Çagalygymyň sezasy (Ogulsenem Taňňyýewa) 6

Aý, ýok, balam, bu töwerekde başlyg-a görnenok—diýip, soňra meni hasam ynjaldyrdy. Şondan soňam gapyny ýapyp, süýşenekläp, ornuna geçdi.

Şundan soň men has rahatlandym. Gerdenimden agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Ýeňil dem aldym.

—Başlyk Selbinýaz gelnejeme sögdi—diýip, men bu gezekki berjek habarlaryma mamur ejäniň begenjegine doly ynanyp, eşiden zatlarymy gürrüň berdim.—«Maslygyň gömlen ýerem tapylmaz ýaly ederin» diýdi.

—Bolaýypdyr—diýip, Mamur eje agras seslendi-de, hyräyny dişledi.—Ahyr taňryýalkasyn alyp başlapdyr-ow, süýdi ýanan!

Men dowam etdim:

—Selbinýaz gelnejemem başlyga: «Sen meniň bagtymy ýatyrdyň, görüňde dik otur!» diýdi.

—Entek nämejik görýäň diýsene!—diýip, Mamur eje Selbinýaz gelnejeme öz ýanyndan sögünip, ýene hüňürdedi.

—Onsoň Selbinýaz gelnejem başlygy kowdy—diýip, men iň soňky ýagdaýy aýtdym.—Men gaçyp ýetişmedim. Başlyk gördi...

—Zyýany ýok, balam!—diýip, Mamur eje sesine gussa çaýyp gepledi.—Gaýtam göreni gowy bolupdyr. Edýän işi bilinmeýändir öýtmesin!

«Selbinýaz gelnejem başlygy kowdy» diýip, men Mamur ejä misli ýalan sözlän ýaly boldum. Sebäbi gijäniň bir mahaly bize ýene erkek kişiniň hüňürdisi eşidildi. Mamur eje: «Bu näme?» diýen manyda meniň ýüzüme gözlerini tegeläp seretdi. Men ses-üýnsüz daşaryk çykdym-da, ýene Selbinýaz gelnejemiň äpişgesine golaýlaşdym. «Indi bu ýere kim geldikä?» diýip, haýran galyp pikir öwürdim. Mömün başlygyň lagyrdap duran ýogyn sesini derrew tanadym. Ol birsyhly Selbinýaz gelnejeme ýalbarýardy.

—Men sensiz oňup bilmen, senden aýrylyp nirä gideýin!—diýip, yzly-yzyna gaýtalaýardy.

Selbinýaz gelnejem bolsa şol bir düşnüksiz hüňürdisi bilen birsyhly aglaýardy.

Men gelip ýagdaýy Mamur ejä aýdanymda, ol ýene ellerini keçä diräp, hyrçyny dişledi. Ýere siňip barýana döndi...

Şol günden kän wagt geçmändi. Bir gün öýlänler damjalap ýagyp başlan ýagyş agşama golaý hasam güýjedi. Ýaz şemaly diýer ýaly däldi. Goýar ýerde goýmady. Mydama il gözünden bukulyp, alnyny garaňka diräp gelip-gidýän Mömün başlyk şol gün Selbinýaz gelnejemiňkä aýak ýygnanmanka geldi. Soňam uzak eglenmän gitdi. Howa maýyl bolansoň, biz indi gapyny açyp goýýardyk. Men bosaganyň erňeginde oturyp, ýagşy, daşaryny synlaýardym. Gözümi Selbinýaz gelnejemiň gapysyndan aýramokdym.

Başlygyň hömp-hömp edip ýagşyň astynda ylgaşlap gidişi meni ge galdyrdy. Selbinýaz gelnejemiň öýünde bir zad-a gopýardy. Başlygyň gidenine esli wagt geçensoň, Selbinýaz gelnejem daşaryk çykdy. Indi garaňky hem gowy gatlyşypdy. Ýagyş sil dek guýýardy. Ýeriň palçygyndan ýaňa ädim äder ýaly däldi. Selbinýaz gelnejem tamdan ýapyşyp, ýuwaşjadan ýöreýärdi. Özem birsyhly bükülýärdi. Hyklaýardy. Häli-şindi durup, demini dürseýärdi.

Şeýdip barşyna ol tamyň arka ýüzüne aýlandy. Ýöne ol wagty bilen yzyna-da dolanmady. Öýden Gülälegiň aglaýan sesi gelip başlady.

Birhaýukdanam garaňkylykda hökürdäp, ýüpden boşan öküzi ýatladyp gelýän Mömün başlygyň göwresi göründi. Onuň ýanynda başyna don bürenen bir daýza-da bardy. Başy donly bolansoň, onuň ýüzi doly görnenokdy.

Başlyk daýzany yzyna tirkäp, ilki Selbinýaz gelnejemiň ýüne kürsäp urdy. Derrewem atylyşyp daşaryk çykdylar.

—Nirä gitdikä?—diýip, başlyk hüňürdedi.

Soňam ol okdurylyp, mellegiň bir çetinde haraba öwrülip ugran sygyr dölä girip çykdy. Başlyk girensoň, dölede ýagtylyk emele geldi. El çyrasy bar bolmaga çemeli. Ýa-da ol otluçöp ýakdy. Soň ýagtylyk ýitdi-de, başlyk daşaryk çykdy. Şundan soň olar iki bolup, tamyň arkasyna öwrüldiler.

Meniň gözümi aýyrman, daşaryk öwelip oturanymdanmy ýa-da özem bir zat syzdymy, Mamur eje maňa ýüzlendi:

—Näme bar, balam?

Men demim-demime ýetmän, ähli gören zatlarymy habar berdim:

—Selbinýaz gelnejem-ä ilki çykyp gitdi. Zordan ýöreýä özem. Soň başlyk bir daýzany alyp geldi. Selbinýaz gelnejemi gözleýäler...

—O çaga-da aglaýa!—diýip, Mmur eje aglaýjak-aglaýjak bolup gepledi.

Gülälek dynman çyrlaýardy.

—Çagasyny harlap, haramlyk edip ýör, süýdi ýanan!—diýip, Mamur eje ýene öz ýanyndan Selbinýaz gelnejeme sögündi.—Dogurjak bolýandyr bagtygara häzir!

Men Mamur ejäniň: «Dogurjak bolýandyr» diýen sözüne birhili bolup gitdim. Näme üçinligini biljek däl, şol wagt şu sözi men halamadym.

—Gülälegi bärik getiräýeýin?—diýip, men Mamur ejeden soradym.

—Bar, getir!—diýip, ol dessine razy boldy.

Men ylgap Selbinýaz gelnejemiň tamyna girdim. Gülälegiň bir özi bosaga ýapyşyp, çyrlap duran eken. Görüşmälimize esli wagt geçenem bolsa, ol maňa ellerini serip, derrew ýapyşdy. Biri alsa, razy bolarly, çagajyk. Onuň sojap-sojap aglaýşyna özümiňen bokurdagym dolup, gözlerime ýaş aýlandy. Men çagajygyň ýaňagyndan taýly gezek ogşadym-da, Mamur ejäniň ýanyna alyp bardym.

Mamur eje Gülälegi derrew gujagyna aldy.

—Wah, balamyň balajygy! Ne günler düşdi başyňa!—diýip, nalynjyrady-da, ol gyzjagazyň gözýaşlaryny süpürdi. Gapdalyndaky düwünçekden gantjagaz alyp, Gülälegiň eline tutdurdy.

Gülälek Mamur ejedenem gaçmady. Agysyny goýup, eline berlen gandy hütürdetmäge durdy.

—Balam!—diýip, Mamur eje şundan soň maňa ýüzlendi.—Gülälek jany men saklaryn. Sen başyňa meniň donumy at-da, bar, şol haramylara seret, näme edýäler!

Maňa geregem şudy. Derrew başyma mamur ejäniň donuny atdym-da, aýagyma kaloşymy geýip, tamyň arkasyna geçdim.

Tamyň arka ýüzünde, taýak atym aralykda uly peýwendi tudy bardy. Töweregine hyşa, ot-çöp biten biten bu tuduň kölegesinde ýaz aýlary Mamur eje sygryny daňardy. Selbinýaz gelnejem dagy şol ýerde eken. Özlerem uly gohdy.

—Bu çöp-çalamyň arasynda... ýylan-içýan bardyr... çaga bir zat bolar!—diýip, başlyk bilen garry daýza Selbinýaz gelnejeme ýalbarýardy.

Selbinýaz gelnejem janagyryly yňňyldap, olaryň ikisinem kowýardy:

—Gümüňizi çekiň. Dünýä inenden men muny bogup öldürjek!—diýip gygyrýardy.

Näçe ýalbarsa-da, Selbinýaz gelnejem diýen ederli däldi. Şundan soň Mömün başlyk çepiksije Selbinýaz gelnejemi çaga göteren ýaly edip, goluna aldy-da, sygyr dölä tarap ugrady. Selbinýaz gelnejem çabalanyp, baş bermejek bolýardy. Başlygyň ýüz-gözüne urýardy. Ondan birbada sypdy hem. Ýöne ol bükülip, özüni ýere goýberen çagy başlyk bilen başy donly daýza ony tutup, sygyr dölä dykdylar.

Derrewem dölede yşyk ýandy. Sygyr dölä barmaga welin, men milt etmedim. Süllümbaý bolup ezilsem-de, duran ýerimde durdum. Kän wagt geçmän, döle tarapdan iňňäleýän bäbegiň sesi eşidildi.

Men Mamur ejä tarap ylgadym. Ol meniň üst-başymy görenden, elini daldaladyp gygyrdy:

—Öýe gir! Gabyr bolsun şol. Gitme indi, gerek däl!

Men gapyda duran ýerimden:

—Sygyr dölede olar, o taýda bäbegem aglaýar!—diýip, daljygyp gepledim.

Mamur ejäniň gözleri hanasyndan çykaýjak boldy. Agzy birgeňsi gyşardy. Ýöne hiç zat diýmedi. Öňküsi ýaly ellerini gara keçä diräp doňup galdy.

Men ýene yzyma—dölä tarap ylgadym. Ýöne uzak ýöremeli bolmady. Başlyk döleden daşyna don dolanan bäbegi alyp çykdy-da, garaňkylyga siňip gitdi. Bäbek dynman iňňäleýärdi. Başlygyň yzysüre-de, hälki, başy donly daýza çykdy. Ýöne indi onuň başynda dony ýokdy. Barybir, garaňky bolansoň, men onuň nähili aýaldygyny bilip bilmedim.

Dölede yşyk öçmändi. Çaga bilesigelijiligi meni öz erkime goýmady. Nämüçindir, şol wagt Selbinýaz gelnejeme syn salasym gelýärdi. Onuň näme işleýänini görmek isledim. Baryp, döläniň agzyndan seretdim. Bir çüňkde meniň heniz görmedik çyram—dörtburçja täsin çyrajyk ýagty saçýardy.
15 лайков 134 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.