ýeri nähili? Ýüregiň agyrjak bolýarmy? Agyranda näme? Birsalym sag eliň bilen çep gursagyň aşak ýanlaryny owkalaşdyr-da, tapan - tupan dermanlaryňy iç-de, turup, işiň bilen boluber. Barybir ol erkek adamdyr-maşgalabaşydyr. Ogluňa gatyrgan, gyzyňa ýalbar, garaz maşgalanyň abraýyny görä. Bu seniň iň mukaddes hem iň agyr borjuňdyr. Ýöne her nähili işiň köp bolsa-da her gün ýarym sagat-bir sagat özüňe zynat bermegem, ebtiňe-ezenegiňe seretmegem ýadyndan çykarmagyn. Çünki aýal üstüni-başyny oňarmasa, erkek adam kän bir halap barmaz.
''Gabarçakly bolsa bolsun elleri'' diýlen setirler goşgy setirlerinde gowudyr. Elleriň gabarçakly, ökjäň jabrygynda guş guzlabermeli bolsa ''şu bende biz üçin öýi öý etmek üçin şu hala düşüp ýör ahyryn'' diýjek adam ýokdur. Şonuň üçinem her gün ýarym sagat wagty özüne sarp etmese-de ýaltanmagyn.
Kiçiräkkäm obamyzda bir ýaşulynyň häli-şindi gaýtalaýan bir jümlesi ýadyma düşýär. Ol: ''Eý Hudaý jan, owal-a aýal edip ýaratmanyňa'' diýerdi. Şol ýaşulynyň sözleriniň manysyna indi gowy düşünýän. Durmuşda aýalyň ýüküniň agyrlygy, ýeňilligi dogrudanam onuň kimin aýalydygyna-da gaty köp derejede bagly ekeni.
''Ärim getirer, hudaýym ýetirer'' diýip, şu günüňi tapsaň, ertiriňi etmän ýaşamagy başaryp bilseň, aýal bolsaňam erbet däl. Äriň ''pylan kes'' bolsa-ha, hudaýyň berdigi. Getirleni iýde oturyber.
Elbetde, okyjy eýýäm bu sözleriň ýarym degişme, ýarym kinaýadygyny aňandyr. Ýöne her bir degişmäniň aňyrsynda hakykatyň ýatýandygyndanam okyjylar habarly bolsalar gerek. Onsoňam aýal bolmagyň neneňsi kyndygyny aýdyp, täze bir açyş edýändirin öýdemok-da, öz deň-duşlaryma, heserdeşlerime öýi dikýäniňem, ýykýanyňam aýaldygyny ýene bir gezek ýatladasym gelýär. Çünki öýüň, bütin maşgalanyň keşigini gerdeninde göterýän aýalyň özi hakynda-da ýeterlik derejede üns-alada bolmasa, onda onuň wagtyndan juda ir soljakdygyny ýanjamak isleýärin.
Dogry, bu goja zeminiň üstünde näçe zenan maşgala bar bolsa, şonça-da dünýä bar. Şol dünýäleriň abat bolmagy ilki bilen-ä her kimiň özüne bu durmuşda başarnygyňa bagly. Ikinjidenem, edep terbiýesinde, görüm-göreldesinde, hüý-häsiýetinde-de gaty köp zatlar ýüze çykýar. Şol oňatlyklary özünde jemlän aýal maşgalanyň özüniňem perzentleriniňem, ýanýoldaşynyňam mydama ýüreginiň suwlyja bolýandygyny-da çekinmän aýdyp biljek.
Çünki şu hili häsiýetdäki aýal hiç mahal adamsynyň mertebesini peseltmez, ony sylar, hormatlar. Şeýle häsiýeti özünde jemlän ene pezentleriniň kalbyna-da şol ynamy guýmaga dalaş eder. Ulyny uly, kiçini-de kiçi bilmelidigini unutmaz. Şu hili häsiýete ýugrulan zenan işdeş ýoldaşlary bilenem agyryşmaz, ol ýolbaşçy işgär bolanda-da, öýüniň bosagasyndan ätläninden öz hakyky dünýäsine dolanýandygyny, şonuň bilen dem almalydygyny biler.
Käbiriniň ýokarky kinaýaly kyssa nire, hakyky aýal bolmak nire diýmegem ahmal. Ýöne bu ýerde-de biz näme bolsa täk özümiz ýetişjek bolup, etek alty, ýeň ýedi bolup horlanyp ýörmän ýanýoldaşa-da, ogul-gyza-da, gelin-giýewe-de bil baglamaly. Ýogsam biziň bir özümiz ot bolanymyzda-da hiç ýerini ýakyp bilmeris. Gaýta öz-özümiziň ýanyp kül bolaýmagymyz gaty ahmaldyr. Diýmek, halk arasynda ''Don biçerler ýeňli-donly'' diýlişi ýaly, ýeňimiz-ýanymyz bilen ýaşamagymyz, maşgalany şolar bilen maşgala etmegimiz gerek.
Kümüş MELÄÝEWA,
žurnalist.
"OWADAN" žurnaly, 1993.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.