Ýürek awusy




Ýene maňa hemra boldy gussalar,

Gussalardan bu ömrümem gysgalar.



Tur ylham!

Biziňem geplemek wagtymyz geldi,

Dökübergin ýürekdäki awyňy.

Şonsuzam diňleýän ýok,

Oturlar irkilşip.

Gara köňülleri agartmak üçin,

Akja kagyzlary garalaýarys.

Atomdan agyr söz diýip bilýäris.

Söýýän zadymyzy ýigrenip munda,

Ýigrenýän zadymyz söýüp bilýäris.

Hakykaty aýtsaň Annasoltan deý,

Düşnüp bormy gargalaryň diline.

Bogzyňy ýyrtyp gygyrsaň eger,

"Ýasamadan ymaratlar ýasalýar"

Diňlenermi heý?!



Gürle galam zat galmasyn içiňde,

Göz ýaşlaryň dökülmesin düşniksiz.

Gark boldukmy galdyk umman içinde,

Nirelere düşdük biz?

Hiç kimse bilmez.

Şahyryň boýnuna gandallap goýlan,

Sözdenem ýokarda söz tapyp bilmek.



Indi ynanamok ertekilere,

Ýigrim bäş ýaşymda saçym agardy.

Müň bendiňe berilmese bir manat,

Onsoň nüçin ýazjak kelle agyrdyp.



Ýene maňa hemra boldy gussalar,

Gussalardan bu ömrümem gysgalar...



© Gerçeknazar AMANNAZAROW.
2 лайков 28 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perhat Sabirovv
05 апр 2024, 01:48
Gowy ýazylan??