Çagalyk söýgüm

Çagalyk söýgüm

Kalbymda kerepläp galdymy gaýgym?

Çagalykda galdy , çagalyk söýgüm.



Durmuşymdaky iň süýji, iň duýgyly, iň ýakymly ýatlamalaryň  biri hem Şeker bilen geçiren günlerim . Ilki-ilkiler üns bermesemem , soňabaka meniň oňa bolan muhapberim artypdy, söýgüm oýanypdy. Men hakykatdan hem ony hiç kinesi bolmadyk çaga ýüregimden ,päk söýgi bilen söýýärdim. Olam maňa kem baha garamaýardy. Olam meni söýýän ýalydy. Sebäbi men olara myhmançylyga barsamam ,  olar bize myhmançylyga gelselerde, biz biri-birimizi ýitirip  tapan ýaly bileje oýnaýardyk, ýaýnaýardyk, degişýärdik, gülüşýärdik.



Ilki bilen Şeker barada gysgaça maglumat . Şeker özüm bilen ýaşdaş , orta boýly, gaharjaň gyz. Aslynda çaga wagty gaharjaňam däldi. Göwnaçykdy, alçakdy, owadandy. Ullakan dury goňur  gözleri bardy.



Çagalykda görerdim,

Gözleriňde gözlerim.

Goşgy ýazar ýörerdim,

Saýlap süýji sözlerim.



Ýene-de çagalygmyň,

Sahypasyn dörjedim.

Ýaňy biten ýaramyň,

Soňky gatyn gorjadym.



Goşgy ýazmak borjumdyr,

Ýumulmasa gözlerim,

Soňlanmaýar sözlerim,

Uzar gider göz ýetim.



Ulaşdyryp kesele,

Dermanyny bermediň.

Eýýäm ýedi ýyl bäri,

Gözleriňi görmedim.



Wah ýene-de görsedim,

Gözleriňde gözlerim.





Aslynda men onuň şu wagtky Şekerime  dälde , çagalygyndaky Şekerim  aşyk. Indi ol düýbünden üýtgäpdir.Şeker daýzamyň gyzy bolan soň häli şindi men ejem bilen olara ýa-da olar bize myhmançylyga gelerdi. Şeýle bir hezildi onuň bilen oýnamak , onuň ýanynda bolmak. Ýüregime azap berýän soraglarymyň biri hem olam meni söýýärmikä? Has dogrusy söýdümikä ? Hawa, içki duýgylaryma görä olam meni söýdi. Elbetde men  ilkinji goşgymy , heniz elime galam alyp başlan wagtymda, ilkinji söýgüme ýazypdym. Ol pursatlar henizem göz öňümden gidenok. Şol wagt sen meniň bilen hoşlaşyp, öýüňe gaýtjak bolup durdyň. A men bolsa seniň bilen hoşlaşasym gelmeýärdi.Sen:



-Sag bol -diýip kiçijek we näzijek , akja eljagazyňy salgap gaýdyp barýardyň. Men bolsa ne "Sag bol " diýip bildim , ne-de elimi galdyryp. Diňe doňňara daş deýin yzyňdan seredip doňup durdym. Şol wagt men juda-juda üýtgeşik duýgylary başdan geçirýärdim. Şol täsin duýgylar bilen men öýe ylgadym. Tekjeden kagyz bilen galam aldym-da ilkinji goşgymy ýazyp başladym.



Men saňa bakýan,

Sen maňa bakýaň.

Bakmak bilenem,

Ýüregmi ýakýaň.



Göräýmäge ýönekeýje sanawaç ýaly sözlemler . Ýöne men bu sözlemlerimi hakydamda ýüregimde göterip ýörün. Bu sözlemler çaga kalbynyň joşgynly owazy, bu sözlemler ilkinji ylham perişdämiň pyşyrdylary.



Şeker aýtsana ,

Meni söýýäňmi ?!

Meniň söýgümi,

Senem duýýaňmy?



Ýa sen söýýäňmi?

Ýa söýeňokmy?

Ýa meniň söýgümi,

Sen duýanokmy?



Kulhuallahu ahad,

Allahyssamad...



Goşgynyň ahyryna Gurhan aýatlaryny goşanyma özümem haýran . Belki näbelli bir güýç bu aýatlary maňa ýazdyrandyr. Belkide gudraty güýçli Biribar ilkinji goşgymyň Gurhan aýatlaryndan başlamagymy isleýändir.

Şeker. Şu ady eşidenimde ýüregim jigläp gidýär.Bir, iki, üç gezek däl , her gezek şeýle.Näme üçin beýlekä?



Şeýle bir söýýärdim,söýýärdim seni

Seň bilen durmuşym örän hezildi

Sen gitdiň ýalňyzlyk aglatdy meni

Joşan göwnim gam kölinde ezildi



Şeýle bir söýýärdim ,söýýärdim seni

Kalbymyň törinde diňe sen bardyň

Sen dünýäme dogdyň şapak mysaly

Ömür ýollaryma ýalkymly nurdyň



Şanyňa ençeme goşgy ýazardym

Galam ,kagyz meniň hemram bolardy

Elmydama seni ýatlap gezerdim

Seň suratyň meniň gümram bolardy



Bu nähili söýgi boldugy ? Bu nähili duýgy boldugy ?! Ynanyň bu duýgyny beýan etmäge hiç bir söz, hiç bir sözlem ýetmeýär. Bu duýgyny beýan ederden sözlerim ejiz.



Bu duýgyny nädip beýan edeýin,

Dözmezim, sözlerim gyýaýsa näder?!

Özüme birneme zyýan edeýin,

Muhapbet meýinden bir damja dadyr.



Senden kemal tapdy şygryýethanam,

Şygryýethanamyň gözbaşy sensiň.

Köňül para-para, goşgulam ganan,

Syrly setirlermiň göz ýaşy sensiň.



Setirlemden damyp dur-a göz ýaşym,

Boldum seniň ömür baky serhoşyň.



Aslynda  men seni näme üçin söýdümkäm ? Näme üçin söýýärkäm? Sen beýle bir owadanam , baýam, akyllam däl . Men seni näme üçin söýýän? Ony söz bilen beýan edip bilemok . Meniň saňa ruhum,bedenim, kalbym siňipdir.Ine bu gün bolsa ýatlamalaryň arasynda alaşyp, senli günleri ýatlaýan.



Ýadymda henizem şol geçen günler,

Şol gün bir mysalyň jogabyn gözläp

Sanardyk biz goşup barmaklarmyzy

Şonda-da jogaby bilmedik çözläp



Soňra biz öýmizden daşary çykyp

Şol mysaly berdik agam Tirkişe

Agam pikirlenmän jogabyn aýtdy

Beýle zehin berilmeýär her kişä



Sen şeýle gaharjaň gyz. Sähel zada gaharlanyp gyzarýaň . Ýöne näme üçindir şonda-da seniň sözleriňe ýüregim ýumşaýar. Sesiňi her eşdenimde.kalbym elenip şool çagalyk ýyllarymy ýadyma salýar.



Ýadymda henizem şol geçen günler

Remezan aýynyň ilkinji güni

Size oýnamana men ejem bilen

Barypdym ,ýene-de görüpdim seni



Şol gün seniň bilen goňşy golama

Ýarmezan aýdyp aýlanardyk biz

Bolsakda biz bäş-on sany bir topar

Başga çagalardan saýlanardyk biz



Şol gün sen owadan gaty ses bilen

Ýarmezan goşgysyn aýdyp bererdiň

Men bolsa utanyp uýalyp şonda

Hiç zat aýtman ýere bakyp durardym



Şonda-da olar meň başym sypalap

Süýji-kökelerden paýym bererdi

Soň ilkinji söýgim elimden tutup

Meni başga gapa alyp barardy



Heýde adamy beýle söýmek bolarmy?! Beýlede söýgi bolarmy? Elbetde bu söýgümi Şekerimim göterip bilmedi. Ýöne men oňa söýgi sözlerimiň hemmesinem aýtmandym. Käbirlerini sms bilen ugradypdym. Şonda ol goşgulary okap, aglapdyň. Näme üçin agladyň?!  Men aglar ýaly goşgy ýazmadym ahyry.



Gör ne elhenç ýagyş ýagýar daşarda,

Meňzäp kalbymdaky harasatlara.

Ýüregimi persala edýän bu söýgi,

Goýmady göwnümde parahatlygam.



Aldyň sen aňymdan akyl huşumy,

Galmady elimde eradam ,erkim.

Bu gursagymdan çykarsam,

"Gerçek däliräpdir" diýerler her kim.



Ömür boýy girdiň göwün depderme,

Ony bozgyç bilen aýryp bilemok.

Men seni şeýle bir , şeýle bir söýýän ,

Söýgümi söz bilen aýdyp bilemok.



Aýtsana Şekerim jadygöýmiň sen ?!

Göwnümi gursakdan soguryp barýaň.

Gel söýgülim bezegi bol dünýämiň,

Gör-ä ýaşlygmyzam sowulyp barýar.



Gal melegim , göwnüm ýokdyr başgada,

Gel melegim, bolaly bir maşgala.




© Gerçeknazar Amannazarow.

Hekaýanyň dowamyny okamak üçin aşakdaky salga giriň.

https://yazyjy.ucoz.net/blog/cagalyk_soygum_dowamy/2024-07-14-1063
0 лайков 49 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mrr
17 июл 2024, 13:05
Salam awtor, hekaýanyň adyndaky "söýgüm" sözi söýgim bolmaly dälmi?
Gerceknazar
Автор 18 июл 2024, 19:08
Biri "söýgüm" ýazmaly diýýär, biri "söýgim" diýip ýazmaly diýýär . Şu grammatikany gutarýançam özüm gutarjak.