IKIGAI näme we ony nädip tapmaly?
Tymsal.
"Günlerde bir gün Ýaponiýanyň kiçiräk şäherçesiniň birinde, bir aýal amanadyny tabşyrjak bolup ýatyrdy. Belli bir wagtdan soň, onuň ruhunyň bedeninden çykyp, ýokaryk galyp, ata-babalarynyň ruhlarynyň öňünde durandygyny duýdy. Gaty ses ondan:
"Sen kim?"-diýip sorady.
-"Men häkimiň aýaly" -diýdi ol.
-“Ýanýoldaşyň kimdigini soramok. Maňa jogap ber, sen kim? "
-" Men dört çaganyň ejesi. Men mekdep mugallymy. "
-"Men senden näçe çagaň bar ýa-da nirede işleýärsiň diýip soradymmy?"
Bu ýagdaý tä: "Maşgalama kömek etmek we mekdepde çagalara bilim öwretmek üçin her gün irden oýanýan aýal, şol men" diýýänçä dowam etdi. Şondan soň, onuň ruhy bedenine gaýdyp geldi we kesel ýom-ýok boldy. Ol özüniň IKIGAI-ni tapdy. "
IKIGAI.
Ýaponlaryň "ikigai" düşünjesini biragyzdan terjime etmek gaty kyn, ýöne takmynan "Her gün irden şatlykdan oýanmaga mejbur etýän, durmuşyň manysyny berýän bir zat" diýip düşündirip bolar. Başga sözler bilen, gündogar-ça aýdylanda, ikigai bu esasy gyzyklanýan zadyňyzyň, durmuşyňyza şatlyk getirip biljek ajaýyp we ykjam närsäniň kesgitlemesidir. Ýaponiýanyň Okinawa adalary bu düşünjäni öz pelsepesiniň bir bölegi diýip bilseler-de, Ikigai Günbatarda düýbünden belli däl diýip bolmaz.
Biz onuň yzyna eýerijilere birnäçe gezek duşdyk, esasanam durmuşynda köp zady gazanmagy başaran adamlaryň arasynda:
"Biz ertire, täzeden işe gaýdyp gelmegimize zordan garaşyp bildik". - Wilbur Wraýt, uçar oýlap tapyjysy.
"Diňe iň gowy görýän zadyňyzy ediň. Bu hökman size üstünlik getirer! Her gün irden men aýna seredip, öz-özümden soradym:
Bu gün ömrümiň iň soňky güni bolan bolsa, şu günki etjek zadymy etmek islärmidim? We eger-de birnäçe gün yzly-yzyna jogap diňe "ýok" bolsa, onda maňa hökman bir zady üýtgetmeli ". - Stiw Jobs, “Apple” -iň esaslandyryjysy.
Hut durmuşa bolan gyzyklanma, derrew işiňe başlamak we ony iň oňat görnüşinde ýerine ýetirmek islegi, adamlara kanagatlanma duýgusyny we durmuşyň manysyny açyp görkezýär. Ikigai-ni bilýän adamlara depressiýa düýbünden nätanyşdyr, durmuşa optimistik garaýyş saklaýarlar we destruktiw endiklere sezewar bolmaýarlar. Şonuň üçin uzak we manyly durmuşda ýaşamak isleýän her bir adam irden turmak üçin bir sebäp tapmak gaty möhümdir.
Öz ikigai-ňi nädip tapmaly?
Siz özüňiziň şahsy işiňizi açmak, belki, ep-esli wagt we güýji talap eder. Siz paýhasly we möhüm karara gelmeli bolarsyňyz we köp adamlaryň onuň zerurlygyna gaty giç düşünýändigi örän gynandyrýar. Siz näçe
ikigai-ňizi ir gözläp başlasaňyz, şonça-da durmuşyňyzdan rahat we kanagatlylyk duýup başlarsyňyz.
Ine gözlegleriňizde jogap tapmaga size kömek etjek käbir soraglar:
- Üstünlikler.
Durmuşyňyzda siz haýsy üstünlikleri iň gymmatly diýip hasaplaýarsyňyz? Eliňize bir kagyz alyň we hakykatdanam sizi buýsandyrýan işiňiziň 2-3-sini ýazyň. Bu, ikigai-ňizi tapmak üçin gowy başlangyç nokat bolup hyzmat edip biler.
- Bilim.
Siziň ýörite bilimiňiz we başarnyklaryňyz nämeden ybarat? Özüňizi näme hünärmen diýip hasaplaýarsyňyz? Näme hakynda gürrüň bermekden lezzet alýarsyňyz, edebiýatyň haýsy bölümlerini okaýarsyňyz? Köplenç boş wagtyňyz haýsy web sahypalara girýärsiňiz?
- Duýgular.
Düşünýän we gyzyklanýan ugruňyzda işlemek, karýerada üstünlik gazanmagyň açarydyr. Emma bagt tapmak isleseňiz, halaýan zadyňyz bilen meşgullanmalysyňyz. Siziň ikigai-ňiz, ýüregiňizdäki şatlyk bilen goldanylmasa, işiňiziň üstünlikleri barada kän bir gyzyklanmaz. Ilki bilen üns bermeli zadyňyz hem hut şu.
- Öz-özüňe baha bermek.
Arzuwlaryňyzda siz özüňizi kim diýip görýärsiňiz?
Siz mugallymy, aklawçy, ene, alym, kitap neşir edýän, fermermi? Belki, özüňiz siziň ähli tagallalaryňyza ünsi jemlemäge kömek etjek obýektiw bolup, geljegiňize baha bermegiňizdir!?
- Şahsyýet.
Dünýäde birmeňzeş adam ýok we dürli iş görnüşleri dürli adamlar üçin amatly. Siz şahsyýetiňiziň görnüşini bilip, käbir işleriň näme üçin size uly lezzet berýändigine düşünersiňiz, we beýlekiler kalbyňyzyň ýekeje bölejigini hem oýandyrmaýar. Ikigai gözlemek üçin ýörite kartany ulanyp bilersiňiz, bu esasy işiňiziň iň isleýän zadyňyzyň we iň gowy ýerine düşýän zadyňyzyň çatrygynda ýerleşýändigini görkezýär.
Jemleýji sözümiz.
"Siz hökmany suratda halaýan zadyňyzy we iň gowy görýän işiňizi ýakyn adamyňyz ýaly tapmaly. Iş durmuşyňyzyň ep-esli bölegini alar we eden işiňizden hakyky kanagatlanmagyň ýeke-täk usuly, oňa düşünmekdir. Işiňizi ajaýyp ýerine ýetirmegiň ýeke-täk usuly ony söýmekdir. Eger-de siz halaýan işiňizi entek tapmadyk bolsaňyz, gözläň. Tapýançaňyz gözlemegi bes etmäň. Beýleki zatlarda bolşy ýaly, ýüregiňiziň içindäki gözleýän zadyňyzy tapandygyňyza derrew düşünersiňiz. We islendik bilelikdäki ajaýyp gatnaşykda bolşy ýaly, işe bolan gyzyklanmaňyz, höwesiňiz diňe wagtyň geçmegi bilen artar. Şonuň üçin gözläň we tapýançaňyz köşeşmäň."- Stiw Jobs.
"Секреты жизни", terjime eden: Uly Hojaýyn.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.