Maýyplyk

Awariýa bolup, aldyrdym bir aýagy,
Aglatdylar gelnime berip, ajy habary,
Elime tutdurdylar iki sany taýagy, 
Aýdyň indi ýaşamalymy, ölmeli.

Şol günden soň gelnim meni terk etdi,
Maýyplyk sebäpli ojagym batdy,
Aýralyk hem maýyplyk menini ýykdy,
Aýdyň indi ýaşamalymy, ölmeli.

Şeýtdirip garradym ýaşlyk çagymda,
Iki pişek ýoldaş boldy ýanymda,
Bagtly geçen
 günlerim elmydama ýadymda,
Aýdyň indi ýaşamalymy, ölmeli.

Hudaýym! Hiç kimem bolmasyn maýyp,
Uçup gitýär ömüriň elinden gaýyp,
Şükür ediň gülmäň utançdyr aýyp,
Aýdyň indi ýaşamalymy, ölmeli.

Awtory: Kakajan Meredow (gyzylarbatlym)
3 лайков 251 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Нежная леди
06 июн 2021, 00:21
++++++
S❤
Автор 06 июн 2021, 02:12
Sps
Şamuhammet
06 июн 2021, 03:56
Ýaşaber awtor ýaşaber. Maýyp boldum diýip ruhdan düşme. Ýaşaýyş dowam edýär...