Çagalygymyň sezasy (Ogulsenem Taňňyýewa) 5

Göwnüme, ýüzi meňli betnyşan başlyk birden meniň jyklaýanymy duýagada, atylyp daşaryk çykaýjak ýaly duýuldy. Men ädim ogurlap, yza çekilmäge başladym. Mamur ejäniň gapysyna baryp, badymy sakladym. Şondan soň ýagydan sypan dek, ýüregim birneme ýerine gelip ynjaldym.

Mamur eje ýuwaşja pyşyrdap, maňa ýüzlendi:

—Bir zatdan gorkduňmy, balam?—Şeý diýibem, ol jogabyma-da garaşman, meni içerik çagyrdy.—Ýeriňe geç-de ýatybersene, gerek däl şol. Menem guraýyn, ýumruk ýaly çagany daşaryk goýberip...

Gorkanym has-haslap dem alşymdan bildirip duran-da bolsa, men Mamur ejäniň ýumşuny oňarmaýan bolmajak bolup ýalan sözledim:

—Gorkamok-laý... Ýöne ol çişik adam daşaryk çykaýarmyka öýtdüm.

—Gel, balam, bärik gel!—diýip, mamur eje elini galdyryp, meni ýene içerik çagyrdy.—Ol ýerde gepläp dursaň, eşiderler...

Mamur ejäniň bu sözi maňa täsir etdi. Men ýeke bökemde, bosagadan geçdim. Mamur ejäniň ýanynda çommalyp oturdym. Mamur eje ýene özüne gargyndy:

Adam pahyr... çöken wagty janly-jandardan haraý islär eken... Men guraýyn hernä...

Men onuň näme diýjek bolýanyna düşündim. Ol meni gelniniň öýüni diňletmäge ugradýanyna müýnürgeýärdi.

Men aldygyna Mamur ejäniň göwnüni galdyrmaga synanyşýardym. Oňa ýaraýjak gepleri tapmaga jan edýärdim. «Başlygy ýamanlasam dagy, mamur ejäniň guşy uçar» diýen pikir bilen:

—Selbinýaz gelnejemiň ýanyndaky adam betnyşan eken. Ýüzünde-de nejis meňi bar. Özem çişik!—diýdim.

Habarymy aýdamsoň, hikirdäp, başlygyň üstünden gülýän kişi bolup güldümem. Mamur ejäniň keýpi welin meniň habaryma birjigem üýtgemedi. Ol şol bir gamgyn halda oturyşyna agras gepledi:

—Belet o başlyga... Wah... oglumyň bir taý köwşüçe-de ýokdur-la...

Şundan soň ikimizem dymdyk. Içerde ýürekgysgynç ümsümlik höküm sürdi. Selbinýaz gelnejemiň tamyndan bolsa onuň jak-jaklap gülýän sesi gelýärdi. Başlyk burnuna salyp, aýdym aýdýan bolarly. Bir zatlar diýip, uzyn-uzyn hiňlenýärdi. Ýöne onuň näme hakda aýdym aýdýany anyk saýgardanokdy.

Men Mamur ejäniň ýüzüne seretdim. Ol iki elini ýere diräp oturyşyna, ýere siňip barýan ýalydy. Sarsanokdam.

Ol hiç zat diýmese-de, men atylyp daşaryk çykdym-da, daraklygyma basyp, Selbinýaz gelnejemiň äpişgesine golaýladym. Selbinýaz gelnejemiň jakgyldysy öýi ýaraýjak bolýardy.

Äpişgäniň öňküje burçundan jykladym. Mömün başlyk mahmal ýassygy gujagyna alyp, ony dutar edinip çalan bolýardy. Sag eli bilen dutaryň tarlaryna kakýan dek kakýardy-da:

—Gal, maralym, Selbinýazym jan, gal indi-i—diýip, sesini birhili süýndürip, bokurdagynda gaýnadyp, aýdym aýdýardy.

Men ol wagtlar bu aýdymyň «Saýatly-Hemra» dessanyndanlygyny nireden bileýin. «Hakyt, başlyk Selbinýaz gelnejeme goşgy goşaýypdyr»diýip oýlandym. Başlygyň goşgy goşup, aýdym aýdyşyna haýranlar galdym.

Selbinýaz gelnejem birsyhly jakgyldaýardy. Ahyrsoňy ol başlygyň gujagyndaky ýassygy garbap alyp, bir çete zyňyp goýberdi.

—Goýsana, oglan, aýdymyňy! Senden galyp, men näme işläýin ahyry soň?—diýip, gülküsiniň arasynda näz gatylan sesi bilen aýtdy.

Ýassygy zyňlan başlyk Selbinýaz gelnejeme topuldy. Ikisi bogalaşyp ugrady. Men bu bogalaşygyň çyndygyna-da düşünmedim, ýalandygyna-da. Çyndyr öýtsem-ä, Selbinýaz gelnejem birsyhly gülýärdi, oýundyr öýdeýin diýsemem, «Zyňarmyň ýassygymy!» diýip, başlyk Selbinýaz gelnejemiň boýnundan ellerini orap alyp, ony alarladyp barýardy. Men tas wäläp, yzyma gaçypdym. Birden dadyma gülälek ýetişäýdi. Ejesi dagynyň güpür-tapyryndan gorkdumy-nämemi, ýiti-ýiti çyrlap, Gülälek aglap ugrady. Gülälegiň nirededigi maňa görnenokdy.

Gyzy aglasa-da, Selbinýaz gelnejem başlykdan aýrylarly däldi. Pişik ýaly ýapyşyp ýatyrdy. Iň soňy başlygyň özi ondan çekildi:

—Bar-how! Onyňy bir sem et!—diýip, ýogyn sesini gataldyp, ol Selbinýaz gelnejeme buýruk berdi.

Şundan soň ýene yzyma, Mamur ejäniň ýanyna gaýdyp bardym. Öňküje oturan ýerimde çommalyp, bar görenlerimi bir demde oňa gürrüň berdim:

—Başlyk Selbinýaz gelnejeme goşgy goşupdyr. Ýassygy dutar edinip, aýdym aýdan boldy: «Gal, maralym, Selbinýazym jan, gal indi» diýip, aýdym aýtdy. Soň Selbinýaz gelnejem: «Senden galyp, men näme işläýin!» diýdi-de, onuň ýassygyny alyp taşlady. Başlygam Selbinýaz gelnejemi bogup başlady. Selbinýaz gelnejemem basylmady. Boguşdy başlyk bilen. Özem kä-än gülýä... Ahyry Gülälek aglap başlansoň, başlygyň özi çekildi. «Bar-how! Onyňy bir sem et!» diýdi başlyk Selbinýaz gelnejeme!

Men bu gürrüňleri misli Mamur ejä aýdyp bermän, gara daşa aýdyp beren ýalydym. Ondan ne ses çykdy, ne-de üýn. Şol oturyşyna sarsman otyr. Özem eginlerinden agyr-agyr dem alýar. Soňabaka onuň dodaklary kemşerip, gözlerinden boýur-boýur ýaş dökülip ugrady.

Men oňa näme diýip göwünlik berjegimi bilmedim. Onuň bolup oturyşyna seretmegem meniň üçin diýseň agyrdy hem ýürekgysgynçdy. Ol şol wagt dünýädäki iň ejiz adamdy, dünýädäki iň betbagtdy...

Men başymy bürenip ýatmakdan başga alaç tapmadym...

Daň atyp, ukudan oýanyp, daşaryk çykanymda, men Selbinýaz gelnejemiň gyzyny göterip suwa barýanyny gördüm. Içerde bolsa başlygam ýokdy, beýlekem.

Asyl, men başlyk diýen adamyň ol öýe haçan girip, haçan çykyp gidýänini bilip bilmedim. Ýöne her gün agşam welin Selbinýaz gelnejemiň gülküsi bilen başlygyň hüňürdisi, hiňlenmeleri, Gülälegiň agysy garyşyp eşidilip durdy.

Şeýle ýagdaýda güýz geçdi. Gyş gapyny kakyp, gowy ornaşdy, hoşlaşdy. Soň bahar geldi. Daşaryk diňe garaňky gatlyşanda çykaýmasa, soňky günler nämüçindir, Selbinýaz gelnejem gündiz göze ilenokdy.

Meniň kakamyňam şo-ol gidişidi. Habar-hatyr ýokdy. Ejem ony alada edip, birsyhly aglaýardy. Mamur ejäniňem öňki bolşudy. Iç girip, daş çykyp, ýatyp-turup ýördi.

Men-ä ýokdum welin, bir gün bir adam bize kakamdan hoş habar getiripdir. Kakam ondan bir goýnuň etinem iberen eken. Özüniňem ýakyn günlerde gelip gitjekdigini aýdypdyr.

Şonda, baý, menem gowrulanja goýun etini iýip, Selbinýaz gelnejemden ymsynanymy çykarandyryn-a! Hatda gowrulanja gapyrgajyklary Mamur ejäniň gapysynda oýnap ýörkämem, Selbinýaz gelnejemiň gözüniň alnynda iýsem-iýmesem, daşyny ýalan bolup gezdim.

Kakamdan gelen habara Mamur eje-de diýseň begendi. Şol gün ol ejem bilen çaý içende kän zatlar gürrüňleşip oturdy. Alladan häli-şindi kakamyň hem biziň başymyzyň dik bolmagyny diledi.

Şol gün menem diýseň begendim. Süňňüm ýeňledi. Köp wagt bäri Selbinýaz gelnejemiň äpişgesini diňlemegi goýan hem bolsam, şol gije äpişge-de diňledim. Ýöne bu gezek men içerä syn salyp bilmedim. Sebäbi Selbinýaz gelnejem tutusyny düzeden eken.

Nämüçindir, şol gije Selbinýaz gelnejem aglapdy. Onuň bir zat-bir zatlardiýip aglaýanyny men anyk eşitdim. Ýöne gepi diýseň düşnüksizdi.

Başlygyň lagyrdysy welin anyk eşidildi:

—Eger ogluň bolsa, başyma täç ederin!

Selbinýaz gelnejem agysyny goýdy. Burnuny çekýäni eşidildi.

—Maňa täçlik gerek däl!—diýip, ol soňra düşnükli gepledi.—Nirä äkitseňem, şu ýerden äkit! Oba masgara bolmankam, äkidersiň! Başda näme diýip söz berdiň sen! Direnip duran hossarymyň ýoguny bilip şeýdýäň indi! Öweý ejäniňem maňa diňe heşelle kakjagyny bilip edýäň sen! Bili bükülen garry kakamyň ýoluňa çykmajagyny bilip edýäň sen!

—Goý-how gohuňy!—diýip, başlyk soňra Selbinýaz gelnejeme azgyryldy.—Hossaryň bolaýanda-da, gowy görýänligim üçin ýagşylyk edäýmesem, gorkup seni sylamajagymy bilip duransyň-la!

—Men indi näme edeýin!—diýdi-de, Selbinýaz gelnejem ýene aglap başlady.—Nädip ile çykaýyn!

—Diýip durun-a, ogluň bolsa, äkiderinem, ýerleşdirerinem diýip—diýdi-de, başlyk ýene logurdady.—Gyzyň bolaýsa bolsa, özüňden gör, öýde-deşolardan bizar! Onusy bar!

Bu gezek Selbinýaz gelnejemiň sesi has ýiti çykdy:

—Diýmek, sen meni gowy göreniň üçin däl-de, ogul dogurtmak üçin oýnan ekeniň-dä!

Başlykdan ses çykmady. Birden öýüň içinde güpür-tapyr köpeldi. Gülälek çyrlady. Soň hem kimdir biriniň dulugyna çalnan şarpyk sesi ýaňlanyp gitdi.

Selbinýaz gelnejem çirkin sesi bilen uwlap ugrady:

—Bagtymy ýatyrdyň, sataşman geçen! Görüňde dik oturarsyň sen!

—Sesiňi kes!—diýip, başlyk buýruk berdi.—Öte geçseň, maslygyň nirede gömlennem tapylmaz ýaly etdirin!

Selbinýaz gelnejem ýene düşnüksiz hüňürdisi bilen pessaý agysyna başlady. Başlyk bolsa bat bilen atylyp çykyp gitdi. Men tas onuň aýagyna çolaşyp ýykylypdym. Zordan çete böküp ýetişdim.

Gorkyma Mamur ejäniň ýanyna nädip ýetenimi duýman galypdyryn. Dessine-deýerime özümi oklap, başyma ýorganymy çekdim. Bir düýrmek bolup ýatdym.

—Näme boldy, balam?—diýip, Mamur eje howsala bilen sorady.—Biri kowalaýamy?

Gorkudan demim tutulan ýalydy. Esli salym gepläbem bilmedim. Başlyk meniňem yzymdan geläýjek ýalydy.

Ýöne hernäçe diňşirgensem-de, aýak sesi gelmedi. Men şundan soň birneme ynjalyp, ýorgandan kellämi çykardym. Entägem howsala duýaulýan sesim bilen pyşyrdap, mamur ejä jogap gaýtardym:

—Başlyk gelýä!

Mamur eje gözlerini elek-çelek edip, gapa dikdi-de, süýşenekläp, bosaga bardy. Işigi açyp, ellerini bosaga diredi. Şeýdip durşuna kellesini daşaryk çykardy. Töweregine garanjaklady.
16 лайков 159 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.