9-njy Şumer Plita ýazgylary (dowamy)

MARDUK DÜNÝÄDÄKI WE NIBIRUDAKY EÝEÇILIKDEN ÝÜZ ÖWÜRÝÄR, ÝÖNE ÝERDE PATYŞA BOLMAK ISLEÝÄR

Marduk bu sözleri içi ýananyň gülküsini edip aýdyp berdi: ''...Aslynda-da Nibiruda hiç hili eýeçiligim ýoga, ýok zat nireden bolsun. Ýerde hem ilkinji ogullyk hakym ýer bilen ýegsan edildi. Kararym aslynda şeýle: Ýerde şazadakam patyşa bolmak, bu planetany dolandyrmak!'' Ninki we Enki ''Goý şeýle bolsun'' diýdiler. Geliniň erkek jigsi Metuşaly çagyrdylar: ''Mardugyň aýdanlaryny onuň ýanynda agzadylar; Metuşal hem muňa razy boldy.



ENLIL WE NINMAH MARDUGYŇ ÖÝLENMEGINE GARŞY ÇYKÝAR, HABAR ANUWA ÝETÝÄR

Bu habar Enlile baryp ýetende gahary geldi. Kakasynyň Ýerliler bilen bolany az ýaly, indi oglam Ýerli birine öýlenjek bolyarmy, ony jenabynyň aýaly etmekçi bolyar???''
Mesele Ninmaha baryp ýetende onuň akly çaşan ýaly boldy: ''Marduk biziň ýaş gyzlarymyzdan haýsysyny islese özüne aýal edinip alyp bilerdi, hatda meň Enkiden dogan gyzlarymdanam birini saýlap alyp bilerdi...'' diýdi.

ANU MARDUGA RUGSAT BERÝÄR

''...Patyşalyk ýörelgesine görä ene başga gyz jigsini aýal hökmünde alyp bilýärdi!'' diýdi Ninmah. Enlil gahar-gazap bilen Nibirudaky Anuwa habar ýollady: ''Bu bolşy bilen has öte gitdi, muňa rugsat berilmez''.
Nibiruda Anu maslahat etdi, maslahat uzak wagta çekdi. Düzgünnama kitaplarynda beýle zada gabat gelmediler. Anu alymlary çagyrdy. Meseläniň soňy jedele öwrüldi: ''....Bu gyzyň atasy Adapa Nibiruda galmady'' diýdiler Anuwa.
''Onsoňam Marduk Nibiruwa ömürlik dolanyp gelmelisin! Sebäbi Ýeriň wagtyna öwrenşikli ol...'' diýip alymlar Anuwa tabşyrdylar. Maslahata goşulanlar muny makulladylar. Anu Enlile habar ýollady: ''...Marduk öýlense öýlenibersin, emma Nibiruda şazadalykdan mahrum galar, mundan beýläk...''. Enlil bu karara boýun egdi. Bu karar Enki we Marduk tarapyndan hem kabul edildi.

ENLIL MARDUGY EDINDE SAKLAMAK ISLEMEÝÄR

Ninki ''...Rugsat berseňiz Toý Eriduda bellensin diýdi olara. ''Marduk we gelini Edinde ýerleşmesinler'' diýip serkerde Enlil yglan etdi.
Enki oňa ''Gel Marduga we gelnine toý sowgatlary bereli....'''

ENKI MARDUGA MÜSÜRI BERMEGI TEKLIP EDÝÄR

Edinden uzakda başga bir diýarda özlerine has gowy ýerleri bolsun!'' diýdi Enki Enlile.
Mardugyň uzaklara gidenini Enlil kem görmedi. Enlil Enkä: ''Haýsy ýurt hakynda aýdýaň?'' Enki: ''Abzunyň üstündäki welaýat, ýokaryk deňiziň ýeten ýeri bolan diýar (Müsür). Suwlar bilen Edinden aýrylan, gämiler bilen barmak aňsat bolan ýer! Enlil hem ''Goý şeýle bolsun'' diýdi.

TOÝ TAÝYNLYGYNA BAŞLANÝAR

Enki Marduk we Sarpanit ikisine Eriduda toý baýramçylygyny taýynlady. Dowula urup toýy yglan etdi. Toý däp dessurlaryny ýerine ýetirdiler.
Eriduda giden siwilizasiýa üýşdiler, Ýerli mähelleleriň barsy ýygnandy, edil birine täç geýdirilýän ýaly.
''Baştutanymyzyň toýuny gutlamak üçin Nibirunyň we Ýeriň birligini ykrar etmek üçin geldik'' diýip Igigiler hem bu toýa goşuldy.

IGIGILER GYZ ALYP GAÇMAK ÜÇIN ÝERE GELÝÄR

Indi bu Igigileriň Ýerdäki gyzlary nädip alyp gaçýandyklarynyň we muňa şaýat bolýan dertleriň we Ziuaudranyň nähili geň dogulýandygynyň hekaýaty. Igigiler Lahmudan uly-uly toparlar bolup Ýere gondular.

Lahmuda olaryň üçden bir bölegi galypdy. Igigiler: ''Mardugyň toýuny gutlap onuň bilen toýy geçiresleriniň gelýändiklerini'' aýtsalarda olaryň bir betpygylynyň bardygyny ne Enki, ne-de Enlil aňmadylar.
Ýerde bir bölek Igigi gizliniräk diýen ýaly maslahat edipdiler: ''Marduga Ýerdäkiler bilen öýlenmäge rugsat berilen bolsa bize näme üçin bolmasyn...'' diýdiler biri-birlerine. Soňra ''...Gam-gussa we ýalňyzlyk çekýänimiz-ä bolýar, perzentlerimizem ýok köpelemizogam'' diýip naladylar. Lahmu (Mars) bilen Ýer aralygynda gatnaýarkalar Ýeriň gyzlaryny görüp, öz aralarynda ''Adapit zenanlary'' diýilýän gyzlary görüp arzuw ederdiler.
Her biri beýlekisine şeýle diýdi: Geliň Adapit zenanlarynyň içinde özümize heleýler saýlap alalyň we köpelip çagalarymyz bolsun! Aralaryndan Şamgaz atly bir igigi baştutanlary bardy. Hiç biriňiz kabul etmeseňizem bu işi ýeke özüm ederin, diýdi beýlekilere.
Bu günä üçin jezany biçmek bilen berjek bolsalar, muny hemmäňiz üçin ýeke özüm hötdesinden gelerin. Igigiler muňa razy boldylar. Olar jemlenip äht edip ant içdiler.
Mardugyň toý güni iki ýüz sany Igigi gonuş ýerine bardylar. Nedir daglaryndaky beýik platformyň üstüne gondular. Ol ýerden Eriduwa bardylar, işleýän Ýerlileriň arasyndan geçdiler. Ýerliler köpçüligi bilen Eriduwa bardylar.
Marduk we Sarpanitiň toý dessurlary tamamlanyberende Şamgaz Igiglere yşarat berdi.
Her bir Igigi Ýerli ýaş gyzy gapdylar-da alyp gaçdylar....
Indi bu hekaýany Şamgazyň ady Semýaza diýilip ýazylan Habokyň kitabyndan yzarlalyň...
7. Bölüm;
1. Ynsanogullary köpelip ugranynda owadan we görkli gyzlary boldy.
2. Melekler, gökleriň ogullary olary görüp olara garşy şöhwetleri açyldy. Biri-birlerine şeýle diýdiler: ''Geliň adamlaryň arasyndan özümize gyz saýlap geçeliň we olardan çagalarymyz bolsun''
3. Soňra liderleri Semýaza olara şeýle diýdi: ''Muňa razy bolmazlygyňyzdan gorkýaryn we uly günäniň jezasyny ýeke başyma çekmekden gorkýaryn''.
4. Olar hem oňa şeýle jogap berdiler: ''Äht edip, ant içeliň''
5. ''...Näme bolsa şol bolsun bu plandan ýüz öwürmejekdigimiz barada ant içeliň''.
6. Soňra hemmesi birlikde ýemin etdiler we plany amala aşyrjakdyklaryna söz berdiler. Jemi iki ýüz kişi, Ýerleriň döwründe Hermon dagyna gondular.
7. Ol daga Hermon dagy diýýärdiler, çünki bu iş üçin biri-birlerine soňy bolmadyk äht edip nälet okapdylar.
8. Olar bilen birlikde bolan melekler bilen birlikde özlerine aýal aldylar. Her biri özüne bir aýal saýlady we olar bilen birleşmäge, özlerini olar bilen hapalamaga başladylar. Olara jady, dogany öwretdiler. Olary tebiplikden baş çykarýan kök kesmänem öwretdiler.
9. Soňra zenanlar göwreli boldular we boýlary 135 ädim bolan döwüleri dogurdy.
Bakara süresi 102. aýatda açyk görkezilmese-de aňladylmaýan Harut we Marut hekaýasynda-da Wawilonda öwredilip başlaýan jadygöýlüge rastlanýar. Mukaddes kitaplarda gürrüňi edilýän jadygoýçüligiň aslynda adamzada öwredilen ýokary tehnologiýa ylmynyň öwredilendigini pikir edýärin...
Hakykatdanam Anunnakiler öwredilmegi gerekmejek zatlary öz ätiýaçlary üçin käwagt adamlary ulanmak bilen öwredendiklerini görýäris.
Bu öwredilenleriň bolsa Taňrynyň gaharyny getirendigini adamlara signal berýär.
Döwürleýin bir Taňryly din peýda bolan wagty tehnologik öwredilme tebigatüsti güýçler bilen şeýtanyň kömegi bilen erbet adamlar garyşyp gatyşdy.
Jadygöýlik nesli şeýle bir erbetlige öwrüldi welin millionlarça bigünä adamlara jadygöýlik tagmasy basylyp öldürildi...

GYZLARY ALYP GAÇAN IGIGILER ÖÝLENMEK RUGSADYNY BERMEKLIGINI SORAÝARLAR


Igigiler gyzlar bilen birlikde Sedir daglaryndaky gonuş ýerine gitdiler. Ol ýerde özlerine goranar ýaly ýer edip baştutanlara nägilelik bildirmäge başladylar: ''Ýoksullyk besdir, perzentsizlik besdir indi! Adapit gyzlaryna öýlenmekdir islegimiz.
Muňa ýa razy bolarsyňyz ýa-da bütin Dünýäni oda ýakyp kül ederis!
Aljyraýan baştutanlar, Igigileriň serkerdesi bolan Marduga olaryň bes etmeklerini soradylar.
Marduk: ''Meseläni men çözmekçi bolsam men Igigilere düşünýärin. Maňa berilen rugsatdan mahrum edilmezler!'' Enki we Ninmah baş sallap näumyt razy boldylar.
Ýöne gahary ýatmaýan Enlildi: ''....Erbet işiň yz ýany ýene erbetlik peýda bolýar, Igigiler görüp Enkiden we Mardukdan zynany öwrendiler. Buýsanjymyzy we mukaddes wezipämizi ýellere berdiler. Öz ellerimiz bilen doldurdyk bu planetany Ýerli köpçüligi bilen...''
Marduk Enlil bilen Enkä: ''Igigiler we aýallary çykyp gitsinler Ýerden! Lahmuda ýagdaýlar erbetleşdi, ýaşamak peýdasyz!''Enlil ''Edinde bolmazlar dagam'' diýip gaharyna gygyrdy-da
Ýigrenç duýgulary bilen ýygnanyşykdan uzaklaşdy.

MARDUK IGIGILERI MÜSÜRE ÇAGYRÝAR

Mardugyň we onuň Ýerlileri hakynda nämeler etmegiň gerekdigini Marduk pikirlenýärdi. Sedir daglaryndaky gonuş platformasynyň üstünde Igigiler we aýallary goragly ýerdediler. Çagalary boldy, roketa gämileriniň (ýagny Munyň ýa-da Manyny) çagalary diýildi olara.
(Masonlykdaky Manyň ogly termini ýagny Ma-son sözüniň asly şudyr diýip pikir edýärin) Marduk we aýaly Sarpanitiň hem çagalary boldy. Ilkinji oglana Azat we Satu diýip dakyldy. Marduk Abzunyň ýokarsynda galan, özüne we Sarpanite bagyş edilen etraba Igigileri çagyrdy.
Ogullary üçin bina edilen iki şäherde ýaşasynlar diýip Marduk Igigileri çagyrdy. Igigilerden käbiri çagalary bilen birlikde goýy reňkli diýardaky bu etraba ýetdiler. Sedir dagyndaky gonuş platformasynda Şamgaz we beýlekiler galypdylar.

Çagalaryndan käbirleri gündogara uzakdaky beýik daglar diýaryna gitdiler. Ninurta Mardugyň güýjüni Ýerliler bilen nähili kiwwatlanýandygyny gözegçilik edýärdi.

MARDUGYŇ KUWWATLANMAGYNDAN GORKAN ENLIL KA-INYŇ NESLINI GÜÝÇ HÖKMÜNDE ULANMAGA BAŞLAÝAR


Enki we Marduk ikisi birhili pyssy-pujurlyk etjek bolýana meňzeýär diýip Ninurta kakasy Enlile aýdyp berdi. ''Ýer Ýerlilere miras galmaly, git-de Kainyň perzentlerini (Kabylyň nesli) tap-da olar bilen öz topraklaryňda taýynlyk gör!'' Diýip Enlil Ninurta buýurdy. Ninurta Ýeriň ol ujuna gidip Kainyň perzentlerini tapdy. Olara nähili gerek-ýarak zatlaryň gerekdigini, nädip aýdym-saz çalmalydygyny öwretdi.
Magdan ýazmaklygyň, nädip eredip gural ýasamalydygyny olara öwretdi. Uly deňizi aşmak üçin agaçlardan nädip gämi ýasamalydygyny olara düşündirdi.
Täze diýarda häkimýet gurdylar. Ekiz binaly şäheri bina etdiler (Bu şäher häzir Peruda ýa-da Meksikada ýerleşýändigini çak edýärin)
Deňizleriň aňyrsynda gurlan häkimýetdi. Ýagny Gök-ýer bagynda gurlan daglyk diýary däldi. Edinde Lumah (Lemek) ussabaşydy; Onuň işi Ýerlileriň taýyn eden zatlaryny azaltmakdy...

ENKI LUMAHYŇ (LEMEK) AÝALY BATANAŞY DÖLLENDIRÝÄR

Lumahyň aýaly Batanaşdy, agasynyň gyzydy. Owadanlygy janyňy alyp gelýärdi. Gözelligi Enkiniň gözlerine kaklyşypdy. Enki Marduga habar ýollady. Lumahy öz ýeriňe çagyr. Ýerlilere nähili şäher gurmalydygyny öwret oňa! Lumah Mardugyň häkimýetindäki ýurda çagyrlanyndan soň onuň aýaly Batanaşy Şurubaka Ninmahyň öýüne getirdi.
Enki şol wagt Şurubakdaky gyz jigsi Ninmahyň ýanyna bardy. Batanaş bir mesgen kenarynda suwa düşýän wagty Enki ony gujagyna alyp ogşady, tohumyny onuň enelik ýatgysyna dökdi.
Batanaş göwreli boldy. Garny ulaldy. (Dawudyň Hattili Uriýanyň heleýini suwa düşýärkä görüp jübütleşendigini ýadyňyza salyň.
Bu ýerde Batanaş bilen Bat-Şewanyň adynyň meňzeşligi ne-de üns bereliň. Ondanam Süleýman dogulýar)
1 лайков 28 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.